Organiki däl we organiki himiýada kataliz

Gomogen we geterogen reaksiýalaryň tizligine täsir edýän şertlerden belli bolşy ýaly, katalizatorlar olaryň tizligini ýokarlandyrýandyr. Hakykatdan-da himiki reaksiýalaryň tizligini ýokarlandyrmak üçin katalizator laryň ähmiýeti örän uludyr. Örän köp organiki däl we organiki maddalaryň önümçiliginde katalizatorlaryň orny uly bolup, kükürt kislotasynyň, azot kislotasynyň, metil we etil spirtleriniň, uksus aldegidiniň hem-de beýlekileriň öndürilişi gönüden-göni katalizatorlaryň gatnaşmagynda amal edilýär.

Diýmek, katalizator diýlip, reaksiýa gatnaşýan, ýöne sarp bolman, onuň tizligini ýokarlandyrýan madda aýdyl ýar. Käbir maddalar reaksiýa gatnaşyp, onuň tizligini peseldýärler. Şeýle maddalara ingibitorlar diýilýär. Haçan-da, ol ýa-da beýleki maddalar reaksiýa goşulanda onuň tizligi ýokarlanýan bolsa, onda şeýle hadysa kataliz diýilýär.

Katalizatoryň täsirinde geçýän reaksiýalara katalitiki reaksiýalar diýilýär.

Kataliz hadysasyna düşünmek üçin katalizatoryň täsirine göz ýetirmek zerurdyr. Reaksiýalaryň gomogen ýa-da geterogendigine garamazdan, katalizatorlaryň täsiri birmeňzeşdir. Ýagny, katalizator himiki reaksiýa işjeň gatnaşyp, reaksiýa ukyplylygy ýokary bolan aralyk önümi emele getirýär. Reaksiýa ukyplylygy ýokary bolan aralyk önüm bolsa, onuň tizligini çaltlandyryp, ahyrky önümiň emele gelmegine getirýär. Mysal üçin, tejribehana şertlerinde etil spirtini, katalizator hökmünde kükürt kislotasynyň gatnaşmagynda alynýar. Etilen suw bilen gönümel täsir edişmän, kükürt kislotasy bilen täsirleşýär.

Netijede, suw bilen täsirleşmek ukyby ýokary bolan etil-sulfat emele gelýär.

Katalitiki reaksiýalaryň köpüsi geterogen reaksiýalar bolup, bu ýagdaýda katalizator özüni adsorbent ýaly alyp barýar. Mysal üçin, kükürt (IV) oksidinden, kükürt (VI) oksidiniň emele gelmegi owradylan wannadiý (V) oksidiniň V2O5 gatnaşmagynda geçýär. Wannadiý oksidiniň ýokary derejede owradylmagy, onuň galtaşma üstüniň artmagyna getirip, ol adsorbsiýanyň geçmegini çaltlandyrar we reak siýalaryň tizligini aşakdaky iki ýagdaý boýunça ýokar landyrar:

  1. Reaksiýa gatnaşýan maddalaryň adsorbirlenen mo lekulalary biri-biri bilen jebis galtaşyp durandyr.
  2. Katalizatoryň üstündäki jebis galtaşyp duran mo lekulalar özara dartyşyp, biri-biriniň himiki bag lanyşygyny gowşadýarlar. Ýagny, olaryň üzülmegi ne we durnuksyz aralyk önümiň emele gelmegine getirýärler. Ol bolsa reaksiýanyň tizligini ýokar landyrýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 11-nji synplar üçin «Himiýa» dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top