Himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri

Her ýyl himiýa, fizika, lukmançylyk we edebiýat ugurlaryna degişli saýlama ylmy açyşlara Nobel baýragy gowşurylýar. Ynha, şu ýyl hem Şwesiýanyň paýtagt şäheri Stokgolmda geçirilen dabarada himiýa ugry boýunça uly açyş eden Emmanuel Şarpantýe bilen Jennifer A. Daudna atly iki zenan bu baýraga mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, DNK, ýagny dezoksiribonuklein (iňlisçesi: «DNA») her bir janly zat üçin diýseň möhüm. Öýjügimiz içinde ýerleşýän DNK gözümiziň we saçymyzyň reňki, boýumyz we başga-da bedenimize degişli ençeme maglumaty özünde saklaýar. 2012-nji ýyldaky bir ylmy işde bakteriýalaryň wiruslara garşy nähili göreşýändiginiň üsti açyldy. Muňa görä, wiruslar öz DNK-laryny bakteriýanyň DNK-syna ýerleşdirýärler. Bakteriýa bu ýagdaýy seljereninden soňra, Cas9 atly molekulanyň kömegi bilen wirusyň getiren DNK-syny kesip aýyrýar. CRISPR ady bilen ylma girizilen bu metodikadan ugur alan Emmanuel Şarpantýe bilen Jennifer A. Daudna hem bu metodikany emeli ýagdaýda ulanmagyň usulyny işläp düzdüler. Ýagny öýjüklerdäki genetiki näsazlyklary emeli ýagdaýda kesip, ýerine täze DNK goýmagyň mümkindigini anykladylar.

Bu metodikany gysga wagtda ösümliklerden ýokary hasyl almak, derman önümçiligi ýaly meselelerde ulanmagy maksat edinýärler. Ol uzagyndan adamlardaky genetiki näsazlyklaryň öňüni almak üçin ulanylar.

Käbir ylmy kinofilmlerde geljekde adamlaryň öz dünýä inmedik çagalarynyň gözüniň reňkini, boýuny we kesellere garşy çydamlylygy ýaly zatlary saýlap biljekdigi görkezilýär. Beýle zat geljekde bolarmy, bolmazmy, bellisi ýok, ýöne edilýän açyşlar gün-günden özgerýär we ylymda täze bir döwrüň başlanandygyndan habar berýär.

Taýýarlan Kuwwat Rejepow

Teswir ýaz

Scroll to Top