Uly adam ýaly garamak

Ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar çagalaryň özlerinde galdyran gowy we ýaramaz täsirleri hakynda olaryň ýanynda ara alyp maslahatlaşýarlar. «Körpeler entek ýaş, bu gürrüňlere düşünmeýärler, ulularyň pikirleri bilen gyzyklanmaýarlar» diýip, pikir edýärler. Beýle pikir ýalňyş. Çaga örän duýgur bolýar, ähli zat onuň üns merkezinde. Ol seniň ýüzüňden, gözüňden, sözüňden hereketiňden many çykaryp bilýär. Özi hakynda erbet pikirleri eşitse çagada kemsinme duýgusy döreýär. Şonuň üçin çagalaryň ýanynda olaryň hereketini, gylyk-häsiýetini ara alyp maslahatlaşmak, olaryň özleriniň öz-özüne baha bermäge zyýan bermegi ýa-da tersine, beýlekileri hasap etmezlige getirmegi mümkin.

Çagalara-da edil uly adam ýaly garaň!

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

Teswir ýaz

Scroll to Top