Pedagogika we metodika

Mugallymyň göreldesi

Ýol bilen barýan bir gojanyň özüniň başlangyç synplardaky mugallymydygyny tanan ýigit: — Salam, mugallym! Meni tanadyňyzmy? Men siziň okuwçyňyz –diýip, oňa ýüzlenipdir. — Hä, hawa, men seni tanadym. Ýeri, bu wagt näme kär başynda? —diýip, goja mugallym ýigitden sorapdyr. — Mugallymçylyk. — Bu ýoly saýlamagyň sebäbi näme? — Muňa höwes döreden sizsiňiz, mugallym. — Bu […]

Mugallymyň göreldesi Giňişleýin oka »

Talapkär eje we mähirli daýza

Daşajygyň ejesi hem-de daýzasy bardy. Olaryň ikisi hem Daşajygy çyn ýürekden gowy görýärdiler, emma olaryň terbiýe berşi meňzeş däldi. Ejesi Daşajykdan ir turmagy, otagyny tertiplemegi, sapaklaryna ykjam taýýarlyk görmegi, köp okamagy talap edýärdi. Gyzyna boş wagtlary köýnek tikmegi, örüm örmegi, zähmeti söýmegi we hiç bir işden çekinip durmazlygy öwrederdi. Emma daýzasy welin oňa hiç bir

Talapkär eje we mähirli daýza Giňişleýin oka »

Terbiýe hakynda pähimler

Mugallym özüniň hemişe we hemme ýerde üns merkezinde saklanýandygyny unutmaly däldir. *** Çagalara kitap okamagy maslahat bermek hem gerek, ýöne olarda okamaga isleg döretmek has peýdalydyr. *** Oňat mugallym uly-kiçi bilen sözleşende, iş salşanda, sözüniň, göreldesiniň terbiýeçilik tarapyny ýadyndan çykarmaýar. *** Käýarym uly adamlar-da seniň maslahatyňa, dil kömegiňe mätäç bolsalar, onda sen oňat adamsyň. ***

Terbiýe hakynda pähimler Giňişleýin oka »

Söýginiň üç alamaty

Söýgi hiç haçan şowsuzlyga uçratmaýar. Zig Zaglar   Söýginiň ýaşamagy we başgalaryň ony duýmagy üçin onuň alamatlaryndan habarly bolmaly. Hakyky söýginiň üç sany alamaty bardyr. Olaryň birinjisi ideg etmekdir. Ideg bolmasa, söz bilen beýan edilen söýgi hakyky söýgi däldir. Ol özüň we başgalaryň öňündäki aldawdyr. Hereketler bilen sazlaşmaýan söýgi baradaky sözleriň hiç hili oňyn manysy

Söýginiň üç alamaty Giňişleýin oka »

Mugallymlaryň (!) otagyndaky gürrüň

Bir mugallym: «Şeýle bir synag aldym… Nädäýersiň, okuwçylaryň ba-ary ikilik aldy!» diýip magtanypdyr. Ýene bir mugallym: «Okamadylar welin, menem her synpyň deň ýarysyny synagdan ýykdym!» diýip paňlapdyr. Başga bir dersiň mugallymy: «Men bolsa ýarysyndanam köpüsini düňderdim. Indem tomusda okuwa gatnatjak-da, kösäp-kösäp, täzeden synag aljak!» diýip diline bat beripdir. Olaryň bu gürrüňlerini eşiden tam süpüriji bolsa:

Mugallymlaryň (!) otagyndaky gürrüň Giňişleýin oka »

Dünýäniň ýedi täsinligi haýsylar?

Mugallym ol günki dersde okuwçylardan «Hazirki döwürde dünýäniň ýedi täsinliginiň nämeler bolup biljekdigi» baradaky pikirlerini ýazmagy talap etdi. Kagyz we galamlar çykaryldy, pikirler ýekän-ýekän kagyzda öz beýanyny tapmaga başlanda, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy. Müsüriň beýik piramidalary Täçmahal Beýik Kanýon Panama kanaly Empaýr Steýt binasy Keramatly Peter bazilkasy Hytaý diwary Emma

Dünýäniň ýedi täsinligi haýsylar? Giňişleýin oka »

Terbiýäniň gözbaşy

Ýaş ata-eneleriň käbiri: “Çagam heniz ýaş, hiç zada düşünenok. Az-kem akyly ýetip, agy-garany saýgaransoň terbiýe bersek hem ýetişeris” – diýip, düşünýärler. Hakykatda, bu eýýäm giç. Türkmen halky perzent terbiýesini mydama üns merkezinde saklapdyr. Olar geljekki nesilleri eneleriň göwresinde wagty terbiýeläp başlapdyrlar. Ene göwreli bolan badyna üns-alada bilen gurşap alypdyrlar. Göwreli aýallara agyr iş etdirmändirler, agyr

Terbiýäniň gözbaşy Giňişleýin oka »

Mugallym bilen ata-ene nähili aragatnaşyk saklamaly?

Mugallymçylykda okuw-terbiýeçilik işiniň dowamly we netijeli bolmagy üçin diňe mugallymyň yhlasy ýeterlik bolmaýar. Sebäbi bu işiň barşynda ýüze çykýan meseleleri çözmäge köptaraplaýyn çemeleşmeli. Dünýädäki iň kyn zat okuwça terbiýe bermekdir. Şol sebäpden, okuwçynyň kämilleşmegi üçin ata-ene bilen mugallym bilelikde zähmet çekmelidir. Emma başga ýurtlarda-da bolşy ýaly, biziň ata-enelerimiz hem çagalary terbiýelemek işine, gynansak-da, çynlakaý çemeleşmeýärler.

Mugallym bilen ata-ene nähili aragatnaşyk saklamaly? Giňişleýin oka »

Adamy hatyndan tanamak mümkinmi?

Okuwçykak sapaklarynyň birinde türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz öz tejribesi esasynda, ýagny biziň we has öňki okuwçylarynyň ýazan düzmelerini mysal getirip, hatyň üç görnüşi hakynda aýdypdy. Ýazuwyň birinji görnüşi ýazýana-da, okaýana-da düşnükliligi bilen tapawutlanýan owadandan nepis hat. Ikinjisinde hatyň düşnükliligi diňe ýazýanyň özi bilen çäklenýär. Üçünjüsi bolsa ne ýazýana, ne-de okaýana düşnükli. Hatyň görnüşlerini şeýle toparlara

Adamy hatyndan tanamak mümkinmi? Giňişleýin oka »

Okuwçynyň saglygy

Huşy ýerine gelip, mugallym ahyry gözüni açdy: – Aly nirede? Ýagdaýy gowumy? Baş ujunda gözýaş edip duran okuwçy oňa zordan jogap berdi: – Men bärde, mugallym! – Hudaýa şükür, bolsa-da saňa zat bolmandyr! – diýip, okuwçysyny ýatan ýerinden bagryna basdy. Okuwçysyny batly gelýän maşynyň öňünden sowjak bolup, özi heläkçilige uçrapdy. Şeýdip, öz işleýän mekdebiniň ýanynda

Okuwçynyň saglygy Giňişleýin oka »

Scroll to Top