Sudoku

Sudoku näme? Sudoku nädip oýnalýar? Sudokunyň peýdalary näme?

Ine, sudoku hakda hökman bilmeli maglumatlaryňyz…

 

SUDOKU NÄME?

Sudoku 9×9 grafikada çözülýän we 1-den 9-a çenli sanlaryň her setirde, sütünde we 3×3 gutularda 1 gezek ýerleşdirilýän oýundyr.

Sudoku dürli ýaşdaky adamlaryň aňsatlyk bilen öwrenip biljek oýnudyr. Ýaponiýada çykan bu oýun «suuji wa dokushin ni kaguru» (sanlar ýeke-täk bolmaly) ýapon sözleriniň utgaşmasyndan «sudoku» adyny alýar.

 

SUDOKU NÄDIP OÝNALÝAR?

Oýnuň maksady – sanlary hiç hili gaýtalamazdan, 9 öýjükden ybarat 9 deň kwadrata bölünen meýdanda sanlary tertiplemek. Her setirde we her sütünde 1-den 9-a çenli sanlary diňe bir gezek ulanyp, olary ýerleşdirip çykmaly. Edil şular ýaly, 1-den 9-a çenli sanlar goýy çyzyklar bilen bölünen her gutuda bir gezek ulanylmaly.

Sudoku 4×4, 6×6, 9×9 ýaly köp ululykda oýnalýar.

Ähli sudoku görnüşleriniň üç esasy düzgüni bardyr:

  • Her setirde ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek ulanylmaly.
  • Her sütünde ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek ulanylmaly.
  • Her gutuda ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek ulanylmaly.

 

SUDOKUNYŇ PEÝDALARY NÄME?

Sudoku zehiniňi güýçlendirýän oýundyr. Yzygiderli oýnaýan adamlarda beýnidäki egrileriň köpelmegine, wakalara dürli nukdaýnazardan garamaga, meseleleri çözmek ukybyny gazanmaga we aňsat çözgüt tapmakda kämilleşmäge kömek edýär.

Şeýle hem, sudoku:

  • Ünsi güýçlendirýär;
  • Döredijiligi artdyrýar;
  • Beýnini rahatlandyrýar we gaýgyny (stres) peseldýär;
  • Matematika degişli meseleleri çözmek ukybyny ýokarlandyrýar;
  • Ýady ösdürýär.

 

Sudoku we çözgüdi

Çeşme: Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswir ýaz

Scroll to Top