Çaga terbiýesine üýtgeşik çemeleşme…

(Bu ýazgyny hemme ata-eneler we mugallymlar hökman okamaly…)

Mekdep ýyllarym örän parahat geçdi. Ondan soň işlemändigim sebäpli üýtgeşik iş tejribämem ýokdy. Garaz, hem-ä dil öwrenmek hemem okamak üçin daşary ýurda gitmeli diýen karara geldim. Güzeranymy aýlamak üçin bir restoranda işläp başladym. Meniň ýanymda şol ýerli 14-15 ýaşly başga bir okuwçam işleýärdi. Dynç günleri gije sagat 10-11-e çenli gap-gaç ýuwýardy. Oňa ýüregim awaýardy. Arasynda «dynç alaý» diýip, onuň ýerine özüm işleýärdim.

Okaýan ýurdumyň ykdysady ýagdaýy ýokarydy. Bir gün ýaňky çagadan näme üçin işleýändigini soradym.

– Günümi dolamak üçin… jaýyňam kireýini tölemeli…

– Kim bilen ýaşaýaň? Öýüňizdäkiler tölänokmy?

– Men öz öýümde ýaşaýan. Puly hem maşgalama töleýän.

«Adamlar nähili bolaýypdyr-aý!» diýip öz ýanymdan käýindim. Bir tarapdan çaga gynanýardym, beýleki tarapdanam oňa elimden geldiginden kömek etjek bolýardym. Özüni hor-homsy duýmagyny islämokdym.

Aradan birnäçe hepde geçdi. Bir gün gazet okap otyrdym. Onda ýurduň iň kän salgyt töleýän baýlarynyň sanawy çykypdyr. Ine, şol wagtam hälki çaga işe geldi. Gelşine maňa salam berdi. Menem oňa: «Şu adam saňa gaty meňzeýän eken-aý!» diýdim. Suratdaky kişi oňa hakykatdanam meňzeýärdi, ýöne meniň niýetim degişmekdi.

Ýanyma geldi-de, gazete seretdi.

– Bu meniň kakam! Bu ýyl 2-nji bolupdyr, geçen ýyl 3-nji ýerdedi.

Haýran galdym. Çagajygyň kakasy ýurduň iň köp salgyt töleýän baý telekeçileriniň ikinjisi eken.

Çaganyň maşgalasyna bolan gaharym has-da güýçlendi.

– Bäh, öz-ä ýurduň iň baýlarynyň biri, çagasy bolsa dynç günleri gije ýatman gap-gaç ýuwýar. Ýaşaýan ýeriniň kireýini töläp, güzeranyny aýlajak bolup kösenip ýör. Maşgalasy hili kömegem edenok!

***

Çagajyk meni juda gowy görýärdi. Günlerde bir gün meni doglan gününe çagyrdy. Gitdim. Deňziň golaýynda bir kaşaň jaýda ýaşaýan eken. Dabara maşgalasy we ähli dostlary barypdyr. Oturylyşygyň barşynda kakasy bilen tanşyp, gepleşmäge-de mümkinçilik döredi. Daşyndan göräýmäge gowy adamdy. Gepi-sözi ýerinde, alçak adam eken. Her kim bilen ýagdaý soraşyp, kem zatlarynyň bardygy-ýokdugy bilen gyzyklanýardy. Ile göwni ýetmeýän ulumsy biridir öýdýärdim. Onuň bilen gepleşmelimi ýa-da oňmalymy, belli bir karara gelip bilemokdym.

Ahyry saklanyp bilmedim. Ýanyna bardym:

– Agam, näme üçin çagaňyza eýe çykaňzok? Näme sebäpden goraňzok?

Ol haýran galdy:

– Siz näme üçin beýle pikir edýärsiňiz?

– Çagajyk dynç günleri dynç almagyň ýerine biziň ýanymyzda gap-çanak ýuwýar…

– Goraýan-da, ýaş ýigit! Görşüň ýaly, işläp ýör, hiç kime mätäç däl. Häzirden öz gününi özi görmäge çalyşýar.

Gaharym geldi.

– Jan agam, bu çaga entek okamaly ahyryn. Öz öýünde ýaşadyp, kireý puly töledip ýörsüňiz. Şeýdip eýe çykmalymy?! Biziňem maşgalamyz bar. Biziň üçin hemme zady edýärler. Özüňizem-ä iň köp salgyt töleýänleriň biri ekeniňiz. Edýäniňiz gaty bir hili dälmi?!

Ýaşuly ilk-ä geň galdy, soňam içimi ýakaýyn diýýän ýaly güldi. Has mylaýymlyk bilen sözüni şeýle dowam etdi:

– Siziň kömek etjek bolşuňyz bilen biziňki biri-birinden gaty tapawutly. Biz çaga balyk bermegi däl-de, balyk tutmagy öwredýäris. Seniň diýşiň ýaly edip, çagamyza gerek zatlaryň hemmesini özümiz üpjün etsek, ol okuw döwründe hiç hili kösenmez. Akmak, men-men, ulumsy çaga bolup ýetişer. Köpçülikde we adamlar bilen gatnaşykda kynçylyk çeker. Hemmelere hökümini ýöredesi geler durar. Dogry, men çagamdan jaýyň kireýini alýaryn. Öz gününi özi görýär. Meniň minnetimi çekenok. Durmuşyň nämedigini bilýär. Durmuşda-da elmydama nämedir bir zadyň muzduny töläp ýaşamaýarysmy näme?! Muňa has ir göz ýetirip, şoňa görä hakykatlara düşünmegi we ömrüni has oýlanyşykly ýaşamaga çalyşmagy nä erbet zatmy?!

Otagyň has ýuwaşrak ýerine geçdik. Penjiräniň ýanyna baranymyzdan soň, ol sözüni dowam etdirdi:

– Bilim çaga üçin gapy açyp biler. Bilimi bilen weşeň-weşeň pulam gazanmagy mümkin. Emma iş öwrenmegi, durmuşa ýaş wagty akyl ýetirmegi ony özgerder, bişişip kämilleşmegine ýardam berer. Köpçülikde diňe ýeke özi däldigini, başga adamlaryňam bardygyna düşüner. Bilim kişini başga tarapdan, iş bolsa başga tarapdan taplaýandyr. Kireý puluny tölemese, hemme puly öz isleýşi ýaly sowsa, gazananjasyny neşä, güýmenjä, alkogola, humara seçelär. Kireý puluny tölemeli bolany üçin, sowjak puluny, tygşytlajak puluny şoňa görä sazlaýar. Kiçilikden pula erk etmegi öwrenýär. Ýogsa-da, oglum seni gowy görýär. Gürrüň berdi. Gowy adam ekeniň. Oňa kömek edýän ekeniň. Ýokary bilimiň bar eken, ýöne işde pomidory hem ibaly dograp bilmeýän ekeniň. Muňa gaharlanyp sögünýändigiň hakda-da gürrüň berdi. Restorandaky işleriň birentegini oňarmaýan ekeniň. Ol-a gürrüň berýär, bizem maşgala bolup gülýäris. Hälki bir pomidory hem dograp bilmeýän bolsaň, seniň ýetişdirilişiňde näsazlyk bar boldugy dälmi eýsem?! Uniwersitetiň diplomy bilen gowy iş tapmagyň mümkin, ýöne göwnüýetmezçilik edip, ownuk hasaplaýan işiňi, ýagny pomidor dogramagy başarýan kişini weli ýazgarýarsyň…

Wagty gelende, şu görýän zatlaryň hemmesi, meniň ähli baýlygym ogluma miras galar. Zähmet çekmän, baýlygyň eýesi bolsa, zalym bolar. Her kimiň üstünden güler. Gara iş edýän işçiniň nähili zähmet çekýändigini, gazanýan puly bilen nädip güzeranyny dolaýandygyna düşünmez. Elmydama olaryň kemini gözlär ýörer. Meniň çaga ýetişdiresim gelýär, zalym ýetişdiresim gelenok. Diňe bilime üns berýärsiňiz. Işe üns bereňzok. Bilim näme etmelidigini öwredýän bolsa, iş tejribesi şol zady başgalar bilen nähili etmelidigini öwredýär. Işlemek arkaly oglum men-menlikden halas bolar. Iş oňarmak ukyby bilen özüne bolan ynamy güýçlener. Şolbir wagtda hem-ä ukyplaryny kämilleşdirer, hemem adamlara, olaryň ýagdaýyna düşünmegi öwrener.

Ýaşulynyň aýdýan zatlary maňa uly täsir etdi.

***

Indi özüm barada aýdaýyn… Size özüm barada gürrüň bermekçi, ýöne, biler bolsaňyz, bu aslynda diňe men däl, köpimiz, belkem hemmämiz barada… Okaýan döwrümde maşgalam maňa çykdajy etdirmedi. Ol wagtlar hiç ýerde işlemedim. Diňe kitap okadym, dünýäni aýlandym, durmuşyň hözirini gördüm we syýasy zatlar bilen meşgullandym. Köpiňiz ýaly çagalygymyň ilkinji günlerinden başlap meni hem, «Ulalanda, beýik adam bolar ýa-da meşhur adam bolar» diýip ýetişdirdiler.

Biziňki ýaly jemgyýetlerde «Ýokary derejeli hökümet işgäri, halasgär we ş.m.» ýaly maksatlar bilen ýetişdirilen çagalaryň ýagdaýyna yşarat edýän düýşem görülýär welin, tüýs ýerine oturaýýar. Ýakyn garyndaşlarymyzyň biri biz baryp çagakak soň ulalanymyzda beýik adam boljagymyz hakda düýş görýär. Ýa şol düýşüň, ýa bolmasa çagakak aýdan haýsydyr bir sözümiziň gudrat saýylmagy netijesinde hemmämiz ilden üýtgeşik, uly abraýly «beýik adam» hökmünde ýetişdirilýäris. Gündogar halklarynyň dessana, rowaýata we ertekä baý halklar bolmagy, gahrymançylyk temasynyň şol rowaýatlarda, ertekilerde we dessanlarda ileri tutulmagy bolsa başga bir faktordyr.

Öz ýurdumda haýsy kitaby okap gutarsam, «Gaty gowy kitap, ýöne bir zady-ha kem» diýerdim. Sowalymyň jogabyny daşary ýurtda tapdym. Asyl durmuşyň özi kem eken…

Gowy görýän hekaýalarym, olardaky netijeler, ähli tejribeler her näçe ýakymly bolsa-da, maňa däl-de, özgelere degişlidi. Okan kitaplarymdaky hekaýalar, romanlar we maslahatlar başgalaryň tejribeleri bilen ýüze çykan netijelerdi…

***

Indi bolsa biziň ata-enelerimiz barada. Meniň pikirimçe, bu örän wajyp mesele.

Olar hakykatdanam gowy adam, ýöne juda ýaramaz ata-ene. Çagalary hakykatlara görä däl-de, arzuwlara görä ýetişdirýärler. Günbatarda bolsa çaga arzuwlara görä däl-de, hakykatlara görä ýetişdirilýär. Hakykatlara has ir akyl ýetiren çaganyň arzuwlary hem hakykata has ýakyn bolýar. Hakykatçyl bolany üçin durmuşa geçirilmek mümkinçiligi-de esli ýokary bolýar. Biziň maşgalalarymyz weli bir ýerde ýalňyşlyk goýberýär. Ata-enelerimiz, näme sebäpden bolsa bolubersin, özleriniň ýetip bilmedik derejelerine biziň ýetmegimizi isleýärler. Çagalarynyň gahryman, halasgär bolup ýetişmegi üçin jan edýärler.

Hiç bir ata-enäniň durmuşda öz ýetip bilmedik derejelerine çagasynyň ýetmegine garaşmagyna haky ýokdur. Olaryň bu arzuwy çaganyň peýdasyna ýaly görünse-de, teýinde niýet päk hem bolsa, hakykat ýüzünde beýle däl. «Men seniň üçin nähili kynçylyklary başdan geçirdim. Sendäki mümkinçilikler iliň çagasynda ýokdy. Seniň üçin gijämi gündiz edip işledim» ýaly sözler örän zyýanlydyr.

Ata-enelere aýtjak bolýan zadym şu: çagalaryňyza dözmezçilik etmäň! Goý, olaram kiçilikden hakyky durmuşy görsün. Jogapkärçilik duýmagy-da, başga zatlary hem öwrensin. Adamlar adatça 23-25 ýaşlarynda uniwersiteti tamamlaýarlar we durmuşyň nämedigine şondan soň göz ýetirip başlaýarlar. Günbatarda weli uniwersiteti tamamlan kişi şol bir wagtyň özünde hem okap, hem işleýändigi üçin durmuşyňam bir çetini görýär. Biziňki ýaly gündogar ýurtlarynda çaga elmydama goralýar we hemişe adatdan daşary arzuwlaryň mirasdüşeri bolup ulalýandygy sebäpli «egoist», ýagny ulumsy, gedem bolup ýetişýär.

Bir gün seýilgähde bir çagajygyň başyny sypap, «Ulalaňda, näme boljak?» diýip soradym. Ejesi güldi. Soň ýene bir gezek soradym. Ýüzüni egşitdi-de, nägile boldy: «Çaga beýle sowallary bermäň. Näme boljagyny birnäçe ýyldan durmuşy görende biler. Şu wagtdan ünsüniň şular ýaly zatlarda bolmagynyň manysy ýok. Onuň häzirlikçe öwrenmeli zatlary aýakgabynyň bagjygyny daňmak, ýorgan-düşegini tertipleşdirmek, gap-çanagyny ýuwmak ýaly tertip-düzgün we edep-ekram öwrediji işleri etmek hem-de çagalygyň hözirini görmekdir».

Günbatarda çaga ilki bilen ýorgan-düşegini ýygnamagy, aýakgabynyň bagjygyny daňmagy öwredýärler. Bu örän möhüm. Her gün ýorgan-düşegini ýygnaýan çaga tertip-düzgün öwrenýär. Bizde tertip-düzgün, kada-kanun öwredilmeýär. Aslynda ömürboýy biziň kynçylyk çekýän meselämiz şu bolsa gerek. Hemme zady ata-ene edýär. Çagalara geljekki ýiti zehin, beýik şahsyýet, gahryman ýa-da halasgär gözi bilen garalýar. Ol hiç hili kösenmeýär.

Ynam adamda edýän işleriniň, gyzyklanmalarynyň we başarnyklarynyň netijesinde emele gelýär. Biz uzak wagtlap işlämzogam, döredemzogam. Günbatarda çaga kiçilikden özüne laýyk işleri edip, ilki bilen özüne bolan ynamyny kämilleşdirýär.

Çagany hemişe gorap, üstesine-de öwüp, onuň men-menligini başardygymyzdan çişirýäris. Biz beýik şahsyýet hökmünde ýetişdirilýändigimiz üçin has men-men, ulumsy we gedem bolýarys. Muňa garamazdan, iş ukybymyz we tejribämiz bolmansoň, özümize bolan ynamymyzyň örän pesdigi soň-soňlar ýüze çykýar.

Men-menligiň, ulumsylygyň dermany kiçilikden ukyplarymyzy, iş bitirmek endigimizi, başgalar bilen bilelikde hereket etmek tejribämizi kämilleşdirip, durmuşy we hakykatlary ir saýgarmagymyzdyr. Tanaýan uly wezipeli adamlarymyň hemmesi wagtynda gap-gajam ýuwan, kafede-de işlän, beketde ýangyjam guýan. Baý bolsun, garyp bolsun, hemmesi işläpdir. Jemgyýetiň her bir gatlagyna duýgudaşlyk bildirmek ukybyny şeýdip özleşdiripdir.

Indi haçan daşyndan iýgi-içgi getirtsem we giden ýerimde adam kän bolsa, işgär oglana: «Gyssagym ýok, arkaýyn işläber. Ilki beýleki müşderileriň haýyşyny bitir» diýýärin. Sebäbi ol kişiniň şol wagt nämeleri başdan geçirýändigini durkum bilen duýýaryn. Ilki geläýen ýyllarym menem şol işi edýärdim. Ol duýgy dogrusynda hemmetaraplaýyn tejribäm bar. Duýgudaşlygy diňe şeýdip öwredip bolar diýip pikir edýärin. Bizde özümize bolan ynam ýok. Çünki ukyplarymyz, başarnyklarymyz, iş etmek endiklerimiz, özbaşdaklygymyz we şol bir wagtyň özünde bile we deň ýaşamak duýgularymyz känbir kämilleşmändir.

Şonuň üçinem biz öte ulumsy. Ulumsylyk bilen ynam biri-birine düýbünden ters. Emma köplenç biri-biri bilen deň hasaplanýar. Men-men kişiniň ulumsylygy güýçli ynam saýylýar. Men-menleri synlap görseňiz, olaryň özüne ynamy bolmansoň elmydama ulumsylygyndan ýaňa tumşugyny asmana tutup ýörendirler. Ellerinden weli gelýän zat ýokdur. Birentek işiň hötdesinden gelip bilmeýärler. Haçan görseň, başgalary aýyplap ýörendirler. Çagany hakyky durmuşa taýýarlamagyň iň gowy ýoly ony durmuş bilen mümkin boldugyça ir tanyşdyrmakdyr.

Durmuş bilen ir tanyşmak çagalara adamlar bilen gatnaşmagy, gazananynyň gadyryny bilmegi, bir zada ýetmek üçin käbir zatlary pida etmegi öwredip, geljek bilen bagly möhüm kararlary almakda aňrybaş hakykatçyl çemeleşmäge gönükdirýär. Biziň bir ýalňyşymyz bar: Işleýän çaga okamaz diýip, çagany işletmezligimiz ýa-da bir ýerde işläp başlanda, «Eti seniňki, süňki meniňki» diýip, tanşymyz bolan başlygyň çagamyza sütem etmegine göz ýummagymyz.

Bularyň ikisi hem nädogry…

Goý, çagaňyz hepdäniň 1-2 güni bolsa-da işlesin!

Köpçülige: «Sen meniň kimdigimi bilýärsiňmi?!» diýip ýüzlenýän we özünden ejizi görende olara ezýet berýän, pul bilen, güýç bilen, kaşaňlyk bilen abaý edýän wagşy mahluk ýetişdirmek islemeýän bolsaňyz, egin-eşik dükanynda, agaç ussahanasynda, et önümleri satylýan ýerde, gök önüm satylýan bazarda, awtoulag ussahanasynda tejribe gazanan çaga ýetişdiriň. Duýgudaşlygy diňe şeýdip özleşdirip bolýar. Başga ýoly ýok.

Gündogar halklary çekýän kynçylyklaryny ýolbaşçylardan, günbatar halklary bolsa önümçilikden görýär. Şol sebäpden biz öz çagalarymyzy hemişe «abraýly uly işgärler» edip ýetişdirýäris. Ýurduň meselelerine önümçilik (ykdysadyýet) däl-de, hemişe dolandyryş (syýasat) nukdaýnazaryndan çemeleşýäris. Önümçilik pudaklaryny däl-de, dolandyryş edaralaryny günäkärleýäris.

Çagalaryňyzy ýolbaşçy bolmaga däl-de, öňi bilen önümçilik bilen meşgullanmaga we bu ugurda goşant goşmaga gönükdiriň.

Goý, çagaňyz öz ukyplaryna, başarnyklaryna we tejribesine görä ýörejek durmuş ýoluny özi saýlasyn! Mekdepde wagty ýekşenbe we uzakmöhletleýin dynç alyş günlerinde maý boldugyça işlän çagalar hem-ä adamlara, hem-de durmuşa, galyberse-de, öz ukyp-başarnyklaryna akyl ýetirer.

Gepiň gysga ýeri, hem jemgyýeti, hem özüni tanar.

Mekdebi tamamlansoň, okanda we işlände iň dogrusyny saýlamagy öwrener. Ertirki gün uly wezipede işlän ýagdaýynda-da, özünden pese ezýet etmez, olar bilen ýüzbe-ýüz boldugyça öz geçmişini ýadyna salar.

Çeşme: Internet maglumatlary

Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

1 thought on “Çaga terbiýesine üýtgeşik çemeleşme…”

Teswir ýaz

Scroll to Top