Bilim, terbiýe we hünär saýlamak

Çagalara terbiýe bermekde mugallymlaryň göreldesi uludyr. Mekdepde her bir mugallym ýaşlara bilim bilen birlikde asylly terbiýe hem berip, maşgalada berlen terbiýäniň üstüni ýetirýär. Bu meselede ata-ene bilen mugallymyň birleşen tagallasy gerekdir. Maşgalada gowy terbiýe berilmedik çaga mekdepde mugallym tertibe çagyryp, terbiýe berjek bolsa körpe oňaýsyz ýagdaýa düşýär. Käbir ata-eneler bolsa mekdepde mugallym diňe bilim bermeli diýip düşünýärler. Şeýle ata-eneler mugallym çagasynyň edepsizdigini duýduranda: «Siz bilim beriň, terbiýäni özümiz bereris» diýip, özleriçe akyl satýarlar.

Hakykatda, bu nädogry garaýyşdyr. Mekdepde çagalara bilim bilen birlikde terbiýe hem berilýändigini her bir ata-ene bilmelidir. Sebäbi bilimsiz terbiýe, terbiýesiz bilim özüniň oňat netijesini bermeýär. Terbiýesiz bilim bolsa ýalaňaja don geýdiren ýalydyr. Çaga bir ýerde gowy terbiýe berilýän bolsa, şol terbiýäni mekdepde mugallymyň berýändigini hiç wagt ýatdan çykarmaly däl.

Edep-terbiýäniň ýok ýerinde ylmyň, akylyň bolmajakdygyny, akylyň ýok ýerinde bolsa hakyky manysyndaky adamy hem tapyp bolmajakdygyny hemmämiz bilmelidiris. Öýde, çagalar bagynda, mekdepde bilim bilen birlikde terbiýäni hem sazlaşykly alyp baralyň!

HÜNÄR SAÝLAMAK

Her bir ata-ene çagasyna ýaşlykdan hünär saýlamagyň, öwretmegiň aladasyny etmelidir. Ýöne bu babatda gyssanmaçlyga ýol bermeli däl. Çaganyň näme höwesiniň bardygyny anyklaman: «Sen lukman bolmaly», «Sen mugallym bolmaly», «Sen sürüji bolmaly», «Sen serkerde bolmaly» diýen ýaly sözler bilen onuň ýüregine düşmek nädogrudyr. Şeýle ýagdaýda çagada hünäre ýigrenç, özünde ynamsyzlyk döremegi mümkin. Hünär saýlamak meselesine örän ünsli çemeleşmeli. Ata-ene çaganyň haýsy hünäre höwesiniň, isleginiň, ukybynyň, başarnygynyň bardygyny gowy anyklamaly. Şondan soň onuň söýýän hünärini ele almagy üçin mümkinçilik döretmeli.

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

Teswir ýaz

Scroll to Top