“Ene-atanyň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde”

Gyşyň gylyksyz günleri entek dowam edýärkä, bahar paslynyň ýaňy bir ukudan oýanyp başlan günleriniň birinde Maks atly bir ýaş, dogumlyja garynja ber-başagaý bolup barýardy. Ol hinine girip girmänkä: «Buşluk, indi her kim işli işi bilen bolubermeli!» diýip jar çekdi. Bu habary eşiden garynjalar şatlyk-şowhun bilen herekete geçmäge başladylar. Görnüşi ýaly, Maks bir zatlaryň anygyna ýetip, habary garynjalar ordasyna ýetirmek üçin jogapkär bellenen eken.

Hawa, bu hadysa garynjalaryň arasynda her ýyl gaýtalanýardy. Olar öz arasyndan akylly hem güýçli, bardy-geldi duşmana duçar bolaýan ýagdaýynda-da öz başyny çarap biljek garynjany saýlap, oňa tokaýa aýlanyp, iň belent agaja çykyp görmek, howanyň ýagdaýyny bilibem, baharyň gelenini ýa-da gelmändigini anyklamak işi tabşyrylypdyr. Bu jogapkärli iş şu gezek Maksyň paýyna düşüpdi. Kakasy jenap Soýer bilen ejesi Meri daýza hem öz çagalarynyň şu derejä ýetendigine, zähmetleriniň puja çykmandygyna diýseň buýsanýardy. Munuň üçin ýaşajyk Maks hem özüni diýseň bagtly saýýardy.

Günler geçip, tomus pasly gelip ýetdi. Zähmetiň gyzan döwründe her kim gara başyna gaýdy. Şeýle-de bolsa, garynjalar biri-birini asla gözden salmaýardylar. Biri-biriniň hal-ahwalyny sorap, hemaýat edip durýardylar. Maks hem bu işçi toparynyň esasy agzalarynyň biridi. Ugurtapyjylygy hem-de ýerlikli hereketleri ony öz deň-duşlaryndan görnetin tapawutlandyrýardy. Onuň bu bolşuna hemme kişi buýsanýardy, ejesidir kakasy bolsa begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýardy.

Agaja çykyp, älemiň täsinligine syn eden pursatyndan bäri Maksda üýtgeşik bilesigelijilik peýda bolup, barha-da güýjerläp barýardy. Bu hyjuw ony gijelerine ukudan goýup, gündizlerine beýhuş edip başlapdy. Ine, şeýle ukusyz gijeleriň biriniň ertesi ol ir bilen bir zatlaryň kül-külüne düşüpdi. Ertirlik edinenlerinde, kakasy onuň ýüzündäki syrly alamaty az hem bolsa aňşyryp, oňa şeýle sorag berdi:

– Maks, oglum, ýagdaýlaryň gowumy? Ýadan bolsaň, aýt, birazajyk dynç al…

– Ýok-la, kaka, iş bilen oňuşsa bor-la…

Bu kinaýaly jogapdan soň ejesi Meri daýza-da alada bilen:

– Hany aýt, onda näme boldy? Seň bu bolşuň biziň oglumyza-ha gelşenok – diýdi. Maks hiç zady ýaşyrjagam bolmady-da:

– Eje, kaka, biziň ho-ol meşhur agajymyz bar-a… Şoňa çykyp gaýdalym bäri ýygy-ýygydan şol ýere gidesim gelýär, ýöne sizden habarsyzam hereket edip bilemok – diýip, gözüni tegeläp, olara seretdi.

– Elbetde, bizden birugsat gitmän, dogry hereket edipsiň. Ýöne olar ýaly ýerlere gitmegiň howpludygyny sen bilýäň ahyryn – diýip, jenap Soýer agraslyk bilen jogap berdi. Muny eşiden Maks:

– Ýöne men oňa öňem gidipdim-ä. Men kä-äwagtjyk gidip, göwnümi hoşlap gaýdaýaýyn?! – diýip, ene-atasyndan arzyly sorapdyr.

– Ýok, seň o diýýäniň bolmaz. Şol gezek gideniňde, tebigatda saňa zeper ýetirjek zat ýokdy. Indi bolsa tomus. Daş-töwerek duşmandan doly. Seniň üçin iň rahat ýer, ynha, şu ýer, öz dogduk depäňdir – diýip, kakasy ogluna pert jogap beripdir.

Onuň juda gaharynyň gelendigini aňmak kyn däldi. Maks şol gün ýüzüne urlan dek, bütin gününi keýpsiz geçirdi. Öňler işden gaýdylanda, hemmeler bilen ýaryşyp, ilkinji bolup gelýän Maks bu gezek sürüden azaşan ýaly, iň yzdan ýüzüni sallap gelýärdi. Ol daş-töweregine känbir ünsem berenokdy.

Muňa garamazdan, bir zatlar onuň ünsüni çekmegi başardy. Misli azatlygyň nyşany dek howada gaýyp ýören çekirtge onda umyt uçgunlaryny döretdi. Özüniň synlanýandygyny duýan çekirtge has hem owadan hereketler edip, aýnamaga başlady. Maks aňk-taňk bolup, doňup galdy. Bir salymdan çekirtge onuň ýanyna gelip ýetdi. Maks örän begenýärdi. Ol çekirtge bilen dost bolsa, arzuwy amala aşar, gezelenji howpsuz bolar diýip pikir etdi we dessine onuň bilen dost bolmagy ýüregine düwdi. Tanşanlaryndan soň, gürrüň edip, esli ýoly bile aşdylar. Şeýdip, Maks öýüne golaýlaberende, hoşlaşdylar-da, hersi öz ýoly bilen boldy. Maks şol gün begenjinden ýatyp bilmedi. Näçe köp gürrüň eden-de bolsalar, onuň kellesinde diňe çekirtgäniň adynyň Moriartidiginden hem-de onuň ozüne kömek etjekdiginden başga pikir ýokdy.

Ertesi gün Maks hemmelerden öň iş ýerinde peýda boldy. Onuň bu bolşy hiç kime geň däldi. Sebäbi ol işlemegi söýýärdi, zähmetkeşdi. Maksyň bolsa küýi başga zatdady. Ol işini tizräk gutaryp, dosty bilen duşuşmaga howlugýardy.

Günortan her kim dynç almak üçin işi taşlady. Maks beýlekileriňkiden üýtgeşik, başga bir ugra tarap tutduryp gitdi. Ol bellenilen wagtda bellenilen ýere baryp ýetdi. Az salymdan Moriarti hem garasyny görkezdi. Salamlaşanlaryndan soňra, Maks agaja çykmaga howlugyp, diriň-diriň bökjekläp ugrady. Şeýdip, bular howada gaýyp ýörüşlerine wagtyň nähili geçenini hem duýman galdylar. Gün öýleden aganda, olar şol beýik agajyň üstünde dynç alyp durdular. Uzakly gün diýen ýaly uçup ýören Moriarti birkemsiz ýadapdy. Öýi ýadyna düşen Maks bir çen bolanyny bilip, yzyna dolanmagy ýüregine düwdi.

Bular, şeýdip, ýaňybir ýerlerinden turanlarynda, golaý aralykdan özlerine tarap gelýän ary sürüsine olaryň gözi düşýär. Moriarti örän gorkupdy hem-de ýadawlygy sebäpli Maks bilen bile uçup bolmajagyny bilip, özüni howanyň boşlugyna goýberip gaçmak bilen boldy. Allaniçigsi bolan Maks nätjegini bilmedi. Ene-atasy ýadyna düşdi, ýöne biraz giç düşdi… Şeýle bolsa-da, ol aşak düşmäge başlady. Arylar ony bireýýäm nyşana alypdy. Maks gorkusundan ýaňa özünden gitdi…

Özüne gelende, ol bir ary hininiň içindedi. Bu ýerden gaçyp gutulmak mümkin däldi. Sebäbi bir wagtlar gözýetimini asman giňişligi dolduryp duran bolsa, indi onuň gözi tükeniksiz arydan başga hiç zat görmeýärdi.

Aradan esli wagt geçdi. Maks hem arylaryň durmuşyna öwrenişdi. Onuň bar edýän zady gara işdi. Ýöne nirä nähili öwrenişseňem, öz dogduk mekanyň ýaly ýer barmy näme?! Maşgalasy hem bireýýäm onuň ýasyny tutup, ýatlaryndanam çykaryşan bolsa gerek… Her näçe dogumly bolsa-da aýralyk hem gazap ony garradypdy. Ahyry bir gün arylar ony işden boşadyp, bir syrly otaga geçirdiler. Maks birbada özüni hormatlanýandyryn, azatlyga gowuşýandyryn öýtdi. Emma otaga girende, özi ýaly garrap tapdan düşen garynjalaryň birnäçesine gözi düşdi. Maks ylgap baryp, olar bilen gujaklaşyp salamlaşmak isledi, ýöne gynansak-da, bolmady. Baryp görse, olar diňe boşap galan gabyk eken. Olar bireýýäm ary sürüsine şam bolupdyr. Şeýdip, Maks olaryň ýazgydynda öz geljegini gördi. Ol şeýle bir ökünýärdi… Eje bilen kaka ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyň ähmiýetine göz ýetiripdi. Duýgularyna erk edip bilmän, ene-atasynyň sözünden çykany üçin özüni şeýle bir günäkärleýärdi… Hawa, ol bolan zatlara gaty gowy düşündi, ýöne giç düşündi…

Myrat Halnazarow

Teswir ýaz

Scroll to Top