Himiki reaksiýalaryň ýylylyk effekti

Himiki reaksiýalar ýylylygyň siňdirilmegi ýa-da bölünip çykmagy boýunça iki topara, ýagny ekzotermiki we endotermiki reaksiýalara degişli diýip belläpdik. Adatça, himiki reaksiýalaryň geçmegi üçin ýylylyk berilýär ýa-da olardan ýylylyk bölünip çykýar. Diýmek, ekzotermiki we siňdirilmegi ýa-da bölünip çykmagy bolup, ol ýylylyk effekti diýlip atlandyrylýan ululyk bilen kesgitlenilýär. Ýagny, himiki reaksiýalarda siňdirilýän ýa-da bölünip çykýan ýylylygyň mukdaryna reaksiýanyň ýylylyk effektidiýilýär. Şol, siňdirilýän ýa-da bölünip çykýan ýylylyk mukdaryny görkezmek bilen ýazylan himiki deňlemelere bolsa, termohimiki deňlemeler diýilýär.

Himiýada «maddanyň emele gelmeginiň ýylylygy» hem- -de «maddanyň ýanmagynyň ýylylygy» diýen düşünjeler hem giňden ulanylýar. Maddanyň emele gelmeginiň ýylylygy diýlip, sada maddalardan 1 mol mukdardaky maddanyň emele gelmeginde siňdirilýän ýa-da bölünip çykýan ýylylygyň mukdaryna düşünilýär. Ýokarda suwuň sada maddalardan emele gelmeginiň termohimiki deňlemesi getirilen:

2H2 + O2 = 2H2O + 571,6 kJ

Deňlemäni 1 mol mukdardaky suwuň emele gelmegi üçin alarys:

H2 + ½ O2 = H2O + 285,8 kJ

Diýmek, 1 mol mukdardaky suwuň emele gelmeginiň ýylylygy 285,8 kJ.

Maddanyň ýanmagynyň ýylylygy diýlip, şol maddanyň 1 mol mukdary ýananda bölünip çykýan ýylylygyň mukdaryna aýdylýar. Ýokarda metanyň ýanmagynyň termohimiki deňlemesi getirilen. Deňleme boýunça 1 mol mukdardaky metan ýananda 890,2 kJ ýylylyk bölünip çykýar. Diýmek, metanyň ýanmagynyň ýylylygy 890,2 kJ.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 11-nji synplar üçin “Himiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top