Çakdan aşa öwgi

Çaga özüniň her bir hereketine üns berilmegini, bitiren işiniň makullanmagyny, gowy baha berilmegini isleýär. Şeýle ýagdaýda ata-eneleriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň käbiri çagany çakdan aşa öwüp, arşa çykarýar. Mahym eje üýşmeleňde hemmeleri agzyna garadyp ogluny öwdi:

— Oglum Batyr jandan aýlanaýyn. Öran düşbüje bolup ýetişjek. Mydama okap otyr. Mekdepde-de iň ökde okuwçy diýýärler. Bahalarynyň hemmesem bäşlikmiş. Mugallymlaram onuň zehinine haýran galýarmyşlar. Näme sorasalar, güzledip duranmyş. Has dogrymy aýtsam, mekdebiň diregimiş.

Oglum Batyr janyň özüni alyp barşam edil uly adam ýaly. Gepi-sözem üýtgeşik. Özüne-de şeýle bir serenjam berýär. Haçan görseň, ýalpyldap ýörendir. Ulularam onça bolup bilenok. Ulalsa dagy uly bir işiň başyny tutjaga meňzeýär. Gyzlaram häzirden onuň daşynda perwana. Tüweleme, Hudaý jan köp görmesin hernä!

Beýle öwgüden körpe meçew alýar. Onda öz mümkinçiligi barada nädogry düşünje döreýär. Şeýle ýagdaýda onuň özüne dogry bahalandyrylmagynyň ösüşine zyýan bermegi mümkin, sebäbi käbir çaga özüne aýdylýan öwgüni çynlakaý kabul etmäni söýýär. Birnäçesi bolsa ata-enesine, mugallymyna ýaranjak, onuň öwgüsine mynasyp boljak bolup, her hili pyrryldaklara ýüz urýar.

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

Teswir ýaz

Scroll to Top