Ýakymly jümleler

Çaganyň ene-atasy bilen arasyndaky gatnaşygy onuň bütin durmuş ýoluny kesgitleýär. Ruhubelent, özüne ynamly, maksadaokgunly ynsany terbiýeläp ýetişdirmek üçin ene-atalar şu 6 sany jümläni çagalaryna günde aýtmalydyrlar.

  1. Biz seni gowy görýäris. Iki ýaşly çaga bolsun, on bäş ýaşly ýetginjek bolsun – islendik ýaşda ol özüniň gowy görülýänligini, gereklidigini bilmek isleýär. Bu sözleri eşitmek olarda özüne bolan ynamy döreder. Elbetde, sözler gury bolmaz ýaly, gowy görýändigiňizi görkezmek üçin boş wagtyňyzy çagalar bilen geçirmeli, olaryň aladalanýan meseleleri barada söhbetdeş bolmaly.
  2. Biz seniň doglanyňa örän şat. Aýratyn-da, bu sözleri köp çagaly maşgalada aýtmak zerurdyr. Her bir çaga özüniň ýeke-täkligine we gaýtalanmajak şahsyýetdigine göz ýetirmelidir. Ony beýleki çagalardan tapawutlandyrýan alamatlary gowy äheňde görkezmelidir.
  3. Sen başararsyň. Çagalar üçin ownujak meseleler hem kyn çözülýän ýaly bolup görünýär. Şol sebäpden olar elmydama ene-atasy tarapyndan höweslendirilmeli. Olaryň bu meseleleri çözüp biljekdigine ynam döretmeli. Bu sözleri yzygiderli eşidýän çaga kynçylyklara döz gelmegi başarar we özüne bolan ynamy artar.
  4. Sen şu günüňi nähili geçirdiň? Her günüň ahyrynda ene-atalar çagalaryna şu soragy bermelidirler. Sabyrly bolup, sözüni bölmän, onuň gürrüňini diňlemeli. Gündelik şeýle söhbetdeşlikleriň geçirilmegi çaganyň durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmelerden habarly bolmaga ýardam eder.
  5. Ruhdan düşme. Uly adamlar kynçylyklardan gaçmagyň peýdasynyň ýokdugyna düşünýärler. Çagalar ownujak kynçylyklary hem uly betbagtçylyk hökmünde kabul edýärler. «Hiç ruhdan düşme, ýene bir gezek synanyşsaň, başararsyň!». Ine, şu sözleri eşidýän çaga ýalňyşlyklaryny ýeňip geçip, maksadyna ýeter.
  6. Biz hemişe seniň ýanyňda. Çagalar durmuş tejribesi juda azlygy sebäpli, ýygy-ýygydan ýalňyşýarlar. Ýalňyşlyklary üçin gödek jezalandyrmak çaganyň ýygra, öz pikirini beýan edip bilmeýän şahsyýet bolup ýetişmegine getirer. Onuň ýalňyşan ýerini sypaýylyk bilen görkezmeli we indiki gezek şol ýalňyş döremez ýaly nähili hereket etmelidigini maslahat bermeli.

Çapa taýýarlan Äşe SOÝUNOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Çeşme: “Edebiýat we sungat” gazeti, 03.09.2021.

Teswir ýaz

Scroll to Top