Terbiýe

Çaga görenini öwrener

Eger çaga dowamly köteklenen bolsa, Ýazgarmagy we aýyplamagy öwrener.   Eger üstünden gülnüp, kemsidilen bolsa, Sussupesligi, çekinjeňligi öwrener.   Eger çaga ýigrençden doly gurşawda ýetişse, Dikleşmegi, dawalaşmagy öwrener.   Eger mydama utanç esasynda terbiýelenen bolsa, Özüne günä ýöňkemegi öwrener.   Eger çaga mylakatlylyk bilen ýetişdirilen bolsa, Sabyrly, kanagatly bolmagy öwrener.   Eger her işinde goldaw […]

Çaga görenini öwrener Giňişleýin oka »

Gowy görelde görkeziň!

Sen öz etmeli işiňi et-de, ýoly ýagtylt! Deňziň kenaryndaky maýaklar ýaly bolma! Asla tolkuna üns berme! Sebäbi wyždan irde-giçde oýanar. Hakykatyň tohumy ýekeje gezek ýürege ekilsin, şonuň özi ýetik! ***   Başlangyç synpdaky okuwçylar köplenç mugallymlaryň edýän hereketlerini özlerine kabul edýärler. Başardygyndan mugallymlary ýaly gürlemäge, olar ýaly ýazmaga, olar ýaly oturmaga we ýöremäge çalyşýarlar. Olar

Gowy görelde görkeziň! Giňişleýin oka »

Halanmaýan mugallymyň esasy aýratynlyklary

Ş. Littler we F. Buklles ýaly pedagoglar halanmaýan mugallymyň aýratynlyklaryny seljeripdirler. Halanmaýan mugallymyň aýratynlyklaryny, munuň şeýle bolmagynyň sebäplerini öwrenipdirler we şeýle netije çykarypdyrlar: Okatmagyň usullaryny göwnejaý ulanyp bilenok; Synpyň içinde tertip-düzgüni saklap bilenok; Okadýan sapagy boýunça hünär taýýarlygy pes; Zehininden peýdalanyp bilenok; Üstünlik gazanmak üçin janyny agyrdanok; Özbaşdak dogry we dürs kararlar alyp bilenok; Aň-düşünjesi

Halanmaýan mugallymyň esasy aýratynlyklary Giňişleýin oka »

Abraham Linkolndan oglunyň mugallymyna hat

Oglum şu gün okuwa başlaýar. Ol birbada ýadyrgar, käbir zatlary geň görer, öwrenişýänçä az-kem wagt gerek bolar. Başdangeçirmeleri ony başga-başga dünýälere alyp gider. Şonda ol belki uruş-söweşleriň, gam-gussalaryň hem üstünden barar. Beýle durmuşda ýaşamak üçin bolsa oňa ynam, söýgi, batyrgaýlyk zerurdyr. Şonuň üçinem, hormatly mugallym, sizden etjek haýyşym: oglumyň elinden tutup, oňa ähli bilmeli zatlaryny

Abraham Linkolndan oglunyň mugallymyna hat Giňişleýin oka »

Mähirliligiň üstünlige täsiri

Jemgyýet we onuň ösüşi barada ders berýän bir professor talyplaryny ýurduň çetki etraplarynyň birine iberýär we ol ýerde ýaşaýan 200 oglanjygyň şol wagtky ýagdaýyny derňäp, her bir çaganyň geljegi barada çaklamalaryny ýazmagy tabşyrýar. Talyplaryň ählisi diýen ýaly, düýpli derňewlerden soňra: – “Bu çagalaryň geljegi barada oňyn pikir etmek mümkin däl.” – diýen netijä gelýär. Aradan

Mähirliligiň üstünlige täsiri Giňişleýin oka »

Bambuk agajy

Hytaýlylaryň bambuk agajyny nädip ösdürip ýetişdirýändiklerini bilýärsiňizmi? Ilki, agajyň tohumyny ekýärler, suwarýarlar we dökünleýärler. Birinji ýyl tohumda hiç hili üýtgeşme bolmaýar. Soňra, tohum täzeden suwarylýar-da, ýene dökünlenýär. Bambuk agajy ikinji ýyl hem ýerden dömüp çykmaýar. Üçünji we dördünji ýyl diýlende, her ýylky iş gaýtalanyp, bambuk agajynyň tohumyna ýene suw hem dökün berilýär. Emma tohum şonda-da şinelemeýär. Hytaýlylar uly sabyr

Bambuk agajy Giňişleýin oka »

“Diňe men… başga hiç kim!”

Ençeme wagtdan bäri men internetde, esasan hem käbir sosial ulgamlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip, ulaldyp, gözlerini çenden aşa gara sürmä boýap, uýat ýerlerini görkezýän köýnekleri geýip düşen suratlaryny internetde paýlaşýarlar. Oglanlar bolsa öz maşynlarynyň markasyny, gymmat köwüşlerini we sagatlaryny,

“Diňe men… başga hiç kim!” Giňişleýin oka »

Boş guty

Sowgadyň daşyna dolanýan gymmatbahaly kagyzy zaýalany üçin, kakasy üç ýaşlyja gyzyna käýemek käýäpdir. Gyzjagaz, hakyt, şol ullakan, altynsöw, ýalpyldawuk kagyzy buýr-bulaşyk edip, öýde dereksiz ýatan gutularyň biriniň daşyna dolaýan eken. Ertesi ir bilen gyzjagaz gutyny getirip, kakasyna uzadypdyr-da: – Kaka, bu saňa – diýipdir. Kakasy şonda «düýn öteräk geçäýdim öýdýän» diýip gyýlypdyr. Öz eden hereketine

Boş guty Giňişleýin oka »

Scroll to Top