Alfred Nobel we “Nobel” baýragynyň gelip çykyşy

100 ýyldan hem köp wagtdan bäri ylymda, edebiýatda adamzat üçin peýdaly işleri bitiren adamlar Nobel baýraklary bilen sylaglanyp gelinýär. Nobel parahatçylyk baýragy halklaryň agzybirligi üçin dürli kynçylyklara garşy göreşen, goşunlary azaltmak üçin elinden gelenini eden, bu ugurda janyny gaýgyrman iş alyp baranlara berilýär. Ýöne Alfred Nobeliň we Nobel baýraklarynyň känbir aýdylmadyk we müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan garaňky geçmişi bar.

Alfred Bernhard Nobel 1833-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde dünýä inýär. Kakasy Immanuel Nobel bolsa tutuş ömrüni maddy göreşlere sarp eden oýlap tapyjy we inžener bolupdyr. Ahyrsoňy işinden arza ýazyp çykmaga mejbur bolan Immanuel Şwesiýany taşlap, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine göçmeli bolýar. Oýlap tapan zatlarynyň biri bolan deňizasty partlaýjylary zerarly ol şol ýere ýerleşýär.

Ondan soňra aýalyny we 8 çagasyny hem Sankt-Peterburga göçürýär. Ogullaryna güýçli bilim berýär. Ogullaryndan Alfred düýpli rusça bilim alýar. Birnäçe dili suwara bilip, himiýa, fizika, poeziýa we tebigy bilimlerde kämilleşýär.

Emma garry kakasy Alfrediň poeziýa bolan höwesini göwnemän, ony himiýa we inženerlik ugurlaryndan bilim almagy üçin daşary ýurda ugradýar. Parižde okaýarka, 1847-nji ýylda nitrogliserini oýlap tapan italiýan Askanio Sobrero bilen tanyşýar. Nitrogliserin azotnokislyý we kükürt kislotasynyň birleşmesiniň gliserin bilen reaksiýasynda ýüze çykýan güýçli partlaýjy suwuk himiki maddadyr.

Tradegiýadan dörän innowasiýa

Nitrogliseriniň tejribede ulanylyp görülmegi üçin howply bolsa-da Nobeliň maşgalasy munuň potensial ulanylyşyny derňäp kommersiýalaşdyrmaga synanyşýar. Russiýa Şwesiýada işleri alyp barýar. Ýöne boljak iş bireýýäm bolýar. 1864-nji ýylda Alfrediň iň kiçi dogany Emil we ýanyndaky işdeşleri Şwesiýadaky fabrikde ýüze çykan partlamada heläk bolýarlar. Şonda-da bu betbagtçylyk Alfrediň nitrogliserini howpsuzlaşdyrmak üçin edýän synanyşyklaryna päsgel berip bilmeýär. Nätse-de edeni ugruna bolubermeýär. Soňky “partlaýjy ýag” ýasamak üçin nitrogliserini we därini garyşdyranda ýüze çykan partlamada San Fransiskodaky ammarda 15 adam heläk bolýar.

1867-nji ýylda Nobel iki atomly toprak bilen nitrogliserini birleşdirip, taýajyk şekiline salyp boljak bir bölek oýlap tapýar. Nobel bu açyşynyň patentini alyp, oňa grekçe “güýç” sözüni aňladýan dinamit adyny dakýar.

Dinamitiň tapylmagy magdanda, gurluşyk senagatynda ewolýusiýa döredýär. Munuň saýasynda demir ýollary üçin daglary howpsuz ýagdaýda ýaryp, ýol ýasap bilýärler. Netijede, Nobel 355 patente eýe bolan birnäçe açyş edip, uly emläge eýe bolýar.

Ölüm täjiri

Dinamit ilki peýdaly maksatlar üçin ulanylsa-da, gysga wagtyň içinde uruşlarda ulanylmaga başlanýar. Ispaniýa-Amerika söweşinde dinamitli partlaýjylaryň ulanylmagy bilen dinamit uruş ýaragy ýaly görlüp başlanýar. Nobeliň bu uruşlarda dinamit ulanmagy goldap-goldamanlygy anyk bilnenok. Onuň parahatçylygyň tarapdary bolandygy aýdylýar.

Munuň bilen birlikde, 1888-nji ýylda dogany Ludwidiň aradan çykmagy bilen adamlaryň öz açyşy hakynda näme pikir edýändigine göz ýetirýär. Alfrediň dogany üçin beren ölüm habarynda käbir žurnalistleriň goýberen ýalňyşy bilen özüniň ölüm habaryny berendigi ýüze çykarylýar. Hatda bir fransuz gazeti ol barada “Le marchand de la mort est mort”, ýagny “ölüm täjiri” diýip ýazdy. Bu ölüm habarynda Nobeliň adamlary has çalt öldürmek üçin niýetlenen täze açyşlaryndan baýaýandygy ýazylypdyr.

Nobel bu habarlary okap özüni ýitirýär. Netije hökmünde mirasyny oňat işler üçin ulanmaly diýen karara gelýär. 1896-njy ýylda ölmezinden bir ýyl ozal iň soňky hyýalyny amala aşyrýar. Alfred Nobel emläginiň köp bölegini bäş kategoriýa boýunça Nobel baýragynyň berilmegi üçin bagyş edýär. Nobel baýraklary şu günki günde lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we parahatçylyk ugurlary boýunça gowşurylýar.

Taýýarlan Hazyna

“Alfred Nobel we “Nobel” baýragynyň gelip çykyşy” barada 3 pikir

Teswir ýaz

Scroll to Top