Ýertudana we onuň peýdalary

‘Ýertudana ýaz paslynda ilkinji ýetişýän miweleriň biri bolup, onuň özboluşly tagamy bar. Megerem onuň datly tagamyndan hiç kim ýüz öwrüp bilýän däl bolsa gerek. Ýertudanadan mürepbe we dürli şerbetler taýýarlanýar. Köpýyllyk ösümlik bolan ýertudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da «murtjagazlaryndan» köpeldip bolýar. Ýertudana C witaminine we dürli minerallara baýdyr. Onuň düzüminde marganes, mis we nitrat ýaly minerallar köpdür. Gadymy Rimde ony dürli keselleri bejermek üçin hem ulanypdyrlar.

Peýdalary:

  • Düzümindäki C witamini bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ýaralaryň bitmesini çaltlaşdyrýar, gan basyşy kadalaşdyrýar (peseldýär), dişleriň we süňkleriň emele gelmegine kömek edýär.
  • Nitrat myşsalara ganyň we kislorodyň köp barmagyny üpjün edip, myşsalaryň ýadamagynyň öňüni alýar.
  • Onuň düzümindäki mis deride kollageniň döremesini çaltlaşdyrýar. Ýertudanany ýa-da onuň suwuny derä çalmaklyk deriniň näzik we ak bolmagyna hem-de onuň garramagynyň öňüni alýar.
  • Düzümindäki antosionin maddalary horlanmaga ýardam berýär.
  • Ýertudanada aspirine meňzeş madda bar, bu madda bolsa kelle agyryny aýyrmaga kömek edýär.

Ýertudanany iýeniňizde, üns berilmeli zatlar:

  • Iýmezden öň hökman ýuwmaly.
  • Miwäni ýuwup sowadyjyda saklamaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi ýuwlan miwe çalt zaýalanýar.
  • Miwe ýyglandan soňra, ony sowadyjyda 3-7 gün aralygynda saklap bolýar.

Çeşme: Wikipedia we beýleki intetnet sahypalary

Taýýarlan Kerimguly Gurbanmuhammedow

Teswir ýaz

Scroll to Top