Okuwçylaryň ýalňyşyny nädip düzetmeli?

Çaganyň ýalňyşmagyna ýol bermeseň, onuň özbaşdak karara gelmek ukyby kämilleşmeýär.

Jon Erskin

  1. Goýberen ýalňyşyny ýüzüne basmaly däl.
  2. Biriniň hatasyna –gerek ýerinde– umumy göz bilen garap, hemme kişä ýüzlenip aýtmaly.
  3. Okuwçyny köpçüligiň içinde kemsitmeli däl.

Mugallym çaganyň ýalňyşyny synpda ýüzüne bassa, okuwçysy bilen arasynyň bozulmagyna, özara hormatyň we söýginiň ýitmegine sebäp bolup biler. Şeýle halatdan soň, ol şol okuwça hiç zat öwredip bilmez.

  1. Gowy mugallym hemme ýalňyşy görjek bolup durmaly däl. Okuwçy goýberen ýalňyşyna mugallymynyň göz ýumandygyny ýadyndan çykarmaýar we ondan juda güýçli täsirlenýär.
  2. Çagalaryň we okuwçylaryň ýalňyşlaryna seredip, olaryň näme edip-näme etmeli däldigine däl-de, asyl ata-ene bilen mugallym özleriniň näme edip-näme etmeli däldigine göz ýetirmeli.
  3. Mugallymlar okuwçylara gowy görelde görkezmeli.
  4. Gysga wagtyň içinde okuwçydan özüni alyp barşynyň gowulanmagyna garaşmak nädogrudyr. Şonuň üçinem onuň goýberýän ýalňyşlaryny belli bir wagtyň dowamynda, ýuwaş-ýuwaş düzetmäge çalyşmaly.

Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top