Sosial ulgamyň ukymyza täsiri

Ýatmazdan ozal ykjam telefonymyzy, ylaýta-da sosial ulgamy ulanmagymyz ukymyza ýaramaz täsir edýär. Akylly telefonlaryň, planşetleriň we kompýuterleriň ýagty ekrany bedenimiziň ukudan oýanmak we uka gitmek dolanyşygyny kadalaşdyrýan melatonin gormonynyň öndürilmegine päsgel berýän gök ýagtylyk çykarýar. Sosial ulgamy üznüksiz ulanmaklyk beýnimizi işjeň saklap, gözümiziň ýumulmagyny we ukymyzyň tutmagyny kynlaşdyrýar. Netijede, gijeki almaly ukymyz gysgalýar, ukymyzyň hili peselýär we ertesi gün özümizi ýadaw we ünssüz duýýarys. Hut, şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň biri bolan kadaly ukynyň ähmiýetine oňat düşünmelidiris hem-de ýatmazdan ozal telefon we ş.m. gök ýagtylyk çykarýan enjamlary ulanmaga sarp edýän wagtymyzy çäklendirmelidiris.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top