Terbiýe

Süýji ýylgyryş

Ýylgyryş, beýik Taňrynyň adama eçilen iň ajaýyp gözelligidir, täsinligidir. Kimdir biriniň aýratynam kiçijik bäbejigiň owadan ýylgyryp bakyşyny göreniňde adamyň göwni göterilýär, üýtgeşik yssy mähir kalbyňy gaplap alýar, şähdiň açylýar, adamlara, durmuşa bolan söýgiň, höwesiň artýar. Durmuş gözelleşip, dünýä ajaýyplyga, ýazlyga öwrülýär. Ýylgyryş dürli hili bolup bilýär. Süýji ýylgyryş, mähirli ýylgyryş, syrly ýylgyryş, ajy ýylgyryş… Süýji, […]

Süýji ýylgyryş Giňişleýin oka »

Hörpünden turmak

Çagalaryň özboluşly dünýäsi, üýtgeşik häsiýetleri, ajaýyp arzuw-islegleri bolýar. Çaga ýüregi galplygy, aldawçylygy, nähak göwne degilmäni, sögünmäni halanok. Ol hoşniýetli, adalatly, ýüreginiň üstünden ýalaňaç ýöremegi başarýan belent adamkärçilikli adamlary gowy görýär. Körpe bilen iş salyşjagyň çynyň bolsa, onda olaryň içki dünýäsine hökman aralaşmagy, her bir zada çagalaryň gözi bilen seretmegi, çemeleşmegi olaryň hörpünden turmagy başarmaly. Obanyň

Hörpünden turmak Giňişleýin oka »

Ýakymly jümleler

Çaganyň ene-atasy bilen arasyndaky gatnaşygy onuň bütin durmuş ýoluny kesgitleýär. Ruhubelent, özüne ynamly, maksadaokgunly ynsany terbiýeläp ýetişdirmek üçin ene-atalar şu 6 sany jümläni çagalaryna günde aýtmalydyrlar. Biz seni gowy görýäris. Iki ýaşly çaga bolsun, on bäş ýaşly ýetginjek bolsun – islendik ýaşda ol özüniň gowy görülýänligini, gereklidigini bilmek isleýär. Bu sözleri eşitmek olarda özüne bolan

Ýakymly jümleler Giňişleýin oka »

Aýawlylyk, tygşytlylyk

Durmuşymyzdaky bol-elinlik şahsy we döwlet emlägini bisarpa tutmalydygyny aňlatmaýar. Şeýle bagtyň gadyryny bilmegi, baýlyklarymyzy, zatlarymyzy aýawly, tygşytly saklamagy çagalara-da ýaşlykdan öwretmelidiris. Ata-eneleriň käbiri çagasy bir zat döwse, ýyrtsa ýa-da hapalasa, zaýalasa: «Aý, çagadyr, azda-kände döwmän, zaýalaman oňmaz, täzesini alaýarys» diýip bu meselä parhsyz garaýar. Jerenjik duýdansyzlykda iýip oturan kökesini düşegiň üstüne gaçyrdy. Gyzjagaz kökesini eline

Aýawlylyk, tygşytlylyk Giňişleýin oka »

Çyzygy nädip uzaltmaly?

Mugallym synpdaky iň bir zehinli, şolbir wagtda deň-duşlaryna görübilmezçilik edýän okuwçylaryň birinden: – Näme üçin synpdaşlaryň ýasan zatlaryny bozuşdyryp galmagal turuzýarsyň? – diýip soraýar. Okuwçy: – Olaryň meni ozmagyny islämok. Synpyň iň ökde okuwçysy men bolmaly – diýip jogap berýär. Mugallym ýerinden turup, eline bir bölek hek alýar-da, tagta uzynlygy 25 santimetr bolan çyzyk çyzýar.

Çyzygy nädip uzaltmaly? Giňişleýin oka »

Kanagatly ýaşuly

Bir wagtlar özüniň sahawaty bilen meşhurlyk gazanan Hatam Taý uly zyýapat berip, gelen myhmanlara halat-serpaý baryny ýapýar. Soňra-da bir iş bilen çöle çykýar. Görse, bir garry adam arkasynda bir petde ýandagy ýükläp barýarmyş. Ýandagyň tikenleri gojanyň endamyna batyp, persala edýärmiş. Hatam Taý oňa ýüzlenip: – Ýaşuly, Hatam Taý myhman baryny çagyryp, uly zyýapat berýär, sowgat-serpaý

Kanagatly ýaşuly Giňişleýin oka »

Wagty sarpaly tutmak

Wagt adamzat üçin has gymmatlydyr. Oňa hiç kim diýenini etdirip bilenok. Onuň bilen bäsleşip biljek güýç hem ýok. Wagt saňa garaşanok. Ol peýwagtyna geçip dur. Geleňsizlik edip, wagta hormat goýmazlyk, ony bihuda geçirmek ömrüňe talaň salmakdyr. Biz häzir ösüşiň ýokary tizliginde barýarys. Wagtyň her bir sekundyny, minudyny netijeli peýdalanmak, tygşytly ulanmak altyna barabardyr. Wagty netijeli

Wagty sarpaly tutmak Giňişleýin oka »

Bilim, terbiýe we hünär saýlamak

Çagalara terbiýe bermekde mugallymlaryň göreldesi uludyr. Mekdepde her bir mugallym ýaşlara bilim bilen birlikde asylly terbiýe hem berip, maşgalada berlen terbiýäniň üstüni ýetirýär. Bu meselede ata-ene bilen mugallymyň birleşen tagallasy gerekdir. Maşgalada gowy terbiýe berilmedik çaga mekdepde mugallym tertibe çagyryp, terbiýe berjek bolsa körpe oňaýsyz ýagdaýa düşýär. Käbir ata-eneler bolsa mekdepde mugallym diňe bilim bermeli

Bilim, terbiýe we hünär saýlamak Giňişleýin oka »

Tarapyny tutmak

Käbir çaga kakabaş bolýar. Ol kimdir birine öýkünip ýaramaz işe baş goşýar, ýoldaşlary bilen uruşýar, sögüşýär, betlik edýär. Şeýle ýagdaýda kakasynyň gahary gelip, oňa igenýär, käýeýär, temmi berýär. Şol pursat ejesi: «Çagadyr, azda-kände betlik etmän bolmaz. Akyly ýetse, öz-özi goýar. Onuň üçin ýaş çaganyň göwnüne degmek bolmaz» diýip, oglunyň tarapyny tutýar. Bu meselä başgaça çemeleşýän

Tarapyny tutmak Giňişleýin oka »

Görelde

Ata-eneleriň, mugallymlaryň käbiri körpeleri öwüt-ündew bilen terbiýelejek bolup azara galýarlar. Ata-ene ertir-agşam, mugallym her sapakda çagalara yzygider akyl berýär. Irginsiz nesihatlar soňabaka çagalaryň gulagyna takal okalan ýaly bolup eşidilýär. Çaga ondan bez bolýar, diňläsi gelmeýär. Gaýtam, şol bir meňzeş maslahatlar onuň gaharyny getirýär. Perzent terbiýesinde öwüt-ündewden göreldäniň täsiri güýçlüdir. Görelde terbiýäniň maňzydyr, çünki, çaga gulagy

Görelde Giňişleýin oka »

Scroll to Top