Almaz barada

Alym Sol­tan­şa Ata­ny­ýa­zow «Türk­men di­li­niň söz ­kö­ki (eti­mo­lo­gik) söz­lü­gi» at­ly ki­ta­byn­da «Al­maz — kristal gör­nüş­li te­bi­gy gy­raň­la­ry bo­lan mi­ne­ral da­şa — göw­he­re geo­log­lar al­maz di­ýip at ber­ýär­ler. Be­zeg üçin köp ula­nyl­ýan bu daş özi ýa­ly daş­laryň için­de iň gym­mat­ly­sy we berk­di­gi, çy­dam­lydy­gy, ga­ty­ly­gy ba­bat­da iň ýo­ka­ry hil­li­si ha­sap­lan­ýar. Beý­le­ki daş­la­ry al­maz bi­len ke­sip bol­ýan bol­sa-da, al­ma­zy baş­ga daş­lar bi­len ke­sip ýa-da ow­ra­dyp bol­ma­ýar. Şonuň üçin hem zer­gär­le­riň ara­syn­da «Al­ma­zy al­maz bi­len ke­ser­ler» di­ýen aýt­gy ýör­gün­li­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, sak­gal syr­mak­da ula­nyl­ýan iň­ňän ýi­ti we ýu­ka­jyk iki ýüz­li pä­ki­le­re-de il ara­syn­da al­maz­pä­ki di­ýil­ýär» di­ýip, bel­le­ýär.

Geç­miş­de türk­men top­ra­gynda se­net­çi­li­giň, zer­gär­çi­li­giň, de­mir­çili­giň ösen­di­gi, gym­mat ba­ha­ly be­zeg daş­la­ryn­dan ýa­sa­lan dür­li önüm­le­riň, şaý-sep­le­riň bu top­ra­ga sy­ýa­ha­ta ge­len ja­han­keş­de­le­ri haý­ran galdy­ran­dy­gy bi­ze ta­ry­hy mag­lu­mat­lar ar­ka­ly mä­lim­dir. Türk­men top­ra­gynda al­maz iş­len­me­dik bol­sa, göw­her gy­raň­lan­ma­dyk bol­sa, ýa­kut­dyr zümer­ret, la­gyl­dyr dür, mer­jen­dir sa­dap zer­gär­çi­lik önüm­le­ri­ne gaş­lan­ma­dyk bol­sa, bu söz­ler nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­mez­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Bir ço­pan eli­ne deg­se bir al­maz, // Çak­mak da­şy ky­lar, gad­ryn nä­bil­sin», Mag­ru­py­nyň «Ço­pan pä­ki­si­ni, çak­ma­gyn şaý­lar, // Al­maz at­ly ba­ha da­şy be­gen­mez», Mol­la­ne­pe­siň «…bi­lin­de al­maz zül­pükar…» di­ýen se­tir­le­ri al­ma­zyň türk­men hal­ky­nyň geç­miş dur­mu­şyn­da­ky or­nuny öz­bo­luş­ly be­ýan ed­ýär.

Meş­hur alym-mi­ne­ra­log, aka­demik A.Ý.Fers­man 1938-nji ýyl­da ne­şir edi­len «Gy­zyk­ly mi­ne­ra­lo­gi­ýa» at­ly ki­ta­byn­da al­ma­zyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lykla­ry­nyň öz­bo­luş­ly­dy­gy­ny aý­ra­tyn nygta­mak bi­len şeý­le bel­läp­dir: «Bir­nä­çe aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri go­şup sa­na­lan­da, al­ma­zyň gym­mat­ly­ly­gy: te­bi­gat­da diňe baş­ga al­maz bi­len syp­jy­ryl­ma­sy, ke­sil­me­si ýa ýo­nul­ma­sy müm­kin bolan iň ga­ty daş­dyr, ere­di­len me­tal­dan ýa ere­di­len dag jyns­la­ryn­dan baş­ga, adam bil­ýän hiç bir su­wuk­ly­gyň içinde ere­me­ýän daş­dyr, adat­da­ky oduň için­de ýan­ma­ýan daş­dyr, biz ony di­ňe 800 gra­dus­dan ýo­ka­ry bo­lan se­litr­li er­gi­niň için­de ýa­kyp bi­le­ris. Ahyr­da al­maz, Gü­nüň ýag­ty­sy­ny saç­mak, ýag­ny as­man­da­ky açyk reňk­li ala-mula älem­go­şar eme­le ge­tir­ýän ýa­gyş dam­ja­jyk­la­ryň ge­çir­ýän iş­le­ri­ni et­mek ýa­ly, aý­ra­tyn hä­si­ýe­te eýe­dir — hut şu älem­go­şar öz-özü­niň reňk­le­ri bi­len gap­la­nyp, bi­ziň da­şy­my­zyň geň galdy­ry­jy ese­ri­ni eme­le ge­ti­rer». A.Ý.Fers­man şeý­le diý­mek bi­len, te­bi­gy reňk­li gym­mat ba­ha­ly mag­danyň se­na­gat taý­dan äh­mi­ýe­ti­ni giň­den be­ýan edip­dir. Hu­su­san-da ýi­ti al­maz bi­len aý­na ke­sil­ýän­di­gi­ni, ga­ýa­la­ry we daş­la­ry kes­mek­de aý­na uç­ly bur­gula­ryň ula­nyl­ýan­dy­gy­ny, dem­ri ýa mi­si oýup, ýü­zü­ne su­rat çek­mek­de, ga­lyň tag­ta­la­ry ýyl­ma­mak­da al­ma­zyň aý­ratyn äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­läp­dir.

Mi­ne­ra­lo­gi­ýa yl­myn­da bir ele­mentiň ýö­ne­keý bir mad­da eme­le ge­ti­rip bil­mek uky­by­na «al­lot­ro­pi­ýa» di­ýil­ýär. Al­maz fi­zi­ki-me­ha­ni­ki aý­ra­tyn­ly­gy boýun­ça ga­ty­ly­gy, berk­li­gi, ýo­ka­ry ýy­ly­lyk ge­çi­ri­ji­li­gi hem-de giň göw­rüm­li ýa­rym ge­çi­ri­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Al­mazyň iň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri-de onuň ýag­ty­lan­ma­sy­dyr. Gü­nüň ýag­ty­sy­na al­maz dür­li reňk­de ýal­pyldap, öwüş­gin atyp baş­la­ýar. Al­ma­zyň çak­syz du­ru­ly­gy, ýag­ty­lan­ma dö­wülme­si­niň we dar­ga­ma­gy­nyň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri (reňk­le­riň öwüş­gin­li oýna­ma­gy) zü­mer­ret, ru­bin, alek­sand­rit daş­la­ry ýa­ly onuň gym­ma­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Al­maz reňk­siz­li­gi bo­ýun­ça kwars, to­paz, sir­kon ýa­ly mi­ne­ral­la­ra meň­zeş­dir. Şeý­le-de bol­sa, al­ma­zyň gül­gü­ne, gök, ýa­şyl, gy­zyl, ga­ra ýa­ly reňk­li gör­nüş­le­ri hem meş­hur­dyr. An­tark­ti­da­dan baş­ga äh­li yk­lymlar­da al­ma­zyň se­na­gat ýa­tak­la­ry duş ge­lip, onuň dür­li gör­nüş­li ýa­tak­la­ry­nyň bar­dy­gy bel­li­dir. Al­ma­zy se­na­gat möçbe­rin­de ga­zyp al­mak iş­le­ri öň­den bä­ri do­wam edip gel­ýär.

Al­ma­zyň se­nagat ýa­tak­la­ry ga­dy­my kra­ton­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly kim­ber­lit we lamp­ro­it tok­ga­jyk­la­ry (trub­ka­la­ry) ar­ka­ly mälim­dir. Onuň bu gör­nüş­le­ri Af­ri­ka­da, Rus­si­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da, Ka­na­da­da duş ge­lip­dir. Al­ma­zyň de­ňiz-der­ýa­la­ryň, umman­la­ryň ke­na­ryn­da­ky gyr­man­çalar­dan göz­le­nip ta­pyl­ma­gy, gym­mat ba­ha­ly daş­la­ryň ga­zy­lyp al­nan ýer­leri­niň, esa­san, suw­ly ýer­ler bi­len bag­ly bol­ma­gy ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­dan mälim­dir. Al­maz ir­ki dö­wür­ler­de der­ýala­ryň gyr­man­ça­la­ryn­dan göz­le­nip­dir, Hin­dis­tan­da we Bra­zi­li­ýa­da der­ýa çä­ge­le­rin­den ýuw­lup al­nyp­dyr. XIX asy­ryň ahy­ryn­da Hin­dis­ta­nyň De­kan ýaý­la­sy­nyň gün­do­ga­ryn­da al­maz ýata­gyn­da ga­zuw iş­le­ri güýç­li dep­gin­de al­nyp bar­lyp­dyr. 1867-nji ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­da çä­gä­niň için­de oý­nap otu­ran bir gyzja­gaz tö­tän­den il­kin­ji al­ma­zy ta­pyp­dyr. Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Kim­ber­li şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ta­py­lan baý al­maz ýa­ta­gy soň­lu­gy bi­len «Kim­ber­li» ady­na eýe bo­lup­dyr. 1900-nji ýyl­da Gü­nor­ta Afri­ka­dan ta­py­lan «Kim­ber­li» at­ly 503 ka­rat­lyk al­maz dün­ýä meş­hur al­mazla­ryň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Al­maz se­na­gat önüm­çi­li­gin­de, de­mir­çi­lik­de öt­gür­li­giň, kes­gir­li­giň, ýi­ti­li­giň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Al­maz ada­ty gör­nü­şin­de owa­dan bol­man, onuň us­sat zer­gär­ler ta­ra­pyn­dan gy­raň­la­nyp, ha­şam­la­nyp gaý­ta­dan iş­len­me­gi, al­ma­zyň köp gy­raň­ly iç­ki ýal­pyl­da­ma­gy­na, öwüş­gin at­ma­gy­na şert­le­ri dö­red­ýär.

Al­ma­zyň gy­raň­la­nan gör­nüş­le­ri, esa­san, to­ga­lak, süý­rüm­tik gör­nüş­li, ar­myt şe­kil­li bo­lup­dyr. «Be­ýik mo­gol», «Re­gen­tiň al­mazy», «Kul­li­nan», «Gü­nor­ta ýyl­dy­zy», «San­si», «Drez­de­niň ýa­şyl göw­he­ri», «Ko­hi­nur» ýa­ly al­maz­lar dün­ýä­niň iň aja­ýyp al­maz­la­ry diý­lip yk­rar edi­lendir. Da­na Py­ra­gy­nyň «Dü­kan kä­ni — Ja­han­gi­riň al­ma­zy» di­ýen se­ti­rin­de dün­ýä meş­hur «Ko­hi­nur» at­ly al­maz ha­kyn­da gür­rüň be­ril­ýär. Gy­raň­la­nyp, gaý­ta­dan iş­le­nen al­ma­za bol­sa «Göwher» diý­lip at ber­lip­dir.

Taýýarlan Al­ma DUR­DY­ÝE­WA

Çeşme: Türkmen dünýäsi gazetinden alyndy

Teswir ýaz

Scroll to Top