Hümüs

Hümüs — saglyga örän peýdaly bolan datly müsür tagamy. Nohut — hümüsi taýýarlamaga gerek bolan esasy önüm, B-witaminlerine we beloga baý çeşme. Hümüs kletçatka baý we gowy doýurýar. Ol immun sistemasyny stimulirleşdirýär we içegäni arassalamak ukybyna eýedir. Mundan başga-da, ony taýýarlamak örän aňsat we ýönekeý.
Beloga baý çeşme hökmünde, ol aç bolmazlyga kömek edýär, oňat ýüreksilikdir we gandaky şekeriň mukdaryny kadalaşdyrýar. Onuň düzümindäki demir energiýany artdyryp biler we sizi maşk etmäge has hem höweslendirip biler. Bu bolsa hümüsiň horlanmak üçin ýaramlydygyny aňladýar.
Hümüs barada gyzykly maglumatlar (faktlar):
• Holesteriniň mukdaryny azaltmaga kömek edýär;
• Köp meşhur adamlar bu saglyga aňrybaş peýdaly tagamy halaýarlar;
• Hümüs dürli tagamly we köpdürli görnüşli bolýar;
• Dünýädäki adamlaryň köpüsi hümüssiz oňup bilenok;
• Nohudyň rak (düwnük) keseliniň ýaýramak riskini köp mukdarda azaldýandygyny köp barlag tejribeleri görkezdi;
• Ony öýde taýýarlamak aňsat;
• Hümüs saglyga örän peýdalydygy üçin Ortaýer deňziniň berhiziniň bir bölegi bolup durýar;
• Bu saglyga zyýanly iýmitleriň we giňden ýaýran çöregiň ornuny tutujydyr;
• Hümüsiň esasy gerek önümi bolan nohut süýji tagamly, hoz yslydyr we gürrüňsiz işdäaçarlaryň köpüsine goşulanda hem gowy.

Ondan hümüs taýýarlamak hem, ony çorbalara goşmak ýa-da daşy kitirdeýänçä howurpeçde bişirip, ýokumlu ýüreksilik taýýarlamak hem aňsatdyr. Nohut noýbalar maşgalasynyň agzasy bolsa-da, ol beýleki noýbalardan tapawutlylykda düzüminde peti (krahmaly) azrak saklaýar. Bu bolsa onuň horlanmak isleýänlere juda ýaraýandygyny aňladýar. Emma ýokary hilli nuty almak üçin siz onuň guradylan görnüşini almaly we öz islegiňize görä taýýarlamaly.
Eger dogry taýýarlanylsa, hümüs düwnük keseline garşy güýçli düzüme eýe. Ol rak keseliniň ösme howpuny (riskini) 50%-e çenli azaldyp bilýär diýlip hasaplanylýar. Nohut we beýleki noýbalaryň düzüminde düwnük öýjüklerinde prostatanyň we süýt mäzleriniň öýjükleriniň ösüp gitmegini ep-esli haýallaşdyryp biljek we syçanlaryň ýogyn içegelerindäki düwnügiň öň ýanynda döreýän öýjükleriň 64%-ini ýok edýän birleşmeleri saklaýandygy ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, häzirki geçirilýän barlaglara görä, yzygiderli noýba iýýän adamlarda umumy alnanda düwnügiň ösme howpy 32%, ýogyn içegäniň düwnüginiň howpy 57% we peşew mäziniň düwnüginiň howpy 45% az. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, hümüs örän aňsat we tiz taýýarlanylýar. Esasy zat, organiki nohudy saýlaýandygyňyza üns beriň.

Taýýarlan Baýlarowa Şirin

Teswir ýaz

Scroll to Top