Fizik-matematik alym Ishak Nýutonyň eden işleri

Ishak Nýuton mehanikanyň we astronomiýanyň nazary esasyny döreden, bütindünýä dartylma kanunyny açan, differensial we integral hasaplamany (G. Leýbnis bilen bir hatarda) işläp düzen, zerkal teleskopy oýlap tapan iňlis fizigi we matematigidir. Ol optikadan möhüm eksperimental synag işleriň hem awtorydyr. I. Nýuton fermeriň maşgalasynda dogulýar. I. Nýutonyň kakasy onuň dünýä inmeginiň öňüsyrasy aradan çykýar. 12 ýaşynda I. Nýuton Grantem mekdebinde okap başlaýar. 1661-nji ýylda Kembrij uniwersitetiniň Triniti kollejine gazanç üçin kollejdäki ýumuşlary ýerine ýetirýän talyp (subsaýzer) hökmünde girýär. Bu ýerde onuň mugallymy belli matematik I. Barrou bolupdyr. 1665-nji ýylda I. Nýuton uniwersiteti tamamlap, bakalawr derejesini alýar. Ol 1665-1667-nji ýyllarda differensial we integral hasaplamalary döretmegiň esasy ideýalaryny jemleýär, zerkal teleskopy oýlap tapýar, bütindünýä dartyş kanunyny açýar we ýagtylygyň dargamagy baradaky tejribäni geçirýär. 1668-nji ýylda I. Nýuton magistr derejesine mynasyp bolýar. 1669-njy ýylda I. Barrou oňa fizika-matematika kafedrasyny berýär we I. Nýuton onda 1701-nji ýyla çenli işleýär. 1687-nji ýylda I. Nýuton «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» diýen uly göwrümli, düýpli işini çap edýär. 1699-njy ýylda zikgehananyň ömürlik müdiri bolýar. Ol şol ýylda Pariž Ylymlar akademiýasynyň daşary ýurtly agzasy hökmünde saýlanylýar. I. Nyuton iňlis milli panteonynda jaýlanýar. I. Nýutonyň ylmy döredijiliginiň iň ýokary belentligi «Başlangyçlardyr». Onda I. Nýuton özünden öňki alymlaryň işlerini we öz hususy barlaglarynyň netijelerini jemleýär. Şeýlelikde, ol birinji gezek ýer we asman mehanikasynyň ýeke-täk düzgünleşdirilen bitewi ulgamyny döredýär. Ol ulgam soňra tutuşlygyna nusgawy fizikanyň esasyny düzýär. l. Nýutonyň ähli işleriniň netijeleri onuň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary», «Tükeniksiz köp agzaly deňlemeleriň kömegi bilen analiz», «Flýuksiýa metody…», «Egrileriň kwadraturasy barada oýlanma», «Üçünji tertipli egrileri sanamak», «Ählumumy arifmetika», «Tapawutlar metody» we ş.m. işlerinde jemlenendir.

Toplan  we taýýarlan Mahym Allaberdiýewa

Çeşme: «Bilim» žurnaly, 5/2021.

Teswir ýaz

Scroll to Top