Natural sanlary deňeşdirmek

Sanalanda, natural sanlar tertip boýunça atlandyrylýarlar:1; 2; 3; 4; 5; 6; 7; 8; 9; … Iki natural sanyň öňürti atlandyrylýany kiçidir, soňra atlandyrylýany bolsa uludyr. 4 san 7-den kiçidir, 8 san bolsa, 7-den uludyr. Nol 1-den kiçidir.

Iki sany deňeşdirmegiň netijesi < (kiçi) we > (uly) belgileri ulanmak bilen, deňsizlik görnüşinde ýazylýar. Meselem, 4 < 7; 8 > 7. 3 san 6-dan kiçi, 2-den bolsa uly. Bu goşa deňsizlik görnüşinde 2 < 3 < 6 ýaly ýazylýar. Nol birden kiçi bolany üçin şeýle ýazylýar: 0 < 1.

Köpbelgili sanlary şeýle deňeşdirýärler:

1) eger iki natural sanyň sifrleriniň sany dürli bolsa, onda sifrleriniň sany uly bolan san uludyr. Meselem, 2305 san 984-den uludyr, sebäbi 2305 dörtbelgili, 984 bolsa üçbelgili san: 2305 > 984;

2) eger iki natural sanyň sifrleriniň sany deň bolsa, onda iň uly razrýaddaky birlikleriniň sany uly bolany uludyr. Eger birlikleriniň sany şol razrýadda deň bolsa, onda bir basgançak pes razrýadyň birlikleri deňeşdirilýär we ş.m. Meselem, 2305 we 1178 dörtbelgili sanlardyr. 2305 > 1178, çünki birinji sandaky müňlükleriň sany ikinji sandakydan uly. 2305 we 2186 dörtbelgili sanlarda müňlükleriň sany deň, emma ýüz lükleriň sany birinji sanda uly, şoňa görä-de, 2305 > 2186.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 5-nji synplar üçin «Matematika» dersi boýunça okuw kitaby, 2017

Teswir ýaz

Scroll to Top