Akmaýanyň ýoly biziň Galaktikamyz

Älemiň guriuşy we ösüş ýollary. Biziň töweregimizi gurşap alan ähli ýyldyzlaryň we beýleki göze görünýän, görünmeýän asman jisimleriniň tutýan çägine Älem diýilýär. Älem barada alnan maglumatlaryň biçak köpdügine garamazdan, henize çenli onuň gurluşy, düzümi we ululygy barada belli bir düşünje ýok. Sebäbi maglumatlaryň artmagy diňe adamzadyň Älem baradaky gözýetimini giňeltmän, eýsem täze çözülmegi wajyp soraglaryň ençemesini orta atýar. Şonuň üçin asmanda görünýän ýyldyzlar Aýyň we Günüň täsin hereketleri, guýrukly hem-de süýnýän ýyldyzlaryň aram-aram görünmegi adamzatda “Älemiň merkezi Ýerdir” diýlen düşünjäniň döremegine getirýär. Älemşynaslyk ylmynda bolsa asman gümmezinde görünýän ähli ýyldyzlaryň çylşyrymly sistemasyny düzýändigi diňe XIX asyrda haçanda Gerşel ýyldyzlar dünýäsiniň gurluşy baradaky meseläni çözmek üçin, asmanyň dürli ýerlerinden saýlanylyp alnan çaklaňrak meýdanlardaky ýyldyzlary sanamak usulyny hödürläninde mälim bolýar. Şeýlelik bilen, ilkinji gezek Galaktikamyzyň takyk bolmadyk çägi anyklanyldy. Netijede, 100 milliarda golaý ýyldyzyň belli bir agyrlyk merkeziniň töweregine aýlanmagy bilen, Galaktikamyzyň emele gelendigi anyklanyldy. Açyk asmanda, Aýsyz gijelerde görünýän gözýetime çenli uzalyp gidýän buluda meňzeş giň ýyldyzlar zolagyna Akmaýanyň ýoly diýilýär.

Gün äleminiň Galaktikanyň bir çetinde ýerleşýändigi sebäpli, Galaktikanyň merkezi tarapy çaklaňja ýyldyzlar bulutlaryna meňzeş bolup görünýär. Emma teleskopda seredilende, onuň özara golaý ýerleşýän ummasyz köp ýyldyzlardan durýandygy äşgär görünýär. Akmaýanyň ýolunyň dumanlyk däldigi XVII asyrda Galileo Galileý tarapyndan açylypdyr. Akmaýanyň ýolunyň asman ekwatoryna bolan gyşyklygy sebäpli, onuň ýüpden sallanylan nalyň aýlanyşy ýaly hereket edýändigini görmek bolýar. Dykgat bilen seredilende, Akmaýanyň ýolunyň tomusda görünýän böleginiň gyşda görünýän böleginden bulutly zolaga has meňzeşdigini anyklamak bolýar. Muňa gyşyna biziň Galaktikanyň daş tarapyna, tomsuna bolsa merkezi tarapyna gözegçilik edýändigimiz sebäp bolýar. Emma gyşky asmanda has ýagty ýyldyzlar köp. Olar bize golaý ýerleşýän ýyldyzlardyr. Gün sistemasy giňligi 2 müň ýagtylyk ýylyna ýetýän Galaktikanyň Orion şahasynyň iç ýüzünde ýerleşýär. Şonuň üçin gyşyna giňligi 2 müň ýagtylyk ýylyna ýetýän Orion şahasynda ýerleşýän has ýagty ýyldyzlar görünýär. Tomsuna bolsa Galaktikanyň esasy tekizligi buluda çalym edip görünýär.

Akmaýanyň ýolunyň ortasyndan geçýän tekizlige Galaktikanyň ekwatory diýilýär. Diýmek, Akmaýanyň ýoluny synlamak bilen biz Galaktikanyň ekwatorynyň golaýynda ýerleşýän ýyldyzlary synlaýarys. Gün sistemasy Galaktikanyň ekwator tekizliginden 25 parsek demirgazykda we onuň merkezinden bolsa 10 000 parsek uzaklykda ýerleşip, Galaktikanyň merkeziniň töwereginde, takmynan, 250 km/s tizlik bilen hereket edýär. O1 Galaktikanyň töwereginde bir aýlawy 180 million ýylda tamamlaýar. Günüň çäginde Galaktikanyň dartyş güýjünden sypmak üçin 360 km/s tizlik bilen hereket etmeli. Şol sebäpli Günüň hereketi bilen ugurdaş tarapa goýberilen kosmos serişdesiniň tizligi Günüň tizliginden 110 km/s uly bolmalydyr.

Akmaýanyň ýolunuň Guw ýyldyzlar toparynyň golaýynda garaňky buluda meňzeş ýerlerini görmek bolýar. Şol ýyldyzlar toparynyň çäginde Akmaýanyň ýoly ikä bölünip başlaýar. Ýyldyzlar zolagy asmanyň günorta ýarym togalagynda ýene-de birleşýär. Akmaýanyň ýolunyň ikä bölünen ýaly bolup görünmegi ondaky ýyldyzlaryň töwereginde kosmos tozanlarynyň toplanmagyndan bolýar. Ikä bölünme hadysasy Içýan we Abdalgolak ýyldyzlar toparlarynyň töwereklerinde, ýagny Galaktikanyň merkeziniň töwereginde has hem oňat görünýär.

Galaktikanyň düzümi we gurluşy. Adamzadyň biliminiň artdygyça, onuň aňynda, ilki bilen, daş-töwerekdäki we asmandaky jisimlere degişli soraglar köpelýär. Dunnuşyň talabyna laýyklykda, gije-gündiziň, pasyllaryň çalyşmagy, ugry kesgitlemek, Aýyň, Günüň tutulmagynyň sebäpleri we başga-da ençeme soraglar ýüze çykýar. Olaryň köpüsi Ýer bilen baglydyr. Adamyň bilesigelijilik häsiýetiniň has güýçlüdigi sebäpli, wajyp soraglaryň ençemesi bilen bir hatarda, täze, has möhüm soraglar ýüze çykýar. Şeýlelik bilen, adamda Ýer-Gün sistemasy we ýyldyzlar barada düşünjeler döräp başlaýar. Ýerden has uzakdaky jisimler barada döreýän sowallar şonça-da täze gurluşlaryň, ajaýyp tebigy jisimleriň bardygyny görkezip başlaýar. Şeýle gymmatly maglumatlar baradaky ýazgylar dura-bara has könelipdir. Şeýlelikde, XX asyryň ahyryna çenli alnan maglumatlara görä, Ýer, beýleki planetalar we uly-kiçi jisimler bolup Gün sistemasyny döredýärler. Gün bolsa beýleki görünýän we görünmeýän ýyldyzlar, ýyldyzara tozanlar bolup, biziň Galaktikamyzy emele getirýär. Galaktikalar öz gezeginde Metagalaktikany, ýagny Älemi döredýär diýen netijä gelnipdir. Galaktikalaryň Metagalaktika bolan goşantlary özara tapawutlydyr. Çünki Älemde birmeňzeş Galaktikalar seýrek duş gelýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top