Elektroliziň ulanylyşy

Elektroliz hadysasy senagatda giňden ulanylýar. Köp sanly möhüm himiki maddalaryň alnyşy elektrolize esaslanýar. Metallary magdanlardan bölüp almak we gaýtadan işlemek üçin hem elektroliz ulanylýar.

Elektrometallurgiýa. Senagatda metallaryň köpüsi, ýagny alýuminiý, mis, magniý, hrom, titan we ş.m. elektroliz usuly bilen alynýar. Meselem, bu usul bilen arassa alýumininiň alnyşyna seredeliň. Himiki taýdan baglanyşan alýuminiý (adatça oksidler görnüşinde) saklaýan magdanyň 900°С-da gyzdyrylyp eredilen ergini ýörite metal wanna guýulýar. Anod hökmünde kömür elektrody ulanylýar, katod bolup wannanyň özi hyzmat edýär. Gyzdyrylyp eredilen erginden elektrik togy goýberilende wannanyň düýbünde suwuk alýuminiý emele gelýär, ol ýörite turbajykdan akdyrmak arkaly alynýar.

Metallary düzümindäki garyndylardan arassalamak (rafinirlemek). Tehnikada käbir maksatlar üçin ulanylýan metallary ýokary derejede arassalamaklygyň zerurlygy ýüze çykýar. Meselem, elektro – we radiotehnikada ulanmak üçin misi arassalamak gerek, çünki garyndylar onuň elektrik geçirijiligini peseldýär. Düzümindäki garyndylardan misi arassalamak üçin elektrolitiki wanna mis sulfatynyň (II) ergini guýulýar we anod hökmünde arassalanmadyk ýogyn mis plastinkasy, katod hökmünde arassa misden ýasalan ýuka plastinka ergine batyrylýar. Erginden elektrik togy goýberilende anod kem-kemden ereýär, garyndylar çökýär katodda arassa mis emele gelýär. Altyn, nikel, gurşun ýaly beýleki metallar hem şeýle usul bilen alynýar.

Metal bilen örtmek (galwanostegiýa). Käbir önümlere owadanlyk, berklik bermek ýa-da korroziýadan goramak üçin olaryň daşyny haýsy hem bolsa bir metalyň ýuka gatlagy bilen örtmeklik ulanylýar. Bu ýagdaýda örtmek üçin ulanyljak metalyň duzunyň ergini guýlan wanna katod hökmünde daşy oňat arassalanan önüm ýerleşdirilýär. Deňölçegli örtügi almak üçin arasynda önümi ýerleşdirmek bilen, anod hökmünde iki plastinkany ulanmak bolar.

Elektroforez. Bu hadysa lukmançylykda bejergi üçin ulanylýar. Elektrodlar adamyň tenine goýulýar. Adamyň teni bilen elektrodlaryň arasynda elektrik toguny geçirýän dermanlyk madda siňdirilen mata goýulýar. Hemişelik toguň täsirinde zarýadly bölejikler matadan derä, soňra bedene hereket edýärler. Bedene dermany goýbermek prosesi şeýle amala aşyrylýar, onuň tizligini toguň güýjüni üýtgetmek bilen sazlamak bolar.

Bulardan başga-da, elektroliz hadysasy haýsydyr bir önümiň üst ýüzüniň nusgasyny almak, metal önümleriň üst ýüzüni ýylmamak we ş.m. üçin ulanylýar. Şeýle hem dürli organiki däl we organiki maddalary sintezlemek üçin elektroliz ulanylýar. Ony himiýanyň elektrohimiýa bölümi öwrenýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, 11-nji synp üçin “Himiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top