Gözegçilik etmek

Mekdepde, maşgalada käwagt işe imrikdirmek maksady bilen çagalara köp ýumuş tabşyrýarlar. Çagalar şol buýrulan işi ahyryna çenli göwnejaý ýerine ýetirýärmi ýa-da ýok, oňa gözegçilik bolsa etmeýärler. Zol gaýtalanýan ýumuşlar bolsa çagany irizýär, ýadadýar. Netijede ol işini geldi-geçer ýerine ýetirýär. Onda soňabaka geleňsizlik häsiýeti peýda bolýar. Çagalara iş buýranyňda onuň bitiren işine gözegçilik etmeli. Işi gowy ýerine ýetiren bolsa berekellasyny ýetirmeli, kemçiligi bar bolsa, düzetmegiň ýollaryny salgy bermeli, sebäbi çaga özüniň her bir işine, hereketine üns berilmegini gowy görýär, isleýär.

Her bir ata-ene, mugallym çagalara tabşyrylan ýumuşlaryň wagtynda kemsiz-köstsüz berjaý edilmegi üçin yzygiderli gözegçilik etmelidir. Gözegçilik talap edijilik häsiýetde bolman, adalatlylyk hem şahsy göreldä ýugrulan bolmalydyr.

Kakasy Ýazla mellegiň agdarylan ýerindäki çaşyp ýatan hapa-haşal otlary aýyrmagy tabşyrdy. Ýazly otlaryň iri-irilerini çöpläp çykdy-da, bir gyrada güýmenen bolup köp oturdy. Oglunyň bolup oturşyny häliden bäri synlap duran kakasy ýer agdarýan iki gulakly pilini ýere goýdy-da, Ýazlynyň ýanyna geldi:

— Nätdiň oglum!

— Boldum kaka.

— Berekella!

Kakasy daş-töweregine garanjaklap, elini salgady-da:

— Han-ha, ol ýerde otlaryň kiçijek kökleri galypdyr. Ine, bu ýerde-de bar. Bulary çöpläp aýyrmasak, geljekde ýene çykar. Ýaýrap köpeler, ekine zyýan berer. Ýekeje hapa-haşal ot galdyrman alsak, geljek ýyl bu ýerden gowy hasyl alarys, şeýle dälmi?! — diýdi.

Ýazly makullaýan görnüşde baş atdy-da, höwes bilen galan hapa-haşal otlaryň birinem galdyrman çöpläp ugrady. Çagalara ýumuş tabşyranyňyzda soňuna çenli gözegçilik etmegi ýatdan çykarmaly däl.

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

Teswir ýaz

Scroll to Top