Mähribanlaryma hat

Mähribanlarym ejem bilen kakam!

Duýgularymy we düşünjelerimi doly beýan edip bilsedim, size şulary aýtmak islärdim:

Men gün saýyn ulalyp kämilleşýärin. Siziň çagaňyz bolsamam, men düýbünden başgaça. Şonuň üçinem meni doly tanap, dogry düşünmäge çalşyň.

Birentek zady tejribe bilen öwrenýärin. Bolşuma düşünmekde kynçylyk çekmegiňiz mümkin. Näme oýun oýnajagymy, kim bilen dostlaşjagymy, nämelere güýmenjegimi, goý, özüm saýlaýyn. Meni hemme ýerde, elmydama gorap goldajak bolmaň. Eden işimiň netijesini özüm görsem, has gowy öwrenerin. Ygtyýar beriň, öz işimi özüm bitireýin. Ýogsam ulalýandygyma nädip göz ýetireýin?!

Her näçe ulalasym gelýänem bolsa, kämahal ýaşyma gelişmeýän hereketleri etmän durup bilemok. Şonuň ýalyda kän üns bermäň. Emma aýnamagyma-da ýol bermäň. Ýogsam ömür boýy çagalygyma galasym geler. Hemme islän zadymyň bolmajakdygyna düşünýärin. Ýöne siz berdigiňizçe, almanam oňup bilemok. Maňa gaýta-gaýta söz bermäň. Sebäbi sözüňizde durmasaňyz, size bolan ynamym azalýar.

Meniň bilen özüňizi takyk we tutanýerli alyp barmakdan çekinmäň. Hetdimden aşyp çyzykdan çykýandygymy görseňiz, meni çäklendiriň. Goýýan kada-kanunlaryňyzyň edil hemmesini halaýaryn diýip biljek däl. Ýöne hiç hili çäklendirilmän, öz erkime goýberilsemem, näme etjegimi bilmän bulaşýaryn. Aýdýan zatlaryňyz zol üýtgäp dursa aljyraýaryn, emma bu ýagdaýdan peýdalanmanam durup bilemok.

Öwüt-nesihatlaryňyza garanda, hereketleriňizden has köp täsirlenýändigimi unutmaň. Meni terbiýeleýärkäňiz, käwagt ýalňyşyp bilersiňiz. Muny çalt ýadymdan çykarýaryn. Emma biri-biriňize sylagyňyzyň hem-de söýgiňiziň azalýandygyny görmek weli maňa juda agyr degýär, asla ynjalyk berenok.

Meniň bilen gepleşeniňizde, diýjek zadyňyzy az söz bilen aýdyp, gygyrman gürleşiň. Gaty ses bilen aýdylýan zatlary känbir eşitmeýärin. Mylaýym we anyk sözler mende has gowy täsir galdyrýar. «Men seniň ýalykam…» diýip başlaýan sözlemler bir gulagymdan girip, beýlekiden çykyp gidýär.

Kiçijik ýalňyşlarymy ullakan zat ýaly edip ýüzüme urmaň. Meniňem ýalňyşyp biljekdigimi, munuň adaty ýagdaýdygyny unutmaň. Gorkuzyp, müýnürgedip ýuwaşatjak bolmaň. Garagollyklarym zerarly meni erbet çaga hasap etmäň.

Ýalňyşlarymy, bolmaýan ýerlerimi düzediň. Temmi bermezden öň meni diňläň. Berjek jezaňyz eden etmişimden uly bolmasa, men oňa kaýyl bolup çydaryn.

Meni diňläň. Size sorag berýän wagtlarym iň gowy öwrenýän wagtlarymdyr. Maňa bir zat düşündireniňizde, sözleriňiz gysga hem-de manyly bolsun. Başarjagymdan artykmaç zatlary zor bilen etdirjek bolmaň. Emma edip biljek zatlarymy weli talap etmäge dowam ediň. Maňa ynanýandygyňyzy bildiriň. Goldaň, iň bolmanda yhlasymyň «berekellasyny» ýetiriň. Başga kişiler bilen deňeşdirmäň, ýogsam umytsyzlyga uçraryn.

Menden ýaşymdan uly hereketleri etmegime garaşmaň. Hemme zady birden öwretjek bolmaň. Maňa biraz maý beriň. Hemişe dürs we dogruçyl bolman bilerin, ýöne gorkmaň. Meni gyssamaň, ýogsam ýalan sözlemeli bolaryn. Ýüregiňize düşsemem, geçirimli bolmaga synanyşyň. Gaharlanmagyňyzy dogry düşünip bilerin, ýöne meni kemsitmäň. Başga adamlaryň ýanynda dagy asla ýüzümi almaň. Meniňem sizi özge adamlaryň ýanynda kyn ýagdaýa salyp biljekdigimi unutmaň.

Maňa nähak bir zat edendigiňizi aňsaňyz, ýagdaýy bolşy ýaly düşündirmekden çekinmäň. Menden ötünç soramagyňyz size bolan söýgimi azaltmaz, gaýta meni size has-da ýakynlaşdyrar. Aslynda men sizi bolşuňyzdan has gowy, has gadyrly hasaplaýaryn. Maňa özüňizi ýalňyşsyz hem-de elýetmez görkezjek bolmaň. Sebäbi hakykatda beýle däldigini gören wagtym beter gynanaryn.

Aram-aram sizi gynandyrýandygymy, menden garaşmaýan zatlaryňyzy edýändigimi bilýärin. Maňa beren zatlaryňyzya garanda, isleýän zatlaryňyzyň kän däldigini hem bilýärin. Ýokarda agzap geçenlerim size artykmaç bolsa, birnäçesinden ýüz öwrüp bilerin. Esasy zat siziň meni men bolanym üçin söýýändigiňize ynanmagymdyr.

Menden «göreldeli çaga» bolmagymy islemeseňiz, menem sizden birkemsiz ene-ata bolmagyňyza garaşmaryn. Mähirli we geçirimli bolmagyňyz meniň üçin ýeterlikdir.

Siziň çagaňyz bolup dünýä inmek meniň elimde däldi. Ýöne saýlamaga mümkinçiligim bolaýanda-da, sizden başga hiç kimiň çagasy bolmak islemezdim.

Men sizi söýýärin!

Çagaňyz

Çeşme: Atalay Yörükoğlu, “Çocuk ruh sağlığı”

Terjime eden Annabibi Öwezmyradowa

Teswir ýaz

Scroll to Top