Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar

Näçe ýaşynda bolsa bolubersin, her bir okuwçy ýyl boýy tomsuň gelerine garaşýar. Onuň dynç alyş möwsümini isleýşi ýaly geçiresi gelýär. Sebäbi tomsuň üç aýy dynç almak we durmuşyňa täzelikler girizmek üçin tapylgysyz pursat. Dynç alyş möwsüminiň göwnejaý bolmagy çagalaryň kämilleşmegine juda oňyn täsir edýär.

Elbetde, dynç alyş möwsüminde ata-eneler hem öz çagalarynyň wagtyny gowy geçirmegini isleýär. Olaryň telewizor, planşet, telefon oýnap geçireninden gaýta okuwyň üznüksiz bolanyny, çagasynyň öwrenenlerini berkidenini we indiki ýyla taýýarlyk görenini kem görenok.

Tomusky dynç alyş möwsümi bilen baglylykda…

Okuwçylar şulary ýatdan däldir:

  • tomusda isledigiňçe dynç almak mümkin;
  • sport, sungat we köpçülikleýin çäreler arkaly özüňi kämilleşdirmek üçin wagt ýeterlik;
  • şeýle hem, günüň bir böleginde –her gün az wagtlyk bolsa-da– okuwa taýýarlanyp, öwrenenleriňi berkidip bolar.

Ata-eneler hem şulara üns bermelidir:

  • çagalaryň tomusda dynç almagy hökmanydyr;
  • dynç alyş möwsümini geçen ýyl öwrenenlerini ýatdan çykarmaz ýaly hem-de okuw taýdan has kämilleşer ýaly geçirjek bolmaly;
  • tomsuň dowamynda çagalaryň sosial ösüşi örän möhümdir;
  • ýatdan çykarmalyň, dynç alyş möwsümini hem-ä gyzykly, hem-de peýdaly geçirmäge çalyşmaly.

Diýmek, näme etmeli?

  • Ýylyň ahyrynda käbir çagalar çärýek bahalaryny ata-enelerine buýsanç bilen görkezýär. Käbiri bolsa çärýek bahalarynyň pesräkligi zerarly özüni başarnyksyz duýýar. Çärýek bahalary pes çykan çagalaryň ata-eneleri perzendine ruhy goldaw bermeli we onuň ynamyny dikeltmeli. Çaga bilen okuwa ýetişigini nädip gowulandyryp boljakdygy barada maslahatlaşmaly. Hut, şu meselede çaganyň gazanan netijesine däl-de, ýyl boýy çeken zähmetine we azabyna üns berilmelidir. Çärýek bahalary gowy çykan çagalaryň hem üstünlikleriniň dowam etmegi üçin olara «tüweleme» diýip, «berekellasyny» ýetirmeli. Emma şuny berk bellemek gerek: çärýek bahalary tomusky dynç alyş möwsüminde çaganyň nähilidir bir sowgat utmagyna, ýa bolmasa jeza çekmegine esas bolmaly däldir!
  • Tertip-düzgün çagalara dynç alyş möwsüminde-de zerurdyr. Çäklendirmeleriň ýoklugy çagalara ýaramaz täsir edýär we olar üç aýlyk dynç alyşdan soň täzeden okuw döwrüniň tertip-düzgünine girişmekde kösenýär. Uky, iýgi-içgi, telewizor görmek bilen baglanyşykly endiklere biraz üýtgeşmeler girizilip bilner, ýöne hökman hersiniň bir çägi bolmaly.
  • Çagalaryň derejesine we gyzyklanýan ugurlaryna görä kitaplar saýlanyp, tomusda olary kitap okamaga gönükdirmeli. Bu meselede maşgala bolup kitap dükankaryna we kitaphanalara gitmek, okajak kitabyny çagalaryň hut özleriniň saýlamagy we maşgala bolup günüň belli bir wagtynda kitap okamak olaryň kitap okamaga bolan höwesiniň artmagyna sebäp bolar.
  • Çagalar okuw ýylynyň ýadawlygyny çykarmak üçin wagtyny halaýan zatlary bilen meşgullanyp geçirmeli. Köpçülikleýin çärelere gatnaşmaly. Çagalaryňyzy isleýän ugruna görä sport, sungat ýa-da dil kämilleşdiriş okuwlaryna gönükdirip bilersiňiz. Hatda sungat we okuw merkezleriniň geçirýän çärelerine çagalaryňyz bilen bilelikde sizem gatnaşyp, olaryň arasyndan öz halaýan ugruňyzy saýlap bilersiňiz.
  • Maşgala bolup bilelikde geçirilýän wagty köpeltmeli. Çaganyň ýyl boýy beslän arzuwlaryny amala aşyrmak üçin onuň bilen bile hereket etmek möhümdir. Maşgala bolup dynç alşa çykmak we çaga bilen täze-täze ýerleri, taryhy ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri görmäge gitmek hem-ä çaga bilen ata-enäniň özara gatnaşygyny berkidýär, hem-de onuň köptaraplaýyn kämilleşmegine ýardam berýär. Üýtgeşik şäherlere we ýurtlara gitmäge mümkinçiligi ýok maşgalalar öz golaý-goltumyndaky taryhy we medeni ýerlere gezelenç etmek arkaly hem çagalarynyň aňyny ösdürip, zehinini ýiteldip biler. Töwerekdäki mümkinçiliklere görä seýilgähe, kino görmäge, teatra gidilip bilner. Garyndaşlaryň öýüne myhmançylyga gitmek bilen çagalaryň maşgala ruhuna düşünmegini, agzybirligiň ähmiýetine göz ýetirmegini gazanyp bolar. Öýde maşgala bolup surat çekmek ýaly dürli döredijilikli oýunlar, bilelikde uly ekranda filme tomaşa etmek, süýjülikleri bişirmek, gül ekmek, nahal oturtmak ýaly çäreler bilen wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçirip bilersiňiz.
  • Dynç alyş möwsüminde çagalaryň kämilleşdirilmeli taraplary anyklanyp, bilim derejesiniň we başarnyklarynyň has-da gowulanmagy üçin okuwa wagt aýryp bolar. Mysal üçin, belli bir tertip-düzgüniň çäginde –her gün az wagtlyk bolsa-da– geçilenleri gaýtalamak mümkin. Bu olaryň indiki okuw ýylynda has-da üstünlikli çykyş etmegine ýardam berer.

EZGI SÖÝÜK, psiholog

Çeşme: www.psikolium.com

Taýýarlan, terjime eden Annabibi Öwezmyradowa

Teswir ýaz

Scroll to Top