Limonyň peýdalary

Limon miwesiniň düzümi ýokumly maddalara baýdyr. Onda S witamini, şeýle hem R we W witaminleri, fosforyň, kaliniň, kalsiniň duzlary bar. Ter limon efir ýagyny, limon suwuny, limon kislotasyny almak üçin hem ulanylýar. Limon miwesi kesel bejermekde hem ulanylýar. Limon kislotasy azyk senagatynda, lukmançylykda, fotografiýada we boýag işlerinde-de peýdalanylýar. Limonyň şiresinde, gabygynda pektin maddasynyň mukdary köp. Bu madda limony ter saklaýar. Miwäniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Pektin maddasy senagatda hem giňden ulanylýar. Limondan alnan pektin maddasynyň hili ýokary bolýar. Ol medisinada aşgazan kesellerini bejermekde hem ulanylýar. Limonyň gabynyň peýdalary guradylyp gerek wagty iýilen ýagdaýynda özüniňkiden 5 esse köpdir.

Peýdalary:

Sowuklama we giribe garşy bedeniň çydamlylygyny artdyrýar;

Limonyň suwyny ary baly bilen garyşdyryp iýmek üsgülewigiň aýrylmagyna kömek edýär;

Bedende rak keseli bar bolan ýagdaýynda keseliň (esasan göwüs) ösmegine garşy göreşýär;

Ýokary gan basyşyny sazlaýar;

Anemi we demgysma (esasanam allergiýa görnüşi) kesellerinden goraýar;

Böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar;

 

Limonyň gabynyň guradylyp iýilen ýagdaýyndaky peýdalary:

Bedeni toksinlerden gorýar we bagyry arassalaýar;

Buşugmakda kynçylyk çekýänlere buşugmaga kömek edýär we aşgazana iýilen iýmiti siňdirmäge ýardam berýär;

Bedeniňizde we dişiňizde döräp biläýjek ýakallaryň öňüni alýar;

Bedendäki ýaralaryň bitişini çaltlandyrýar;

Taýýarlan Kätip Myradow

Teswir ýaz

Scroll to Top