Tut agajy

Tut agajy — tutlar maşgalasyna degişli ösümlik bolup, beýikligi 10-15 metre ýetýän, ýaprak dökýän, ýasy, seteran ýaprakly agaçdyr. Tut miwesi — çylşyrymly, şireli, 2-3 santimetr uzynlykda bolan, ak we gyzyldan goýy benewşe reňkine çenli dürli reňkli miwedir. Käbir görnüşleriniň süýji tagamy we ýakymly ysy bolýar. Bu agaç 200 ýyla çenli, käteler  500 ýyla çenli ýaşaýar. Tut agajynyň watany Hytaý hasaplanylýar. Ol hytaý ýüpegi öndürilýän ady belli süýümi, tagamy, dermanlyk hili we tagam taýýarlamakda giňden ulanylýandygy bilen meşhurdyr.

Ýaýraýşy we görnüşleri

Tut agajynyň 20-ä golaý görnüşi bardyr. Olar, esasan, gündogar we günorta-gündogar Aziýada, Hindistanda, Afrikanyň we demirgazyk Amerikanyň aram we subtropik guşaklyklarynda ýaýrandyr. Tut agajynyň köp görnüşleri  Hytaýda bitýär — onuň ýapraklary ýüpek gurçugynyň iýmitiniň esasy çeşmesidir.

Düzümi we häsiýeti

Tut peýdaly häsiýetlere eýedir, şonuň üçin hem ony halk lukmançylygynda giňden ulanýarlar. Tuduň miwesiniň düzüminde 11%-e çenli şeker, köp mukdarda B, PP, C toparyň witaminleri, karotinoidleriň köp mukdary, organiki kislotalar (alma, fosfor we limon kislotalary), beloklar, ýaglar, A, H witaminleri, efir ýaglary, mikroelementler: kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, tebigy süýümden iýmit goşundylary bardyr. Bişen miwe düzüminde güýçli tebigy antioksidant bolan resweratoly saklaýar.

Tudananyň iýmitlilik gymmaty

100 gram tutda, 87,68 gr suw; 43 kkal kuwwatlylyk gymmaty; 1,44 gr belok; 0,39 gr ýag; 9,8 gr uglewod; 1,7 gr süýüm; 8,1 gr şeker; 39 mg kalsiý; 1,85 mg demir; 18 mg magniý; 38 mg fosfor; 194 mg kaliý; 10 mg natriý; 0,12 mg sink; 36,4 mg C witamini, askorbin turşusy; 0,03 mg tiamin; 0,1mg riboflawin; 0,62 mg niasin; 0,05 mg B-6 witamini; DFE: 6 μg foo turşusy; RAE: 1 μg A witamini; IU: 25 IU A witamini; 0,87 mg E witamini (alfa tokoferol); 7,8 μg K witamini (filokinon); 0,03 g umumy doýma ýag kislotasy; 0,04 ýag kislotasy; 0,21 gr ýag kislotasy; 0 μg B12 witamini; 0 μg D witamini (D2 +D3); 0 IU D witamini; 0 g trans ýaglary; 0 mg holesterin; 0 mg kofein.

Peýdasy

Tuduň bişen miwesi, ýapraklary, gabygy we köki her dürli keselleri bejermek üçin serişde hasaplanylýar, sebäbi bu agajyň ähli bölekleri düzüminde köp biologiki aktiw maddalary saklaýar. Tudana organizmiň dürli infeksiýa kesellemelerine garşy durujylygyny artdyryp, immuniteti berkitmäge kömek edýär. Ol antibakterial, agyryny aýyryjy, zyýansyzlandyryjy we antioksidant täsire eýedir. Tut organizmiň madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Ol gany köpeltmek üçin gowy serişdedir, şiresi bolsa derlediji, ardyndyryjy, buşukdyryjy täsire eýe bolup, aşgazan-içege ýollarynyň we ýürek-damar sistemasynyň işini sazlaýar. Bişen tudana anemiýanyň (gan azlygy), bagryň we öt haltasynyň bejergisinde ulanylýar. Ol demgysmany we tahikardiýany (pulsuň ýygy-ýygydan urmagy) ýeňilleşdirýär we arterial gan basyşyny kadalaşdyrýar. Hytaý melhemlerine görä, tudana semizlikden ejir çekýänlere peýdalydyr. Eger möwsüminde tuduň miwesinden doýýançaň iýseň, onda disbakteriozdan gutulyp bolýar. Tut çiş öýjükleriniň ulalmagyna we ýaýramagyna böwet bolýar we düwnük keselinden goranmaga kömek edýän antioksidantlara baýdyr. Ol düwnügiň öýjüklerini daşda duruzmaga kömek edýän antosianine hem baýdyr. Aýratyn hem, onuň düzümindäki resweratol düwnügiň inhibitory bolup, ýogyn içegäniň, deriniň, prostatyň we galkan görnüşli mäziň düwnügine garşy göreşýär.

Tudananyň şiresi we jöwheri içgeçmede, öýken sowuklamasynda, ýiti we hroniki bronhitde (bronhlaryň nemli bardasynyň çişme keseli), bronh demgysmasynda we suwuk etmäni we suwuklygyň bölünip çykmasyny güýçlendirýän serişde hökmünde ulanylýar.

Hytaýda tuduň kökünden, gabygyndan we ýapragyndan gaýnadylan suw gipertoniki (gan basyşynyň güýjüniň ýokarlanmagy) kesellerde ulanylýar. Tuduň ýapraklaryndan we pyntyklaryndan alnan serişdeler uglewod we ýag alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Tudana, aýratyn hem, hapgyrtma we hörezek bilen kesellän oglanjyklara peýdalydyr.

Ak tudanadan peýdalanmagyň usullary:

— ýyly suw goşulan tuduň şiresi anginada bokurdagy çaýkamak üçin ulanylýar;

— köki gaýnadylan suw gipertoniýadan halas edýär;

— ýapraklaryndan taýýarlanylan jöwher gyzgynyňy aýyrýar;

— miwesinden taýýarlanylan jöwher dümewi bejerýär;

— kakadylan miwesiniň gaýnan suwy ukusyzlygy aýyrýar we nerw sistemasynyň işini gowulandyrýar;

— ter miwesi operasiýadan soňky döwürde güýjüňi dikeldýär;

— bişmedik miwesi aşgazanyň bozulmagyndan we sarygaýnamadan halas edýär;

— tuduň täze alnan şiresi deri kesellerini bejerýär;

— ösümlik ýagy bilen garylan üwelen gabygy porezi (ýarym ysmazlyk), sypjyryklary we ýaralary tiz bitirmäge ukyplydyr.

 

Tudananyň zyýany

Tuduň peýdaly häsiýetleriniň köpdügine garamazdan, ony ýerliksiz ulanmaly däldir. Ol ölçegsiz ulanylanda, aýratyn hem, yssy howada, gan basyşyny derrew ýokary galdyryp we iýmit siňdirişde bozulma döredip bilýär. Tudanany miweler we iýmişler bilen bilelikde iýmek maslahat berilmeýär, sebäbi onuň şiresi aşgazanda turşama döredýär. Şonuň üçin hem ony naharlanmazdan 3 sagat öň ýa-da soň iýmelidir.

Tut köp iýlen ýagdaýynda goşmaça allergiki täsirlere we diareýa eltip bilýär. Ter tudana bilen sowuk suw içmek bolmaýar — içiň ýellenmegi ýa-da içegäniň bozulmagy ahmal. Tudananyň süýji görnüşlerini gant kesellilere (şeker diabeti) we gipertoniýalylara iýmek maslahat berilmeýär. Tudy organizmine ýaraman, allergiýa örýänligi sebäpli iýip bilmeýän adamlar bu miweden ýüz öwürmelidirler. Derman bejergisini alýanlar tudanany iýmezinden öň lukman bilen maslahatlaşmalydyrlar. Tuduň kuwwatlylyk gymmaty 70 kkal.

Ýaramlylyk möhleti we saklanyş şertleri

Tuduň miwesini çüýşe gaplarda, ýapraklaryny bolsa gaty kagyzdan edilen gutularda saklamalydyr. Gabygyny iň gowusy üwemeli we jebis bankalarda saklamaly. Tutdan taýýarlanylan tagamlary bolsa plastmassa gaplarda we çüýşe gaplarda saklamaly. Tuduň ter miwesini salkyn ýerde 2-3 günden köp wagt saklap bolmaýar. Şonuň üçin ony iýip gutarmaly ýa-da ondan mürepbe, şerbet we jem taýýarlamaly. Täze ýygylan miwäni doňduryp ýa-da kakadyp bolýar. Aýratynlykda kakadylan tudanany bir aý töweregi wagt saklap bolýar. Tagama goşulan kakadylan tudanany bolsa bir ýyla çenli saklap bolýar.

Kakadylan tudana

Kakadylan tudananyň peýdaly häsiýetleri we garşy görkezmeleri gadymy döwürlerden bäri bellidir. Ol ter tudana garanyňda has köp peýdaly häsiýetlere eýedir. Kakadylan tudananyň düzüminde hiç hili suw ýokdur, ol nogula meňzeşdir. Şonuň üçin ol aýratyn hem çagalar üçin süýjüleriň ýerini tutup bilýär  Kakadylan tudana peşew-jyns sistemasynyň we aşgazan-içege ýollarynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär. Metaboliki (organizmde madda çalşygy) hadysanyň dikeldilýändigine görä, organizmiň daşky we içki ýagdaýy artýar. Kakadylan tut ýürek-damar sistemasynyň kesellerinde, disbakteriozda we semizlikde öňüni alyş we bejeriş üçin ulanylýar.

Ulanylyşy:

Kakadylan tudana lukmançylykda giňden ulanylýar: ondan diňe bir kapsulalar, derman gerdejikleri däl, eýsem, jöwher, ýag we sirop, çagalar üçin çeýnelýän nogul taýýarlanylýar. Ondan çaýdyr alkogolly içgiler hem taýýarlanylýar.

Kakadylan tudananyň kuwwatlylyk gymmaty. Kakadylan tudana ýokary kaloriýaly – 100 kakadylan tutda 375 kkal; beloklar 10gr; ýaglar 2,5gr; uglewodlar 77,5gr.

 

Tut ýapragy

Tut ýapragynyň ynsan saglygyna köp peýdasy bar. Ol tut agajyndan ýygnalyp, guradylanyndan soňra ulanylýan şypaly ösümlikleriň biridir. Tut ýapragy ajaýyp düzüme eýedir. Onuň çaýy we gaýnadylan suwy dowamly içilende, ol ýürek urgusyny, arterial gan basyşyny kadalaşdyrýar, gany suwuk edýär. Guradylan tut ýapragyny üsgülewügiň we demgysmanyň dürli görnüşlerinde gyzgyny peseldiji we rahatlandyryjy serişde hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

Tut ýapragynyň himiki düzümi

Tut ýapragynyň peýdasy we zyýany onuň düzümine baglydyr. Ondaky witaminler we efir ýaglary ony köp keselleriň bejergisinde ulanmaga mümkinçilik berýär. Tut ýapragynyň düzüminde: karotin we kalsiý; fosfor we azot; protein  we ýag; düzümi çaý agajynyň efir ýagyna meňzeş bolan efir ýaglary; organiki kislota; dürli witaminleriň köp mukdary; askorbin turşusy; şeker; aşgarlaýjy maddalar we sterinler bardyr. Mundan başga-da, tut ýapragy flawonoidlere (rutin, kumarin, giperozid we kwersetin) baýdyr. Esasan hem, tutda işjeň kalsiý sygyr süýdündäkiden hem köpdür.

Tut ýapragynyň melhemlik häsiýeti

Tut agajynyň ýapragy geçmişden häzire çenli alternatiw lukmançylykda saglyk üçin peýdalanylandyr. Tudy menopauza döwründe ýarawsyzlyk alamatlaryny ýeňletmek üçin ulanypdyrlar. Keýpsizligi, çakyzany aradan aýrypdyrlar.

Tut ýapragyndan taýýarlanan çaýyň peýdalary:

— ýag we uglewod alyş-çalşygyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Gandaky şekeriň we zyýanly holesteriniň derejesini peseldýär;

— septik, sowuklama garşy we ýarany bitirýän häsiýeti ekzemanyň (süýjibaş) dürli görnüşlerinde we deri bilen bagly beýleki meselelerde (ýarany ýuwma, agyrýan ýere öllenen hasa goýulanda) gowy täsir edýär;

— görüş bozulanda tut ýapragynyň gaýnan suwy peýdalydyr;

— ondan edilen sirop ýürek-damar keselleriniň bejergisinde (arterial gan basyşy peseldýär) kömek edýär, gant keselinde (süýji diabeti) derman hökmünde glýukozanyň derejesini kadalaşdyrýar;

— mukolitiki we ardyndyrýan häsiýeti üsgülewükde, anginada (agyz çaýkalýar) kömek edýär, öýkeniň çişini aýyrýar;

— gyzdyrmada we ýokary temperaturada tut ýapragyndan taýýarlanan çaýy içmek maslahat berilýär. Ol immun sistemasyny güýçlendirýär. Şeýlelikde, bedeniň grip infeksiýalaryna garşy durmak ukybyny artdyrýar, infeksiýalaryň has tiz gowulaşmagyna kömek edýär;

— şol bir wagtda ol anti-enflamatuar hökmünde dökülýän saçlar üçin bejergide ulanylýar;

— tut ýapragynyň esasynda taýýarlanan mazlar guragyryda, dermatitde (deri çişme keseli), deri inçekeselinde gowy täsir edýär.

Tut agajynyň ýapragyndan melhem taýýarlamagyň düzgüni

Islendik dermanlyk çig maly peýdaly bolar ýaly, kesgitli wagtynda ýygnamak we saklamaga dogry taýýarlamak hökmandyr.

Tuduň ýapragyny onuň miwe düwýän döwri ýygnamaly, sebäbi şol döwürde ýapraklar täze bolup, olaryň düzüminde köp mukdarda peýdaly maddalar bardyr. Ýygnamak üçin şahanyň orta setirlerindäki we ýaş nahallardaky ýaprak has gowudyr. Ýygnalan ýapraklary görüp çykmaly we ulanyp bolmajaklaryny aýyrmaly. Soňra akyp duran suwda ýuwmaly we matanyň üstünde guratmaly. Günüň göni şöhlesi düşmeýän, gowy ýel çalýan ýerde guratmak üçin goýuşdyrmaly. Ýapraklary sapaga düzüp assaň hem bolýar.

Berk belläň! Tuduň dogry guradylan ýapraklaryny 24 aýdan köp wagt saklamaly däldir.

Reseptler we ulanylyşy:

Tuduň guran ýapraklary öňden bäri dürli keselleri bejermekde ulanylandygy üçin, asyrlar boýy barlanan köp halk melhemleri bardyr. Ähli döwürde-de adamlar tut agajynyň dürli bölekleriniň gaýnan suwlary we çaýlarynyň islendik nähoşlukda kömek etmäge ukyplydygyna ynanypdyrlar.

Meselem, ýokary temperaturadan halas bolmak üçin 1 nahar çemçesi ýaprak we 500 ml suwdan içgi taýýarlamaly. Ýapragy sowuk suwa atmaly-da, gaýnatmaly. Gaýnan badyna otdan aýyrmaly. Ýaprak gaýnan suwy 1 sagat basyrmaly, soňra süzgüçden geçirmeli. Bu melhemi 3 günläp 1 bulgurdan içmeli.

Maslahat! Guradylan tut ýapragy bejergi has hem şowly bolar ýaly şülä goşulsa (1/2 nahar çemçesi) hem bolýar.

— bagyrda näsazlyk bar bolanda 1 bulgur gaýnag suwa 1 nahar çemçesi tut ýapragyny atyp, çaý demlemeli. Ony bir gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek naharlanylanyndan soňra içse bolýar. Tuduň miwesi hem iýilse täsiri has hem güýçlener.

Süýji keselini bejermek üçin tuduň ýapraklarynyň gaýnan suwy:

Tuduň ýapragy gant keselini bejermekde hem giňden ulanylýar. Kesellemäniň dürli döwürlerinde ulanylýan gaýnan suwlaryň taýýarlanylyşy:

Gant keseliniň birinji görnüşiniň bejergisi üçin:

2 nahar çemçesi ýaprak;

400 ml gaýnag suw gerek. Ýapragy gaýnag suwa atyp, 60 minut goýmaly, soňra süzgüçden geçirmeli. Günüň dowamynda 4 gezek naharlanylmazyndan öň ýarym bulgur içmeli.

Bu döwürde goýy naharlara guradylyp üwelen tuduň ýapragyny goşmak peýdalydyr.

Süýji keseliniň ikinji görnüşini tuduň ýapragy bilen bejermek üçin birnäçe usullar bar.

1-nji usul. 2 nahar çemçesi tuduň şahalary bilen üwelen ýapragyna 1 bulgur gaýnag suw guýup gaýnatmaly. Gaýnanyndan soňra derrew otdan aýyrmaly we sowaýança ýapyk gapda saklamaly. Bu gaýnan suwy günüň dowamynda 3 gezek naharlanylmazyndan öň içmeli.

2-nji usul. Ak tuduň guradylan ýapragy (2 nahar çemçesi) we 500 ml gaýnag suwy termosda demlemeli. 2 sagadyň dowamynda ähli peýdaly maddalary suwa geçýär. Soňra melhemi birnäçe gat hasadan süzmeli we bir gije-gündiziň dowamynda 3 wagtyna naharlanylmazyndan öň içmeli. Bu içgi gandaky şekeri azaltmaga kömek edýär.

3-nji usul. Gant keseliniň ikinji görnüşini bejermekde tuduň diňe bir ýapraklary kömek edenok. Onuň üstüni ýetirmek üçin tuduň köküniň gaýnan suwuny gezekleşdirseň hem bolýar. Muny taýýarlamak üçin 1 sany kök we 1 litr suw gerek. Üwelen köki suwa atyp, 15 minut gaýnatmaly. Bir günde taýýarlanan gaýnag suwuň ýaryny içmeli. Galan melhemi sowadyjyda saklamaly.

Aşgazanasty mäz üçin tuduň ýapraklaryndan çaý

Aşgazanasty mäziň keselini ýa-da pankreatiti hem öňden bäri tuduň ýapragynyň kömegi bilen bejerýärler. 1bulgur suwa 1 nahar çemçesi ter tuduň ýapragyny atyp, çaý demlemeli. Adaty çaý ýaly içmeli. Anyk dowamly içmeli möhletiniň ýokdugyna seretmezden, 1 aýdan soňra arakesme bermeli.

 

Tut agajynyň ýapraklaryndan we şahalaryndan göz üçin merhem taýýarlanylyşy

Ozaldan göz kesellerini bejermek üçin tuduň ter ýa-da guradylan ýapraklaryny ulanypdyrlar. Olaryň hersiniň özüne görä melhemi bar.

Kataraktada (göz jöwheriniň ümezlemesi) garşy.

2 nahar çemçesi ýapraga 500 ml gaýnap duran suw guýmaly we 20 minut gaýnatmaly. Ýapyk gapda saklanylanyndan soňra süzgüçden geçirmeli. Günüň dowamynda 3 wagtyna nahardan öň içmek maslahat berilýär. Bejerginiň dowamlylygy arakesmesiz 3 aýdyr.  Başlangyç göze garasuw inme keselinde we gözýaş akyjylykda bir gysym tuduň guradylan ýapragyna 1 litr gyzgyn suw guýmaly we 10 minut bugda gyzdyrmaly. Sowan we süzgüçden geçirilen suwy 5 damjadan göze damdyrmaly.

Maslahat! Tuduň ýylyjak ýapraklaryny 3 sagatlap gabaklaryňa ýapsaň hem bolýar.

Tuduň ýapraklary zyýansyzlandyryjy, sowuklama garşy we ýarany bejeriji häsiýete eýedir, ony ýaralanan deri örtügini bejermekde giňden ulanýarlar. Munuň üçin bejeriji içgi taýýarlamaly:

Pitä 1 nahar çemçesi guradylyp üwelen tuduň ýapragyny we 500 ml suwy guýmaly. Pitini gazda goýup, gaýnaýança garaşmaly. Soňra otdan aýyrmaly we gapagyny ýapyp 30 minut goýmaly. Suw sowandan soňra ony birnäçe gatlanan hasadan süzmeli. Alnan suwa açyk ýaralary ýuwmaly, ekzemada (süýjibaş keseli), düwürtik örgüninde we beýleki ýaralanmalarda derini süpürýärler.

Tut ýapragyndan demlenen çaý organizmde madda çalşygyny çaltlaşdyrýar we horlanmaga täsiri bar. Munuň üçin 1 litr suwy gaýnatmaly. Soňra 3-4 sany guradylan tut ýapragyny suwa atmaly. 2 sagat töweregi wagt gabyň gapagyny ýapyp, demini aldyrmaly. Naharlanmazdan öň 1 bulgur çaýyň ýerine içmeli.

Seresaplylyk çäreleri

Ýatda saklaň! Tuduň ýapraklarynyň köpsanly peýdaly düzüme eýedigine garamazdan, ony seresaply ulanmaly. Taýýarlanan gaýnag suwlar, demlenen çaýlar alternatiw bejeriji serişdeler däldir, olar derman bejergisiniň üstüni ýetirýär.

Muny bilmek möhümdir: eger tutdan edilen serişdäni ilkinji gezek ulanýan bolsaňyz, onda organizmiň reaksiýasyna üns bermeli. Allergiýadan çalaja şübhelenseňiz hem jöwheri ulanmagyňyzy bes ediň. Bu çalynýan melhemlere hem degişlidir. Muny deriňiziň azajyk bölegine çalyp, barlap bilersiňiz. Eger gyzarma ýa-da gijilewük peýda bolsa, serişdäni ulanmagy bes etmeli. Tuduň ýapraklaryndan taýýarlanan içgini lukmanyň maslahatyna laýyklykda ulanmaly. Azajyk artdyrylan doza diareýanyň döremeginiň we organizmiň guramagynyň sebäbi bolup biler. Tuduň ýapraklarynyň kömegi arkaly bejergä sizi bejerýän lukmanyň maslahatyny alanyňyzdan soňra başlap bilersiňiz. Barlaglara görä, tut agajynyň ähli böleklerinde radioaktiw maddalar ýygnanýarlar. Şonuň üçin hem, nätanyş ýerlerden tutdan çig mal almak gadagan edilendir. Guradylan ýapraklaryny bazardan hem satyn almaly däl, sebäbi onuň nireden ýygnalandygy belli däl.

Tuduň ýapraklaryna garşy görkezmeler

Tut agajynyň ýapraklarynyň dermanlyk häsiýete eýedigine garamazdan, ony ulanmaga garşy görkezmeler hem bar. Barlaglara laýyklykda, tuduň düzüminde ýürege gowy täsir edýän maddalar bar. Olar ýüregi berkidýär, gurplandyrýar. Emma hroniki ýokary arterial gan basyşly adamlara lukmanlar ter ýa-da guradylan tuduň çig malyndan gaýnag suwlary içmegi maslahat bermeýärler. Tuduň gaýnan suwy we çaýy allergiki täsiri döredip biler. Şuňa meňzeş alamatlar ýüze çykan ýagdaýynda kömek üçin saglyk öýüne ýüz tutmaly. Tut ýapragynyň düzüminde köp mukdarda kaliý bardyr. Bedende kaliýiň köp bolmagy böwrek kesellerine ýol açýar ýa-da böwreginde näsazlyk bar bolan adamlarda ýarawsyzlyk döredýär. Organizmi tudy kabul edip bilmeýän adamlara hem bu içgileri içmek maslahat berilmeýär. Eger tutdan ýasalan melhemi içeniňizden soňra diareýa dörese, diýmek, tut islendik görnüşde garşy görkezilýär.

Taýýarlan Şirin Baýlarowa

Teswir ýaz

Scroll to Top