Maşgala

Ynam bildirmek

Terbiýeçilik işinde çaga ynam bildirmek has möhümdir. Sebäbi ynam bildirilýän çagany terbiýelemek ata-ene, terbiýeçi, mugallym üçin hem ýeňil düşýär. Körpäniň bilmek, öwrenmek ukyby güýçli bolýar, her bir zada ynamly, höwesli ýapyşýar. Käbirleri çagalaryň akyl-huşuna, başarnygyna, ukybyna ynamsyzlyk bilen garaýarlar. Olar çagalary gyzyklandyrýan sowallara üns bermeýärler. Körpeleriň başaraýjak işlerini hem etdirmeýärler. Buýrulan ýumuşlary hem soňuna çenli […]

Ynam bildirmek Giňişleýin oka »

Çaga terbiýesine üýtgeşik çemeleşme…

(Bu ýazgyny hemme ata-eneler we mugallymlar hökman okamaly…) Mekdep ýyllarym örän parahat geçdi. Ondan soň işlemändigim sebäpli üýtgeşik iş tejribämem ýokdy. Garaz, hem-ä dil öwrenmek hemem okamak üçin daşary ýurda gitmeli diýen karara geldim. Güzeranymy aýlamak üçin bir restoranda işläp başladym. Meniň ýanymda şol ýerli 14-15 ýaşly başga bir okuwçam işleýärdi. Dynç günleri gije sagat

Çaga terbiýesine üýtgeşik çemeleşme… Giňişleýin oka »

Talapkär eje we mähirli daýza

Daşajygyň ejesi hem-de daýzasy bardy. Olaryň ikisi hem Daşajygy çyn ýürekden gowy görýärdiler, emma olaryň terbiýe berşi meňzeş däldi. Ejesi Daşajykdan ir turmagy, otagyny tertiplemegi, sapaklaryna ykjam taýýarlyk görmegi, köp okamagy talap edýärdi. Gyzyna boş wagtlary köýnek tikmegi, örüm örmegi, zähmeti söýmegi we hiç bir işden çekinip durmazlygy öwrederdi. Emma daýzasy welin oňa hiç bir

Talapkär eje we mähirli daýza Giňişleýin oka »

Mähir bermek

Mähirli söz, mähirli bakyş adama hoş ýakýar, göwnüňi göterýär, lezzet berýär. Mähir türkmende mylaýymlyk, ýakymlylyk bilen baglanyşykly duýgyny aňladýar. Her bir adama mähir gerekdir. Çagalara welin, mähir has zerurdyr. Ata-ene çagasyna mydama mähir berip durmalydyr. Ata-enäniň mähri has ýakymlydyr, güýçlüdir, deňsiz-taýsyzdyr. Ol çaganyň ýüregini eredibem bilýär, ýetmezçilik eden wagty doňdurybam bilýär. Ene çagasyna göwresinde wagty,

Mähir bermek Giňişleýin oka »

Isleg

Çaganyň ösüp kemala gelmeginde islegiň bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bar. Islegler çagada dürli ýaşda ýüze çykýar. Islegiň döremegine maşgala, mekdep durmuşy, okalýan kitap-žurnallar, synlanylýan kinofilmler, edilýän gezelençler, görülýän suratlar, sergiler, wakalar, eşidilýän gürrüňler we beýlekiler täsir edip biler. Körpäniň arassa, päk duýgusy, asylly isleg-häsiýetleriniň özeni maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde kemala gelýär we ösdürilýär. Çagalar

Isleg Giňişleýin oka »

Maşgala terbiýesi

Türkmende: “Edep öýden başlanýar” diýen pähim bar. Her bir ata-ene perzendini janyndan eý görýär. Ony apalap saklaýar, iýdirip-içirip, gözden-dilden, otdan-suwdan gorap kemala getirýär. Çagasynyň akylly-başly, edepli-ekramly, ylymly-bilimli, halkyny, Watanyny söýýän, ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin gije-gündiz dyngysyz aladalanýar. Türkmen çagasy enäniň ýyly gujagynyň yssy mährini duýup kemala gelýär. Şol mähir-muhabbet ata-ene bilen çaganyň gatnaşygyny has

Maşgala terbiýesi Giňişleýin oka »

Terbiýäniň gözbaşy

Ýaş ata-eneleriň käbiri: “Çagam heniz ýaş, hiç zada düşünenok. Az-kem akyly ýetip, agy-garany saýgaransoň terbiýe bersek hem ýetişeris” – diýip, düşünýärler. Hakykatda, bu eýýäm giç. Türkmen halky perzent terbiýesini mydama üns merkezinde saklapdyr. Olar geljekki nesilleri eneleriň göwresinde wagty terbiýeläp başlapdyrlar. Ene göwreli bolan badyna üns-alada bilen gurşap alypdyrlar. Göwreli aýallara agyr iş etdirmändirler, agyr

Terbiýäniň gözbaşy Giňişleýin oka »

Üç goja

Öýüň bikesi howla çykanda, daşarda üç sany ak sakgally nätanyş gojanyň oturanyny görýär. Öz ýanyndan olary garyp hem açdyr öýdüp, öýlerine çagyrýar. – Geliň, öýe giriň, size iýer-içer ýaly zat bereýin. – Adamyňam öýdemi? – Ýok, öýde däl. – Onda biz girip bilmeris. Şeýdip, garaňky gatlyşýança, olar daşarda oturyberýärler. Agşam öýüň hojaýyny gelende, aýaly oňa

Üç goja Giňişleýin oka »

Supra edebi

Halkymyzyň ruhy dünýäsi uzak asyrlaryň dowamynda däp-dessurlar, urp-adatlar, yrym-ynançlar bilen baýlaşypdyr. Şeýle däp-dessurlar supra edebi bilen baglanyşykly-da döräpdir. Biri-birinden lezzetli nygmatlar her bir desserhanyň esasy bezegidir. «Her nygmat özi üçin şükür islär» diýen aýtga görä, nygmatlara el uzatmak «Bismilla» diýen şüküranalyk kelamy bilen başlanýar. Çünki ýagşy ynanja görä, bu kelam nygmatyň mukdaryny we berekedini köpeldýär.

Supra edebi Giňişleýin oka »

Ene-ata ýüzlenme

Hormatly ata-eneler! Durmuşda biziň boýun bolmaly ençeme kada-kanunlarymyz, ýerine ýetirmeli işlerimiz, gitmeli ýerlerimiz, tölemeli töleglerimiz we şuňa meňzeş bir giden jogapkärçiliklerimiz bar. Bular käte biziň egnimizden basyp, aşa ýadadyp biler. Muňa garamazdan, biz özümizi biderek zatlar bilen meşgul etmegi hem aňry ýany bilen başarýarys. Ömür tanapymyz üzülmänkä, biziň üçin aslynda nämeleriň has wajypdygyna düşünip bilsedik,

Ene-ata ýüzlenme Giňişleýin oka »

Scroll to Top