«SAT» synagy barada

SAT – bu ýokary okuw mekdeplerine giriş synagynyň bir görnüşi bolup, wezipesi okuwçynyň ýokary bilim almaga taýynlyk derejesini ölçemekdir. Synagyň taýýarlanýan binasy ABŞ-da ýerleşip, bu bilim edarasy «College Board» diýlip atlandyrylýar. Synag diňe ABŞ-daky däl, eýsem dünýäniň ençeme künjegindäki ýokary okuw mekdepleri tarapyndan kabul edilýär. Biz hem okyjylarymyza has düşnükli bolar ýaly, makalamyzy aşakdaky toparlara bölmegi makul bildik.

  • Synaga kimler gatnaşyp bilýär?
  • Synag nämelerden ybarat?
  • Synagyň wagtlary
  • Synagyň tölegi
  • Synaga gatnaşanlardan maslahatlar we taýýarlyk üçin edebiýatlar

 

Synaga kimler gatnaşyp bilýär?

Makalamyzyň başynda agzap geçişimiz ýaly, SAT synagy ABŞ-da we dünýäniň ençeme ýurtlarynda kabul edilýär. Ýöne bu «islendik ýokary okuw mekdebine SAT synagy bilen girmek bolar» diýmegi aňlatmaýar. Şol sebäpli, ilkinji nobatda edilmeli möhüm zatlaryň biri göz öňünde tutýan ýokary okuw mekdebiňiziň ýa-da okamak isleýän ýurduňyzyň ýokary okuw mekdepleriniň internet sahypalaryna girip, sizden haýsy synaglary talap edýändigini anyklamakdyr.

Ýa bolmasa, saýlan ýokary okuw mekdebiňiziň SAT synagyny kabul edip etmeýändigini bilmek üçin, SAT-yň resmi internet sahypasy bolan collegeboard.com tarapyndan çap edilen uniwersitetleriň sanawynyň arasyndan öz saýlan uniwersitetiňizi tapyp bilersiňiz.

Uniwersitetleriň sanawyny ýüklemek üçin şu ýere basyň.

 

Synag nämelerden ybarat?

Synag 4 bölümden ybarat bolup, olar üçin jemi 3 sagat berilýär. Eger siz SAT-yň düzme ýazylýan görnüşini saýlan bolsaňyz, synag 3 sagat 50 minut dowam edýär.

  • Tekst – 52 sorag (65 minut)
  • Ýazuw – 44 sorag (35 minut)
  • Matematika (hasaplaýjysyz) – 20 sorag (25 minut)
  • Matematika (hasaplaýjyly) – 38 sorag (55 minut)
  • Düzme ýazmak (islege görä) – (50 minut)

 

Synagyň wagtlary

ABŞ-da ýylda 7 gezek, beýleki ýurtlarda 4 gezek geçirilýär.

Synaglar 2019-njy ýylda şu senelerde geçirilýär:

  • 4-nji maý
  • 1-nji iýun
  • 24-nji awgust (çaklanylýar)
  • 5-nji oktýabr (çaklanylýar)

 

Synagyň tölegi

  • SAT – 47,50 dollar
  • Düzmeli SAT – 64,50 dollar
  • Aziýalylar üçin synaga giriş tölegi – 47 dollar

Jemläp aýtsak:

SAT – 94,50 dollar

Düzmeli SAT – 111,50 dollar

 

Synaga gatnaşanlardan maslahatlar we taýýarlyk üçin edebiýatlar

Taýýarlyk barada aýdanymyzda, SAT size birbada kyn görnüp biler. Şular ýaly ýagdaýlarda yza tesmezlik zerurdyr. Amaly (praktiki) synaglarda goýberilen ýalňyşlardan sapak çykarmak bilen, siz özüňizde ösüşiň şaýady bolarsyňyz.

Synag bütin dünýäde uly täsire eýe bolandygy sebäpli, taýýarlyk üçin edebiýatlaryň birnäçesine duşmak bolýar. Biz hem şol edebiýatlaryň içinden iň peýdalylaryny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik.

  • «Official SAT Study Guide 2018» – synagy taýýarlaýanlar tarapyndan hödürlenýän resmi kitapdyr. Iň möhüm zat kitabyň içinde hakyky SAT synagyna meňzeş 8 sany amaly synagyň bolmagydyr.

Ýüklemek üçin şu ýere basyň.

  • «Dr. Jang’s Math Workbook» – synagyň matematika bölegine taýýarlanmak üçin iň gowy kitaplaryň biridir. Onuň iň peýdaly taraplarynyň biri hem her mowzuga degişli mysallara we soraglara baý bolmagydyr.

Ýüklemek üçin garaşyň. Entek saýtda ýerleşdirilmedi.

  • «1000 SAT Words» – synagyň iňlis dili böleklerinde köp duş gelýän 1000 söz.

Ýüklemek üçin şu ýere basyň.

Hormatly okyjylar!

Eger siziňem SAT synagyna taýýarlanmak barada berip biljek maslahatlaryňyz ýa-da peýdaly hasaplaýan edebiýatlaryňyz bar bolsa, biziň bilen paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Taýýarlan Meýlis Mätiýew

“«SAT» synagy barada” barada 2 pikir

  1. Men 2014-de SAT synaga girdim şol wagt $95 töläpdim. SAT bize Ylham alleýanyň ýanyndaky Grand Hotel-de bolupdy. Döwlet olimpiýadalaryna gatnaşýandygym üçin Matematikama göwnim ýetip diňe iňlis diline üns berip egzamine girdim (wagtym hem çäklidi elbetde) Matematika netijäm 800 baldan 660, Inlis dilinden 800 baldan 460. Ýagny bu ýerde meniň maslahatym Köpüräk dostlaryňyz bilen öz araňyzdan SAT testini birnäçe gezek geçirmek(naçe köp bolsa şonça gowy). Egerde tölemäge ýagdaýyňyz bar bolsa onda 10-njy hemde 11-nji synplarda bu teste giriň(soňky okuw ýyllarynda 1 gezekden).

    Makala üçin awtora “Meýlis Mätiýew” köp sagbolsun aýtýan. SAT – synagyna okuwçylar bilen bile taýýarlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýan.

    1. Sizede sag boluň! Makalada hem belläp geçişimiz ýaly, SAT görnüşli synaglarda esasy üns berilmeli zat tejribe. Meniň pikirimçe bular ýaly synaglara öz häzirki bilýän zatlaryňa daýanyp taýýarlyksyz gitmek ýalňyşmyka diýýän. Şol sebapli collegeboard.com saýdyndaky amaly synaglaryň hemmesini çözüp we özleşdirip soň synaga girmegi maslahat berýäris.

Teswir ýaz

Scroll to Top