Kelemiň peýdalary

Kelem güýz aýlary ýetişýän, witaminlere baý gök önümleriň biridir. Onuň düzümindäki askorbin kislotasy limondakydan ýa-da mandarindäkiden hem köpdür. Kelemiň düzüminde A, C we K witaminleri köp bolany üçin, ol immunitetimizi güýçlendirýär. Eger-de adam her gün kelem iýse, onda infarktyň we insultyň (beýnä gan inmegi) ýüze çykmak howpy görnetin peselýär. Kelemiň görnüşleriniň iň peýdalysy ak kelemdir. Ondan soň brokkoli we reňkli kelem peýdalydyr.

  • Göwrelilikde toksikozadan (aş saýlama) gutulmak üçin, duza ýatyrylan kelemiň suwuny içmek maslahat berilýär.
  • Kelem dowamly iýlen ýagdaýynda melanom (ten keseli), göwüs, pankreatit ýaly rak keselleriniň görnüşleriniň we prostata keseliniň döremeginiň, şeýle hem aşa semremegiň we diabet (süýji) keseliniň hem öňüni alýar.
  • Düzümindäki antioksidantlaryň köplügi göz kesellerine garşy peýdalydyr.
  • Kelemiň suwy käşiriň suwy bilen garylyp içilse, diş eti bilen baglanyşykly näsazlyklara kömek edýär.
  • Düzüminde kaliý elementi bar bolanlygy sebäpli, gan basyşyny kadaly saklaýar.
  • Aşgazany we içegeleri dürli kesellerden goraýar we süňkleri güýçlendirýär.
  • Göwreli aýallara kelemi dowamly iýmek maslahat berilmeýär.
  • Zob keselliler kelem iýmek islese, ilki lukman bilen maslahatlaşmaly.
  • Içgeçmeden kösenýänlere kelemiň suwuny içmek maslahat berilmeýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Kätip Myradow

Teswir ýaz

Scroll to Top