Gomogen we geterogen reaksiýalaryň tizliginiň dürli şertlere baglylyklary

Gomogen we geterogen reaksiýanyň tizligi dürli şertlere bagly bolup, olar şol tizlige täsir edip duran ýagdaýlardyr. Olar esasan aşakdakylardan ybarat:

  1. Reaksiýa gatnaşýan maddanyň tebigaty. Maddanyň tebigatyna baglylykda himiki reaksiýalaryň tizlikleriniň dürlüdigi mälimdir. Hatda şol bir görnüşdäki reaksiýalar hem maddanyň tebigatyna baglylykda, ýagny nähili maddanyň gatnaşýandygyna laýyklykda başga-başga tizlikde geçip bilerler. Mysal üçin, wodorodyň ftor bilen reaksiýasy partlama çenli baryp ýetýän bolsa, şol şertde kislorod bilen reaksiýasy örän köp ýyllara çekýändir.
  2. Himiki baglanyşygyň görnüşleri. Adatça ion baglanyşykly maddalaryň himiki reaksiýalaryň tizligi, onda-da erginde, kowalent baglanyşykly maddalaryňkydan ýokarydyr. Kowalent baglanyşykda bolsa, polýar gurluşly maddalarda, polýar däl gurluşly maddalardaky reaksiýalaryň tizliginden ýokarydyr. Mysal üçin, bitaraplaşma reaksiýasy ionlaryň arasynda geçýändigi sebäpli örän ýokary tizlik bilen geçýär.
  3. Reaksiýa gatnaşýan maddalaryň galtaşma üstüniň meýdany. Geterogen reaksiýada maddalar näçe owradylyp, galtaşma üsti ulaldygyça tizlik ýokary bolýar. Mysal üçin, demir bilen kükürt täsirleşende, olar owradylyp tozanlandyryldygyça tizlik, olaryň şeýle reaksiýasyndan has ýokarydyr.
  4. Maddanyň ergindäki konsentrasiýasy. Reaksiýa gatnaşýan maddanyň mukdary köp boldugyça, ýagny erginiň konsentrasiýasy ýokary boldugyça onuň tizligi şonça-da ýokarydyr.
  5. Temperatura. Örän köp himiki reaksiýada temperatura näçe ýokary boldugyça, ol uly tizlik bilen geçer.
  6. Katalizator. Himiki reaksiýalara käbir goşmaça maddanyň az mukdarynyň goşulmagy, onuň tizligini ýokarlandyrýar. Olar ýaly, himiki reaksiýa gatnaşyp, onuň tizligini üýtgedýän, özi bolsa reaksiýanyň ahyrynda üýtgemän galýan maddalara katalizatorlar diýilýär.
  7. Basyş. Eger-de himiki reaksiýa gaz halyndaky maddalarda geçýän bolsa, onda onuň tizligine basyşyň täsiri uludyr. Ýagny, basyşyň ýokarlanmagy bilen göwrüm kiçelip, şol göwrümdäki maddanyň mukdary artýandyr. Maddanyň mukdarynyň artmagy bolsa reaksiýanyň tizligini ýokarlandyrýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Himiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top