Çynar we kädi

Ene-atalar ýygnagynda okuwçylaryň hossarlary hususylaşdyrylan ýörite mekdepdäki geçilýän dersleriň agyrdygyndan şikaýat edip, olary has ýeňilleşdirmegi we okuw döwrüni has gysgaltmagy talap etdiler:

«Mekdepdäki sapaklar gaty kyn. Bulary aňsatlaşdyryp bolmazmyka?»

«Biziň çagalarymyz hem beýleki deň-duşlary ýaly tizara okuwlaryny tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam basmak isleýärler. Okuw ýyly has gysgaldylsa gowy bolardy.»

Tejribeli mekdep müdiri çagany kämil şahsyýet edip terbiýeläp ýetişdirmegiň ýeňil-ýelpaý iş däldigini, munuň üçin kän wagt we irginsiz zähmetiň gerekdigini ýatladyp, şeýle diýdi:

― Hormatly ene-atalar! Bu, elbetde, mümkin! Emma ilki çagaňyzyň kim bolmagyny arzuw edýändigiňizi bilmek isleýärin. Bilşiňiz ýaly, Allatagala bir çynar agajyny ýüz ýylda ýetişdirýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, üç aý ýeterlikdir.

Mekdepler ynsanyň içinde ýaşaýan jemgyýetine we tutuş ynsanyýete peýdaly boljak ylym-bilim öwrenýän, başarnygy ele alýan ýeridir.

Bir döwletiň kuwwatlylygy ol ýurtdaky raýatlaryň ylymlylyk derejesi bilen ölçelýär. Bu derejä eýe bolmak uly güýç we gaýrat talap edýär. Bu ýoluň aňsat däldigi, käbir kynçylyklarynyň bardygy bellidir. Emma ýatdan çykarmalyň, kynçylyklar ynsany taplaýandyr, onuň çydamlylygyny we erkliligini ölçeýändir. Düzlükde ýöremek ýa-da daglaryň çürbaşyna çykmak üçin sarp edilen güýç, elbetde, bir däldir.

Çeşme: “Ruhubelentlik kyssalary”

1 thought on “Çynar we kädi”

Teswir ýaz

Scroll to Top