Çagalara deň göz bilen seretmek

Maşgalada çagalaryň haýsydyr biri ata-enesi tarapyndan aýratyn üns berlip apalanýar, gowy görülýär. Beýleki birine bolsa gyýa göz bilen seredilip, ünsden düşürilýär. Nämemiş, ol özüni oňaranokmyş, ýaltamyş. Ol mydama maşgalanyň ähli agzalary tarapyndan ýazgarylýar, azar berilýär. Nämedir bir zat alnyp berlende hem ýaňky çaga kemsidilýär, çetleşdirilýär. Şeýle ýagdaý mekdep durmuşynda hem gabat gelýär.

Üns berilmeýän çagada ata-enäniň, mugallymyň ýyly mähri kemterlik edýär. Onuň ýüregi, duýgulary ýaralanýar. Ol maşgalada, synpda özüni kemsidilen, artykmaç hasaplaýar. Ulalanda öýkelek, dymma bolup ýetişýär.

Aşa köp üns berlip, apalanan çaga bolsa geljekde-de özüne mydama aşa üns berilmegini isleýär.

Galyberse-de, maşgaladaky, synpdaky çagalaryň biriniň beýlekilerinden artyk saýylmagy beýlekilerinde gysgançlyk, bahyllyk, göriplik ýaly duýgulary oýarýar. Netijede çagalar biri-birlerini ýigrenerler. Şeýle goýberilýän säwlikler körpelerde ata-enelerine, terbiýeçilerine, mugallymlaryna ýaramaz garaýyşlarynyň ýüze çykmagyna, hormat-sylagyň pese gaçmagyna alyp barýar.

Nahar başynda Sähet okuwda dört dersden bäşlik alandygyny buşlap, kakasyna gündeligini görkezdi. Ol:

— Berekella! Ogullarymyň içinde saňa taý geljegi ýokdur. Senden hökman bir zat çykar. Sen örän düşbüje. Saňa islän zadyňam alyp bererin. Doganlaryň bolsa ýalta. Olar geljekde-de özlerini oňarmaz — diýip, ortanjy oglunyň öwgüsini ýetirdi.

Gadyrly, ata-eneler, terbiýeçiler mugallymlar! Çagalaryň hemmesine deň göz bilen seredeliň. Olaryň birini gowy görüp, beýleki birini gözden salmalyň!

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

Teswir ýaz

Scroll to Top