Suw (esse)

Siz ony diýýä­ňiz, dogry aýdýa­ňyz! Duz mukaddesdir. Tagama tagam goşýan mukaddeslikdir, ýöne onuň suwdan alynýanlygy, duzuň duz ýaly bolmagy üçin onuň ýene köplenç, suwa ýanalýanlygy, suwuň ýaşaýyşdygy, dirilikdigi hakdaky pikiriň baýdagy pikirdigini, umumadamzat ykrarly pikirdigini tassyklaýar.

Suw!

Süýji suw!

Ajy suw!

Tagamy boýunça ikä bölünen suwuň çesmesi, gözbaşy babatda atlandyrylyşy dürli-dürlüdir. De­ňiz, derýa, çeşme, köl, guýy, käriz, kak suwy.

Ýagyş, gar suwy. Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň Kyrkguýy, Damla, Ak bugdaý etrabynyň Merkezi Garagumdaky Gamyşly, Sakarçäge, Diň­li, Büküri, Gyzyltakyr… ýaly onlarça obalary guýy gazyp, azda-kände agyz suwy alyp bolýan ýerlerde küren tutupdyrlar. «Suw damjasy — altyn dänesi» pähimi biziň­kileriň suwa garaýşynyň nägadarrakdygynyň aň­latmasy. Altyn dänesi-hä däl, gyzylyň horjun-horjun, harwarharwar bolaýanda-da, onuň ýekeje owurt suwuň deregini tutmadyk halatyny taryh, durmuş kän bilýär. Hut şonuň üçinem, guýy, kak suwy bilen oň­ňut edilýän gum obalary hakda-ha gürrü­ňem ýok, biziň­kileriň akar boýundakylary-da suwy serkarlap-serkarlap ölçäp, her damjasyny eşrepi ýaly tutupdyrlar.

* * *

Guýy gazdyň, suwun içdiň… Guýy bolany bilen, elbetde, hemmesi içip, ganyp gidibermeli suwly däl. Ol ajyly-süýjüli ahyry! Bu onuň gazylan ýerine-de bagly. Gyrkylyk yzly ak çägeleriň-alaňlaryň arasyndan gazylan guýynyň suwuny, bilmezlikden owurtlasaň, sen çaýy­ňy, hamala, geçen ýazdan galan geçi gurdy bilen içen ýaly, ýüzü­ňi ýüze meň­zedýän zatlaryň hemmesi bir ýere çugdamlanýar. Bu diňe owurtlanyň­da şeýle. Içip bolýan suw şekilli suw seslije, çaslyja gaýnamazmy?! Ýok, ol tersine. Saman astyndan suw goýberen ýaly, sessiz etjegini edip, içine «Şa» kir ýuwujysy guýlana ogşap, sessiz çogup durandyr. Bardy-geldi bilmezlikden içäýseň näder öýdýäň?! Bilipmi, bilmänmi ýa suwsuzlykdanmy, ozal-a içmejek bolmaly. Suwsuzlygyň jan bazaryna girenini görüp içdiň­mi, onuň aşgazany­ňy, ýogyn hem ýogyn däl içegeleri­ňi, tutuş süň­ňü­ňi gereg-u-gerekmejek ölöçden saplap, içi­ňi çalgy bilen syrylan ýaly edýär. Içi­ňem daşyň ýaly arassadyr, ýöne mejalsyz, sary ýüplüge dönüp, süýnüp ýatansyň. Jan — toşap. Gyssanjy­ňa Allatagalany çagyrýansyň.

Adam ogly ýaşap ýörkä gün kän. Şeýle günleriň birinde-de pasyllaryň tomsunda, ýollaryň alsynda, gör, Akmollanyň ilersinde ― Tejene barýan ýoluň ugrundamy, Böwürdeşigiň gyrlaryndan Uzboýa eň­ýän ýerdemi, suwsuz galsaň nädersiň? Agzalýan ýerler telefon belgilerini aýlap, «Arçabil» suwuny sargap eltdiräýer ýaly ýerler däl. «Nätmeden Hudaý saklasyn» diýýän biziň­kiler alaçsyzlygy, biçäreligi halamandyrlar. Çar tarap petik diýilýän ýagdaýda-da yş gözläp, najadyny garapdyrlar. Zäk ýaly ajy suwuň bar. Ulagyň ýüki-de halta-halta tüwi. Aýdyşlaryna görä, ýaň­ky ajy suwy tüwiniň üstünden süzüp owurtlasaň, garaz, bir gara aşarlyk ýa-da aň­rujy dady­ňa ýetişiljek bolunsa, ýetişilýänçä jan saklarlyk bolýan bolarly. «Taýak gelýänçä ýumruk» diýen türkmende suwsuzlyga garşy şeýleräk usul başga-da bar bolsa bardyr.

* * *

«Edebiýat we sungatda» işlän Hojaguly aga pahyr — Hojaguly Suhangulyýew bir gün:

— Pylany, sen gum adamy, aýdaly, çopanmyşyň, süri bölünipdir, bölegiň yzyny yzlap gidipsiň, suwuň tükenipdir. Agzy­ňa ýaşyl si­ňek gonjak bolup durka näderdiň? — diýdi.

— Suwy köpräk alardym.

— Alypmyşy­ňam-da, baýapdyr.

— Sazagyň düýbüni öl çägesine çenli gazyp, yssynyň ýüzi gaýdýança, şo­ňa bagry­ňy berip ýatybermeseň?!

— Görýäň­mi? — diýip, ol aýtjak bolýan zadynyň täsirini gürrüň­deşiniň ýüzünden öňünden aň­jak bolýan ýaly dikanlady: — Ýanyňda çörek ýa başga bir gerekli zat dolanan sellofan haltajyk bolsa, suwsuzlykdan heläk bolmaýaň.

— ?!

— Haltajygy sazagyň ýa çerkeziň pürlüräk şahasyna geýdirip, agzyny-da daňýaň. Haltajygyň içi bugaryp başlaýar. Bug suw ahyry! Şojagaz suw damjalarynyň gurap duran agza, dile, tebsirän dodaklary­ňa nem kemi ýok.

Bu şeýlemi, dälmi, ilçilik, elbetde, barlap gören ýa bilýän bardyr. Ýöne, Hojaguly aganyň 18 — 20 ýyl mundan öň aýdanlary nämüçindir, ýatdan-a çykaýmandyr.

* * *

Belli rus ýazyjysy Boris Polewoýyň «Hakyky adam hakynda powest» eserindäki uçarman Alekseý Meresýew uçary urlup ýykylandan soň, aýagy maýyp halyna süýrenip ýörkä, aldygyna gar iýýär. Adam ýaralansa ýa-da tapdan gaçdygyça, suwsagan bolýan bolarly. Elbetde, uçarman açlykdan ölmese-de ölmez, ýöne ýerde gar bolmasa, suwsuzlykdan heläk bolsa-da bolardy. Çünki tebigatda suwuň ýerini tutjak başga bir zat ýok.

* * *

Hawa, suw — ýaşaýyş. Ýaşaýyş diýmek bolsa göreş. Şol göreş gum içlerinde guýy gazmak bilenem bagly. Guýy ussaçylygy, guýy gazmak agyr, howp hatarlydan inçe, sünnä iş.

— Howp-hatar, inçelik guýy ýeriniň ýumşak-gatylygyna, çuň­lugyna bagly ― diýip, Gurbannepes Hojanepes, Sapar Seýitli ýaly atly ussa hökmünde tanalyp ötüp gidenler bilen ençeme guýy gazan Atda hakydasynda geçen asyryň 80-nji ýyllaryna dolanýar: — Merkezi Garagumda Ak bugdaý etrabyna degişli Halylla diýen çopan oýy bar. On üç gulaçda suwa ýetip bolýan eken. Gazyp ýören guýymyzy günortanky dem-dynçdan soň, öýlän guýy ussasy gelýänçä, çöwlügi düşüräýmeli edip goýmak üçin haýdap başladyk. Guýynyň gum çykarylan ýeriniň çuň­lugy adam boýy boldy. Guýudan ilki bilen gum torbanyň agzyny tutýan ýoldaşym çykdy. Gap bili daň­lan ýüp iki ýana süýşüp gondanmaz ýaly, aýlaw kertikli, tirsek boýly sözen agajy — tegegi bagy bilen bili­ňe çigip, aýyrdyň­dan geçirip, üstünde oturanyň­dan soň, «Çek!» diýip gygyrmaly. Şol gezek şeýtmedim-de, tegegiň taýly tarapyna aýaklarymy goýup, «Çek!» diýdim. Ýokarda, guýynyň agzynda duranlaryň biri, «Gaýt!» diýdi. Dol bugurçysynyň ýöräp başlanlygy aň­dyrdy. Ýokaryk — guýynyň agzyna golaýlaýandygym bildirdi. Galan zat göz açyp-ýumasy salymda boldy: bir-ä utundan ýapyşanymy, birem topuklarymy nämedir bir zadyň sydyrdyp gidenini bilýän. Ýaşlygyň, ham-hyýallygyň etdirýän zadyny görsene! Ýeri, ýüpli tegegi guşanyp, soň üstünde atlaýyn oturyberseň, allanäme bolaýjak. Henizem göwrä­ňe buýurýan çeýe wagtyň, utundan ýapyşyp ýetişdim, ýogsam ardurja guýa gaçaýmaly. Ussa işlenendigini görüp begendi. «Oňaraýpsyňyz» diýdi. Oňarmadyk zadymyz hakda weli, aýtmadyk.

* * *

Ýerden ýöreýän ulag ady dakylanda, atdyr düýeden özgesine aň­sat-aň­sat çykdyrmaýan, gerşi sözendir selinli, siň­rendir güneýikli, humarçykly alaň­lar, içi gordan püre-pürlenen ýaly çuň gollar tomsuň üç aýynda wagtal-wagtal tütäberermikä diýdirýär. Herhal, beýdäýenok, çydaýar. Howanyň şonuň ýaly tebit alýan döwri düýe janawar suwsuz arkaýyn gün aşýar, iki aşýar, hatda birnäçe günläbem oň­ýar. Gyşyň «Tüf!» diýeniň­de tüýküligiň ýere şakyrdap deger öýtdürýän gury aň­zagynda weli, ol janawaram suwsuzlykdan gaň­ňala döner eken. Onsoň baryp-ha güýzüň ortalarynda uzak örä çekilen aýagy uzyn mal bulut ýaly top-top bolup, suw içen guýusyna eňiberýär. Onsoň düýeli düýesine eýe çykýar. Aň­zaklan mallar guýynyň bugaryp duran ýyly suwundan ganansoň, bir silkiner-de, gelen ugruna rowana bolar.

* * *

Keýik janawar sarç hem tez bolýar. Ygasyndan baraýmasaň, ýelesinden näçe daşgyn aýlanyber, barybir, aň­ýar, adam ysyny alansoň, ümdüzine tutdurýar. Şeýle ürkek janawarlar geçen asyryň 83-nji ýyldaky yssysynda, ilkagşam — göz baglanansoň, suw ysyny alyp, Merkezi Garagumuň Diň­li obasyndaky guýularyň başyna gelýärler. Adam-garadan garaw görmänsoň­lar, gündiz düýe, goýun-geçi ýakylanda, nowa düýbünde galan suwdan alnyp gidipdirler.

Şol ýylyň tomsunyň aýaklaberen uçurlary bolsa gerek, Diň­liden on iki kilometrlik gündogarda, Sakarçäge obasyndaky mekdebiň müdiri Atamyrat Atdaýewlerde otyrdyk. Gün ýaşyberer uçurlary bolansoň, daşarda, agaç sekiniň üstündedik. Seki aram-aram takyrdaýar. Öý eýesi weli, öwrenişipmi-nämemi, hamala, takyrdyny eşitmeýän ýalydy. Takyrdynyň sebäbi çakgan belli boldy: entek çebişteň görünýän, şahlary bir tutam keýijek aýajyklaryny sekiniň üstüne atdy. Asyl, halide takyrdy baryny turzup ýören şu janawar bolsa nätjek?! Boýnunda göräýmäge aň­satdyr öýtdürse-de, hemmä başartmaýan, kesäýmeseň ýa ýolnaýmasa, iň­ňän berk bolýan, gondy bagly boýun ýüpüniň beýleki ujy sekiniň aýagyna iltelen eken. Gündiziň tüp yssysynda sekiniň aşagynda kölegeläp, gyzgynyň ýüzi gaýdansoň, ynha, şeýdip çykýan bolarly. Ortada duran süýjüdandan tegelejik dükan kökesini uzatdym. Iýdi. Ýene uzatdym. Ýene-de iýdi.

Öý eýesi ýassyga gyşaryp ýatan ýerinden dikeldi.

— Nakyllar nakyly nakyl edýän manysynda däl-de, göni manysynda-da boljak eken — diýip, sözüni dowam etdi: — Araky allajy yssylarda gijöýlän geçileri örä sürüp barýarkam, akla­ňyň daş ýüzünde, ýol ýakasynda, sazagyň düýbüni çala üşeläpdir-de, guýlunyp ýatyr janawar. Ýaşamak nesibesi bardyr-da, şunça baraýypdyryn, barylmasa, suwsuzlykdan göni gatajak ýa-da ite-guşa şam boljak eken. Suw ysyny alyp gelipdir-dä, janawar. «Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýleni, alyp gaýtdym.

— Böwrüne kelle sokaýmaly bolup, göni gatap ugransoň, mal edäýmek aň­sad-a däldir?

— Hawwa-la, suwsuzlykdan gaň­ňala dönensoň, doly bedräni öňünde goýanyň­da-da, silkinip suwdan çykmajagy belli. Ýyllap ýatan hassa seredilişi ýaly, damjalap, az-azdan bogazyny öllemeli.

— Suwuna toýun garmaly diýsene.

— Ýürejigini tutup, ýuwaş-ýuwaşdan gözi ýerine gelmegi üçin edilýän zat ol.

— Indi goýberäýeň­de-de başyny çaramazmy?!

— Häzir bu janawar tosunmyka öýdýän. It-guşa şam bolar gorkusy bar, ýöne her zat öz ýerinde ýagşy. Birki günden ýüpden boşadyp meýdana çykaryp goýberjek.

* * *

Aýdylyşy ýaly, suw — dirilik. Onuň baran ýerinde ýaşaýyşdyr gülleýiş bar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy bilen ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýän «Altyn asyr» Türkmen köli, onuň kenarynda gurulýan durmuş-önümçilik toplumy şonuň ýene-de bir düýpli mysalydyr.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti

Teswir ýaz

Scroll to Top