Natural sanlary razrýadlaýyn we sütünleýin goşmak

Ilki bilen goşmagyň häsiýetlerinden peýdalanyp, sanlary razrýadlaýyn goşmaklyga garalyň. 2641 we 5237 sanlary goşalyň. Şonuň üçin bu sanlary razrýadlar boýunça dagydalyň.

Goşmagyň orun çalşyrma we utgaşdyrma häsiýetlerini ulanyp, alarys:

Natural sanlary sütünleýin hem goşup bolýar. Şonuň üçin razrýadyň birlikleri bellibir sütünde ýerleşer ýaly edip, berlen sanlar biri-biriniň aşagynda ýazylýar.

Soňra sagdan başlap, birinji sütüniň sifrleriniň jemi ýazylýar. Eger bu jem 9-dan kiçi bolsa, onda ol gözlenilýän jemiň birlikleriniň sifri hökmünde ýazylýar. Eger ol 9-dan uly bolsa, onda onuň birlikleri birlikleriň ornunda ýazylýar, onluklar bolsa ikinji sütüne goşulýar. Her bir sütün üçin şunuň ýaly düzülip, şunlukda soňky sütüne gelinýär. Meselem,

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 5-nji synplar üçin «Matematika» okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top