Natural sanlary goşmak we onuň häsiýetleri

Eger islendik natural sana 1-i goşsak, onda onuň yzysüre gelýän natural san alnar. Meselem, 1 + 1 = 2; 5 + 1 = 6; 99 + 1 = 100. Indi 5 we 2 sanlary goşalyň: 5 + 2 = 5 + 1 + 1 = 6 + 1 = 7. Diýmek, 5 + 2 = 7.

Goşulýan sanlara goşulyjylar, sanlar goşulanda, alynýan netijä olaryň jemi diýilýär. 5 + 2 = 7 ýazgyda 5 we 2 sanlar goşulyjylar, 7 san bolsa jemdir.

Goşmak amalynyň häsiýetlerine garalyň.

  1. Goşulyjylaryň orny çalşyrylanda, jem üýtgemeýär. Meselem, 5 + 4 = 9 we 4 + 5 = 9. Diýmek, 5 + 4 = 4 + 5. Bu goşmagyň orun çalşyrma häsiýetidir.
  2. Birinji we ikinji sanlaryň jemine üçünji sanyň goşulmagy, birinji sana ikinji we üçünji sanlaryň jeminiň goşulmagyna deňdir.

Meselem,

(3 + 8) + 6 = 11 + 6 = 17; 3 + (8 + 6) = 3 + 14 = 17. Diýmek, (3 + 8) + 6 = 3 + (8 + 6). Bu goşmagyň utgaşdyrma häsiýetidir. (3 + 8) + 6 ýazgy 3 + 8 + 6 ýaly hem ýazylýar. 3 + 8 + 6 ýazgyda goşmak ýazylan tertibinde çepden saga ýerine ýetirilýär.

  1. Islendik sana noluň goşulmagy bilen ol san üýtgemeýär. Meselem, 9 + 0 = 9, 9 + 0 = 9 bolany üçin, 0 + 9 = 9. Diýmek, nola haýsy bolsa-da bir sany goşsaň, jemde şol sanyň özi alnar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 5-nji synplar üçin «Matematika» okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top