Bäbek we agy

Agynyň äheňi bäbegiň näme isleýändigini aňladýar. Agy ýa-da aglamak bäbegiň öýkenine peýdaly. Ýöne aşa köp aglasa, bäbegiň gan basyşy ýokarlanýar we ýürege barýan kislorod azalýar. Bäbekler günde ortaça 1-4 sagat aralygynda aglaýar. Dogabitdi näsag çagalar ondan-da köp aglaýarlar. Bäbek bolmalysyndan az aglaýan bolsa bu-da onuň näsag bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bäbekler ajyganda bir, ýadanlarynda başga äheňlerde aglaýarlar. Ünsli eneler bäbekleriniň agysyny tapawutlandyryp bilýärler. Alymlar agy äheňlerini şeýle toparlara bölýärler:

  1. Çaganyň bir ýeri agyranda ýiti ses bilen demi demine sygman, arasyny üzüp-üzüp aglaýar.
  2. Ajyganda kä peselýän kä-te batlanýan ses bilen gysga wagtlyk aglaýar. Ajygan bäbek barmagyny sorýar, elini ýaňaklaryna urýar. Ejesi gujagyna alýança agysyny kesmeýär.
  3. Çaga ýadanda, ukusy gelende ýumşak äheňde edil hiňlenýän ýaly edip aglaýar.
  4. Çaganyň içi gysanda töweregi ýaňlandyryp aglaýar. Bu ýagdaýda çaga agysyny gujaga alýançaň goýmaýar.
  5. Çaga ynjalyksyzlananda, birahat bolanda ýakymsyz ses bilen janagyrly aglaýar. Çaga aşagyny öllese, üşüse, yssylasa derlese hem şonuň ýaly aglaýar.

Çeşme: zamanturkmenistan.com

Teswir ýaz

Scroll to Top