Göwräňi dik saklamagyň peýdalary

  1. Arkaňyz näçe owadan bolsa, şonça-da özüňize ynamly bolýarsyňyz

Göwräňi dik tutmak özüňe bolan ynamyňy artdyrýar. Şeýle edip görüň: uludan dem alyň we dik duruň. Özüňizi has gowy, has ynamly duýýaňyz, şeýle dälmi?

Meselem, kafedekäňiz daş-töweregiňizdäki adamlara serediň. Näçe adamyň nahar başynda küýkerýändigine üns beriň. Olary tabagyň üstüne abanmagyň deregine, dik oturyp, wilkany ýa-da çemçäni agzyna ýetirýänler bilen deňeşdiriň. Eýsem, şonda has owadan görneňzokmy? Siziň pikiriňizçe, olaryň haýsysy özüne has ynamly?

  1. Dem alşyňyz ýeňil we ulurak bolýar

Ýene bir zady barlap görüň: oturyň we küýkeriň. Dem alyp görüň, şonda dem almagyň nähili kyn düşýändigini bilersiňiz. Bu ýagdaý myşsalarymyzyň we damarlarymyzyň süýnüp, bize dem almakda kynçylyk döredýänligi bilen baglanyşyklydyr.

Adamlara dik oturmaklyk ýygy-ýygydan ýatladylýar, emma bu duýduryşlar olara kän bir täsir edenok. Adamlara oturanda arkasyny dik tutup oturmaklyk ýatladylaýanynda-da, olar öňküleri ýaly küýkerip oturanyny oňaýly görýärler. Olar dik oturjak bolsalar, eýýäm gysgalan myşsalary we damarlary gysylmak bilen bolýar. Bu bolsa kadaly dem alşyň bozulmagyna getirýär. Hatda arkaňy gönülemäge synanyşmagyň özi hem muňa ýeterlik sebäpdir.

Bu bolsa bize ýaranok. Biz aňsat dem alar ýaly, derrew öňki ýagdaýymyza dolanyp gelýäris. Hut şonuň üçin hem dik oturmagy maslahat berlen köp adam diňe birnäçe minutlap dik oturyp bilýär. Olaryň demleri henizem saklanýar. Ol dem ýeterlik uludan, ýeňil we parahat alynmaýar. Aňsadyna bakýandyklary sebäpli olar wagtyň geçmegi bilen küýkermeklige has hem öwrenişýärler.

  1. Dem alşyňyz we iýmit siňdirişiňiz gowulaşýar

Göwre dik tutulanda, öýkeniň göwrümi giňeýär we organizmde iýmitiň we howanyň çalşygyna kömek edýär. Saglygyň gowulaşýar we organlaryň işjeňligi artýar.

  1. Has gelşikli we ýaş görünýärsiňiz

Göwräňizi dik tutsaňyz, siz ýaş hem-de bolşuňyzdan 2-2,5 kg hor görünýärsiňiz we eşikleriňiz size has hem gowy gelişýär.

  1. Sesiňiz gowulaşýar

Arka dik tutulanda, diafragma açylýar. Netijede, siziň sesiňiz has ýakymly eşidilýär.

  1. Myşsalaryňyza we bogunlaryňyza kömek edýär

Göwrämizi dik tutmaklyk bize skeletimizi we bogunlarymyzy dogry saklamaga kömek edýär. Şonda myşsalar kadaly işläp, artridiň (bogunlaryň çişmesi) we bogunlarda agyrynyň döremek ähtimallygy azaldýar. Bu arka bogunlaryny berkidýän siňir damarlaryna düşýän agramy azaldyp, şikes ýetmek howpuny kemeldýär.

Gowy duruş myşsalaryň has täsirli işlemegine mümkinçilik berýär. Şonda beden az energiýa sarp edýär we ýadawlygyň öňi alynýar. Mundan başga-da, ol gypjynmanyň, hatda arka we myşsa agyrylarynyň döremek ähtimallygyny azaldýar.

  1. Pikirlenişiňiz kämilleşýär

Göwräni dik tutmagyňyz siziň aňyňyza-da täsir edýär. Keýpiňiziň nähilidigi bolsa göwräňizi tutuşyňyzdan belli bolýar. Siz bagtly bolanyňyzda we özüňizi gowy duýanyňyzda, arkaňyz dikjedir. Dowamly keselli gamgyn adamlar bolsa, köplenç, küýkerip oturýarlar ýa-da küýkerip durýarlar. Indiki gezek sussupes ýa-da ynjalyksyz bolanyňyzda, dikeliň we uludan dem alyp görüň. Bir däl-de, birnäçe gezek gözleriňizi ýumup, uludan, kükregiňizi dolduryp arassa howadan dem alyň. Şonda özüňizi has gowy duýarsyňyz.

Gowy duruş dem alşy ýeňilleşdirýär, bar ünsüňi bir ýere jemlemäge we myşsalaryňy gowşatmaga kömek edýär. Köp gündogar usullary, meselem, ýoga ynsanyň göwresini tutuşyny gowulaşdyrýar.

  1. Sagdyn oňurga eýe bolýarsyňyz

Göwräňi dogry tutmak – bu oňurgany sagdyn saklamagyň ýönekeý, emma örän möhüm usulydyr. Ol aýratyn hem günüň dowamynda köp dik durýan we ofisde oturan ýerinden işleýän adamlar üçin zerurdyr. Göwräňizi dogry tutmasaňyz, myşsalaryňyza we oňurgaňyza aşa agram düşýär. Uzak wagtdan soň bu salnan zorluk oňurganyň anatomiki aýratynlyklaryny üýtgedip bilýär. Bu bolsa nerwiň we gan damarlarynyň daralmagyna getirýär. Göwräni dogry tutmak üçin eginleri dogry saklamagy, garnyňy içiňe çekip durmagy, kelläňi we eňegiňi bedeniňe parallel görnüşde sähelçe galdyrmagy endige öwürmeli. Öwrenişmedik bolsaňyz, bu zatlary endige öwürmek aňsat bolmaz. Şonuň üçin hem bedeniňizi dogry şekilde saklajak myşsalaryňyzyň üstünde işlemek gerek. Bu sabyr we tejribe talap edýär.

Göwräňizi dik tutmagyň üstünde işlemegi niýet edinmegiňiz bada-bat netije bermän biler. Özüňe ynamly bolmak gerek! Siz tapawudy görersiňizem, duýarsyňyzam!

Megerem, siz häzirem eliňiz telefonly ýa-da kompýuteriň başynda küýkerip oturansyňyz… Siz entegem nämä garaşýarsyňyz?!

 

Çeşme:

Mahmut Talha Saglyklynyň «8 Haftada Dik Durma Sanatı» atly kitaby boýunça taýýarlan

Şirin Baýlarowa

Teswir ýaz

Scroll to Top