Sorag-jogap alyşmak

Ata-eneleriň käbiri çagalaryna sorag baryny berip, azara goýýarlar. «Bu gün köçede kime duşduň?», «Mekdepde näçe sagat okadyňyz?», «Näçelik baha aldyň?», «Mugallymyň näme diýdi?», «Duşuşyga kimler geldi, näme gürrüň berdiler?»… diýen ýaly soraglar her gün gaýtalanýar. Çagalar başardygyndan höwes bilen jogap bermäge çalşarlar welin, ata-eneleriň özleri yzyny alyp götererler. Beýle ýagdaý, aýratynam, körpeler bilen gepleşilende köp duş gelýär. Mekdepde hem käbir mugallym temany höwes bilen aýdyp duran okuwçynyň sözüniň yzyny diňlemän oturdýar. Kähalatda bolsa, mugallym yhlas bilen taýýarlanyp gelen okuwçy elini galdyrsa-da, temany soramaýar.

Mugallym okuwçylara geljek synp sagadyna çenli «Meniň söýýän hünärim» diýen temada nutuk ýazyp gelmeklerini tabşyrdy. Sapar hem nutugynda özüniň bagban bolmak arzuwynyň bardygyny, oňa ata kesbiniň sebäp bolandygyny, kakasyndan bagbançylygyň täsin syrlaryny öwrenendigini, galyberse-de, daragtlaryň, olaryň miweleriniň adam saglygyna peýdalydygyna göz ýetirendigini anyk deliller arkaly täsirli beýan etdi.

Synp sagadynda Sapar ýazan nutugyny höwes bilen okap başlanda mugallym:

— Oňat ýazypsyň, hemmesini okamak hökman däl — diýdi-de, başga bir okuwçyny çagyrdy. Saparyň dyňzap gelen höwesine badak atyldy. Onuň okamak höwesi, hünäre bolan söýgüsi, çeken zähmeti puja çykana döndi. Kalbynda mugallyma bolan ynamsyz garaýşyň uçgunlary emele geldi.

Ilki sorap, soňam jogap bermäge mümkinçilik bermeseň, çagalar öýkeleýärler. Olar: «Seniň pikiriň, islegiň we duýgyň meniň üçin hiç hili ähmiýeti ýok» diýen manyda düşünýärler.

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

“Sorag-jogap alyşmak” barada 2 pikir

Teswir ýaz

Scroll to Top