Pifagor 

Pifagor Samosskiý (b. e. öň takmynan 570-500) – gadymy grek akyldary, dini we syýasy işgäri, pifagoreizmi esaslandyryjy. Pifagor barada her hili rowaýatlar ýaýrap, şolarda ol pähimli adam, bütin antiki we Ýakyn Gündogar ylmynyň mirasdary, “gudratly” adam hökmünde suratlandyrylýar. Ol ilki Samos adasynda ýaşaýar, soňra rehimsiz hökümdar Polikratyň syýasy garşydaşy bolany üçin, Günorta Italiýadaky Kroton şäherine gidýär. Pifagor şol şäherde öz yzyna eýerijileriň ýapyk dini soýuzyny esaslandyrýar, olar Pifagora “keramatly” ynsan hökmünde hormat goýupdyrlar.

Matematika babatda bolsa geometrik subutnamalaryň yzygiderli girizilmegini, gönüçyzykly figuralaryň planimetriýasynyň gurulmagyny, meňzeşlikler baradaky taglymatyň döredilmegini, onuň ady dakylan teoremanyň (Pifagoryň teoremasynyň) subut edilmegini, başga-da köp zatlary Pifagoryň ady bilen baglanyşdyrýarlar.

Pifagoryň teoremasy

Geometriýada gönüburçly üçburçlugyň taraplarynyň arasyndaky baglanyşyklary görkezýän teorema. Bu teoremany gadymy grek alymy Pifagor subut edýär. Ilkibaşda bu teorema gönüburçly üçburçlukda gipotenuzada gurlan kwadrat, katetlerde gurlan kwadratlaryň jemine deň ululyklydyr diýip, kwadratlaryň meýdanlarynyň arasyndaky baglanyşygy görkezýärdi, ýöne bu teorema aşakdaky ýaly gysgaça alynýar: şol bir birlikde gönüburçly üçburçlugyň katetleriniň kwadratlarynyň jemi gipotenuzanyň kwadratyna deňdir. Eger üçburçlugyň bir tarapynyň kwadraty onuň beýleki iki tarapynyň kwadratlarynyň jemine deň bolsa, onda şeýle üçburçluk gönüburçly üçburçlukdyr diýip tassyklaýan ters teorema hem dogrudyr.

Çeşme:

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 7, sah.92

Wikipediýa

gollanma.com

Teswir ýaz

Scroll to Top