Natural sanlar we nol. Natural sanlaryň ýazylyşy we okalyşy.

Kitaphanadaky kitaplary, mekdepdäki oturgyçlary, sürüdäki goýunlary we ş. m. sanamak üçin natural sanlar ulanylýar.

Predmetler sanalanda ulanylýan sanlara natural sanlar diýilýär.

1; 2; 3; 4; 5; 6; 7; 8; 9; 10; 11; 12… sanlar natural sanlardyr. Nol natural san däldir. Natural sanlar örän köpdür. Iň kiçi natural san 1-dir, iň uly natural sany görkezmek mümkin däldir.

0; 1; 2; 3; 4; 5; 6; 7; 8; 9 sanlar sifrler diýip atlandyrylýar. Bu on sifriň kömegi bilen islendik natural sany ýazyp bolýar. Meselem, 2508 natural san 0, 2, 5, 8 sifrleriň kömegi bilen ýazylandyr.

Sanlaryň 0; 1; 2; 3; 4; 5; 6; 7; 8; 9 sifrleriň kömegi bilen ýazylan ýazgysyna onluk ýazgy diýilýär.

Sanyň onluk ýazgysynda sifriň bahasy onuň haýsy orny eýeleýändigine bagly. Meselem, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk alan ýyly 1991 natural san bilen ýazylýar. Bu sanda 1 we 9 sifrler iki gezek ýazylyp, dürli orunlary eýeleýärler. Ahyrky orunda duran 1 sifr bir birligi, iň öňde duran 1 sifr bolsa bir müňlügi aňladýar.

0 (nol) sanyň onluk ýazgysynda haýsy-da bolsa, bir razrýadyň ýokdugyny aňladýan bahasyz sifrdir. Meselem, 309 sanda ikinji razrýadyň birligi (onluk) ýokdur.

Eger 999999 sana 1-i goşsaň, million diýip atlandyrylýan 1000000 san, 999999999 sana 1-i goşsaň bolsa milliard diýip atlandyrylýan 1 000 000 000 san emele geler.

1 000 000 – bir million

1 000 000 000 – bir milliard

Sifrler bilen ýazylan uly sanlary okamak üçin, ony sagdan çepe tarap, her birinde üç sifr bolan toparlara bölmeli. Iň çepdäki topar bir ýa-da iki sifrden hem ybarat bolup biler. Şol toparlara klaslar diýilýär.

Sagdan ilkinji üç sifr birlikler klasyny, indiki üç sifr müňlükler klasyny düzýär. Bulardan soň millionlar, milliardlar we beýleki klaslar gelýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 5-nji synplar üçin «Matematika» dersi boýunça okuw kitaby, 2017

Teswir ýaz

Scroll to Top