Kofäniň haýsy görnüşi has peýdaly?

Kofe ýat ýetmezçilik keseli bolan Alsgeýmer keselinden goranmaga ýardam berýär. Ol artykmaç aşa semizlikden goranmaga kömek edýär we süýji keseli howpuny peseldýär. Espressomy, kopuçino, robustomy, arabikamy ýa-da amerikanomy? Kofäniň haýsy görnüşi saglyga has peýdaly? Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä kofäniň has peýdalysy süzgüç-kofedigi anyklandy.

Süzgüç-kofe kagyz süzgüjiniň, hususan-da proweriň we kemeksiň ulanylmagy bilen taýýarlanylýar. Içginiň bu görnüşi Skandinawiýa döwletlerinde, Malaýziýada, Mýanmarda, Baraziliýada we Amerikada has meşhur.

Süzgüç-kofäni damja görnüşli kofe gaýnadylýan gapda taýýarlanýar. Ortaça ýa-da iri üwelen dänäni ýörite niýetlenen süzgüje guýýarlar we onuň üstünden gyzgyn suwy guýýarlar. Bu içgini taýýar bolanyndan soňra 200-220 milligramlyk bulgurlarda hödür edýärler.

Alymlar 2-3 çaşka kofäniň ikinji derejeli diýabetiň güýçlenmek howpyny 60% peseldýändigini belleýärler. Kofe antioksidant täsirine eýe bolup, süzüji kagyz deterpinleri – ganyň düzümindäki şekere täsir edýän molekulalary geçirmän saklaýar.

Çeşme: TMCARS

Teswir ýaz

Scroll to Top