Hekaýa

Soňunda hemmämizem hiç kim bolup galarys

Bir wagtlar öz döwrüniň häkimi gol astyndaky ýolbaşçylar bilen at üstünde şähere gelýär. Ýoluň gyrasyndaky adamlar iki bükülip, häkime salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuş. Häkimiň hem bu adama gözi düşýär. Häkim atyny saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üst-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna sürýär. Atyndan düşmän, gaty ses bilen […]

Soňunda hemmämizem hiç kim bolup galarys Giňişleýin oka »

Iň gowy eje

Gyssaglydym. Egnimdäki täze geýim­lerimi hem çykarman, naharhana girdim. Dört ýaşlyja gyzjagazym bolsa, tele­wi­zordaky saza goşulyp çyny bilen tans edýär­di. Ýygnaga gijä galýanym üçin men oňa üns hem bermändirin. Emma içimden bir ses maňa “Dur” diýýän ýalydy. Men içim­­dä­ki şol sese gulak asyp, bir salym dur­dum. Gyzymy synladym. Onuň elinden tu­tup, men hem onuň bilen tans edip

Iň gowy eje Giňişleýin oka »

Gözýaşy ogurlanan çagajyk

Içki otagdan ýene-de kakasynyň sesi eşidildi. Gorka-gorka kakasynyň ýanyna ýöräp başlady. Kakasy ony ýene urjakdy, ýogsam ol hiç hili erbetligem etmändi. Uzakly gününi otagynda kakasyndan bukulyp geçirýärdi. Içki otagyň gapysyndan jyklady. Görse, kakasy eli jamly diwanda otyrdy. Ol çagasyny gapyda görenden: – Gel-dä bärik! – diýip gygyrdy. Kakasy ony ýene-de urup aglatjak boljakdy. Ol bolsa

Gözýaşy ogurlanan çagajyk Giňişleýin oka »

Daş we maýyplaryň arabasy

Ýaş hem başarjaň dolandyryjy täze alnan «Ýaguar» kysymly awtoulagyny obanyň içi bilen ýokary tizlikde sürüp barýardy. Maşynyna duýdansyzlykda degen daş ony ulagynyň tizligini peseltmäge mejbur etdi. Haýal etmän daşyň zyňlan ýerine ýöneldi. Maşyndan düşüp, daşy zyňan kiçijik çaganyň üstüne dazzarylyp gygyryp başlady: ― Näme üçin beýtdiň? Kim sen beýder ýaly?! ― Çagadan jogap bolmansoň, hasam

Daş we maýyplaryň arabasy Giňişleýin oka »

Atanyň wesýeti

Ölüm ýassygynda ýatan goja üç oglunam ýanyna çagyryp, olara şeýle wesýet edipdir: – Ogullarym! Men ölemsoň, öz araňyzda sene-mene edişip ýörmeziňiz ýaly, barja 17 düýämi size paýlap bermek isleýän. Olaryň ýarysyny ulyňyza, üçden birini ortanjyňyza, dokuzdan birini bolsa körpäňize miras galdyrýan. Kakalarynyň ölüminden soň mirasy onuň wesýeti boýunça paýlaşmak üçin doganlar jemlenişipdirler. Emma nätselerem, belli

Atanyň wesýeti Giňişleýin oka »

Golak

Oglanjygyň ýeke-täk arzuwy ökde karate türgeni bolup ýetişmekdi. Emma maşgalasy oňa rugsat bermeýärdi. Ine, bir günem ol ýol heläkçiligine uçrap, golak bolup galdy. Hossarlary oglanjygyň örän lapykeç bolanyny görüp, oňa karate mugallymy tutdy. Mugallym ilkinji sapagynda sag eliň bilen tutup garşydaşyňy üstüňden aşyrmagy öwretdi. Diňe birinji sapagynda däl, ikinji, üçünji we ondan soňky sapaklarynyň ählisinde-de

Golak Giňişleýin oka »

Uly balyk

Hekaýanyň awtory: Jeýms P. Lenfesti Ol on bir ýaşyndady. Nýu-Hempşir kölüniň ortasynda ýerleşýän adadaky öýlerinde haçan bir pursat tapsa, dessine balyk tutmaga giderdi. Garabalyk awlamaklygyň gadaganlygy hakyndaky kanunyň aýrylmagyndan bir gün öň, kakasy bilen garaňky düşen badyna kiçijik balyklardan tutdy. Soňra çeňňegiň gaňyrçagyna iým dakyp, ony tejribesine görä suwa oklady. Iým suwa düşen pursaty günüň batmagy

Uly balyk Giňişleýin oka »

Içiňdäki kinäniň agramy

Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna: «Meniň size bir teklibim bar» diýipdir-de, olardan «Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýäňizmi?» diýip sorapdyr. Çagalar şol mugallymy gowy görýän ekenler. Şonuň üçinem hemmesi bir agyzdan «bolýa-da, bolýa…» diýşip, ikirjiňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirler. Mugallym: «Siz razy bolsaňyz, barlag terjribesi tamamlanýança men näme diýsem etmäge

Içiňdäki kinäniň agramy Giňişleýin oka »

Ýüregiňiziň sesi

Bu hekaýa bir atýatakdan başga atýataga, bir ýaryşdan başga ýaryşa aýlanyp, seýislik edip güzeranyny görýän gezende adamyň ogly barada. Ol oglan orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýarka mugallymlary okuwçylara ulalanlarynda kim bolmak isleýändikleri, näme bilen meşgullanaslary gelýändigi hakynda öýde düzme ýazyp gelmeklerini tabşyrýar. Seýsiň ogly ulalanda özüniň hususy at fermasynyň bolmagyny isleýän eken. Ol uzak gije

Ýüregiňiziň sesi Giňişleýin oka »

Neme

Kelamlar içinde «neme» diýlen şeýle düşnüksiz hem gümürtik, ýöne ähli düşnüksiz hem gümürtik zatlary düşündirip bilýän bir söz bar. Sözem däl-de, söz çalyşmasymy ― nämemi… Dilçiler näme diýýälerkä şoňa, ýa olaram «Neme-dä…» diýip oňaýýalarmyka? Her bir ugurda, her bir zatda bolşy ýaly, bu «nemäniňem» öz ussatlary bolýar. Meselem, Nedir! Haçan, nireden, nädip gireni nämälim bu

Neme Giňişleýin oka »

Scroll to Top