Okuwça nädip ruhy goldaw bermeli?

Adamy ruhlandyrsaň, asla başarmajak işleriniň hem hötdesinden gelip, kynçylyklary ýeňip geçip bilýär.

***

Mugallymlar üstünlik gazanmaga çalyşýan okuwçylaryna hökman kömek etmelidir. Okadýan sapagyny aňsatlyk bilen öwrenip bolýandygyny görkezmelidir. Tema doly özleşdirilensoň, «Bu temany gowy öwreneniňiz üçin soňkularda kösenmersiňiz» ýaly sözler bilen wagtal-wagtal okuwçylaryň göwnüni götermeli we olary umytlandyryp, üstünlik gazanyp biljekdiklerine ynanmaklaryny gazanmaly.

Emma, gynansak-da, mugallymlaryň arasynda «sapagymyň ähmiýetini bilsinler, maňa hormat goýsunlar» diýip, okadýan dersiniň kyndygyny nygtap durýan, «bu sapakdan ökde bolmak gaty kyn» diýdirjek bolup, okuwçylary çykgynsyzlyga salýanlar hem bar.

Okuwçylaryny şeýle ýagdaýa düşürmegiň ýerine olara öz sapagynyň nä derejede aňsat we öwrenip boljakdygyny görkezen, himiýa mugallymy bolup işleýän bir dostum öz peýdalanýan usulyny şeýle düşündirýär:

– Men ilkinji sapagymyzda himiýanyň gaty aňsatdygyny, öwrenip boljak sapakdygyny gürrüň berýärin. Soňra okuwçylarym hem muňa düşünerleri ýaly, olara aňsat, islendik kişiniň jogabyny biljek soraglaryny berýärin. Elbetde, okuwçylar beren soraglarymy çözdügiçe, sapak bilen ysnyşyp, halamaga başlaýar.

Tutanýerli bolsalar üstünlik gazanjakdyklaryna ynandyrmaly halymyza, çagalarymyzy köplenç biderek ýere kösäp, öňlerine böwet goýýarys-da, başarjakdyklaryna ynanmaz ýaly edip taşlaýarys. Şeýlelikde, olar hemme zatdan el çekýär oturyberýär. Birnäçe ýyl mundan ozal adamlaryň jebir-süteme çydamlylygyny ölçemek maksady bilen bir barlag geçiripdirler:

Psihologlar barlagdaky kişilerden içi buzdan doly bedrä aýakýalaň girmeklerini sorap, sowuk zerarly emele gelýän agyra barlagdakylaryň nä derejede çydamlydyklaryny ölçäpdirler.

Olar barlagdan şeýle netije çykarypdyrlar: ýanynda kimdir biri bolup, goldaw berlen barlagdaky kişiler beýlekilere garanda agyra iki esse artyk çydamly…

Eger bizem çagalarymyzy ruhlandyryp, umytlandyryp bilsek, iň bir uly päsgelçilikler hem olar üçin owunjak bolup galar.

Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top