San we harply aňlatmalar

1-nji mesele. Otly iki gün ýöredi. Birinji gün ol 980 km, ikinji gün bolsa şondan 50 km köp ýol geçdi. Otly iki günde näçe kilometr ýol ge-çipdir?

Çözülişi. Otly ikinji gün 980 + 50 kilometr ýol geçipdir. Diýmek, ol iki günde 980 + (980 + 50) kilometr ýol geçipdir. 980 + (980 + 50) ýazgy san aňlatmasydyr. Meseläniň jogabyny almak üçin düzülen san aňlatmasyndaky amallary ýerine ýetirip, 2010-y, ýagny şol aňlatmanyň bahasyny alarys. Diýmek, otly iki günde 2010 km ýol geçipdir.

San aňlatmasyndaky amallary ýerine ýetirip alynýan sana şol aňlatmanyň bahasy diýilýär.

2-nji mesele. Otly iki gün ýöredi. Birinji gün ol 980 km, ikinji gün bolsa şondan 65 km köp ýol geçdi. Otly iki günde näçe kilometr ýol geçipdir?

Bu meseläniň jogabyny almak üçin, 980 + (980 + 65) san aňlatmasynyň bahasyny tapalyň:

980 + (980 + 65) = 980 + 1045 = 2025. Diýmek, otly iki günde 2025 km ýol geçipdir.

2-nji mesele 1-nji meseleden diňe 50 sanyň 65 sana çalşyrylanlygy bilen tapawutlanýar. 1-nji meseledäki 50 we 2-nji meseledäki 65-i n harpy bilen çalşyryp, aşakdaky meseläni alarys.

3-nji mesele. Otly iki gün ýöredi. Birinji gün ol 980 km, ikinji gün bolsa şondan n km köp ýol geçdi. Otly iki günde näçe kilometr ýol geçipdir?

Bu meseläni çözmek üçin aňlatma şeýle ýazylýar: 980 + (980 + n).

Bu aňlatma harply aňlatmadyr. Eger bu aňlatmada n = 50 bolsa, onda 1-nji meseläni çözmek üçin düzülen san aňlatmasy, n = 65 bolsa, onda 2-nji meseläni çözmek üçin düzülen san aňlatmasy alnar.

Harplardan we sanlardan düzülen aňlatma harply aňlatma diýilýär. Ol aňlatmada harplar dürli sanlara deň bolup bilerler. Harpyň ornuna goýup bolýan sanlara şol harpyň bahalary diýilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 5-nji synplar üçin «Matematika» okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top