Oba gezelenç

Günlerde bir gün baýyň biri maşgalasynam alyp, oba gezelenje gidipdir. Ol şeýle etmek bilen maşgalasyna, esasanam ogluna adamlaryň aslynda nä derejede garyp bolup bilýändigini görkezmek isläpdir. Bir garyp maşgalanyň öýünde birnäçe gün myhman bolupdyrlar.

Gezelençden gaýdyp barýarkalar, kakasy ogluna şeýle sowal beripdir:

– Adamlaryň nähili garyp bolup bilýändigini gördüňmi, oglum?

– Howwa, kaka.

– Aýt hany, näme öwrendiň?

– Şuny gördüm: biziň bir güjügimiz bar, olaryňky bolsa dört sany. Bizde suwda ýüzer ýaly ullakan howdan bar, olarda bolsa akyp duran derýa. Biziň howlymyzda daşary ýurtdan getirilen çyralar bar, a olaryň ýyldyzlary bar. Biz diňe howlynyň gutarýan ýerine çenli görüp bilýäris, olaryň öýünde bolsa tä gözýetimi synlap oturmaly…

Asla beýle jogaba garaşmadyk kakasy näme diýjegini bilmän dymypdyr. Ogly sözüni şeýle tamamlapdyr:

– Bize nähili garypdygymyzy görkezeniň üçin sag bol, kaka!

Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top