Biri bilen çäklenmäň

Günleriň birinde Mälik şa baş wezirini ýanyna çagyryp: “Köşgüň iň sowatly alymy kim?” diýip sorapdyr. Baş wezir köşkdäki alymlary we olaryň ýagdaýyny birin-birin sanap ugrapdyr. “Pylany alym hasap-hesipden, binagärlikden ökde. Pylany müneçjimçilikden gowy baş çykarýar. O pylany bolsa hak-hukukdan ussat. Ýene biri bar, harby tilsimlere ezber. Ýene birisi bar, ýer-ýurt ylymyny, geografiýany takyk bilýär…” diýip, her birini suratlandyrypdyr. Mälik şa ertesi irden ähli alymlaryň wezir-wekilleriň diwanhana üýşmegini tabşyrypdyr. Aýdylan gün, bellenen wagt gelip ýetipdir. Mälik şa alymlaryň birine ýüzlenip, ondan bir mesele hakda sorapdyr. Alym edep bilen tagzym edipdir-de: “Soltanym, siziň bu soraýanyňyz hak-hukuk ylymlaryna degişli, muny pylanydan soraň” diýipdir. Soltan ady tutulan alyma bakyp, oňa başga bir ylymdan sowal beripdir. Ol alymam ýaňky jogaby gaýtalapdyr. “Soltanym bu meniň ugrum däl, muňa pylany ökdedir” diýipdir. Soltan oňa gaýry bir sorag bilen ýüzlenipdir, emma jogaplar üýtgemändir. “Meniň ugrum hesap-hesip, emma bu sowal ýer-ýurt ýagdaýlaryna degişli, muňa pylany alym ussatdyr” diýipdir. Garaz, alymlaryň hiç biri özlerine berilen sowallara jogap berip bilmändirler. Mälik şa olara ýüzlenip: “Şunuň ýaly uly-uly kitaphanalaryň bar şäherinde, mümkiçilikleriň bol ýerinde, diňe ýekeje ylym bilen çäklenmegiňiz geň galdyrýar. Alym öz uguryny çuňňur bilmelidir, emma bu onuň beýleki ugurlara biparh garamalydygyny aňladanok. Hakyky ussat alymlar bir ylyma däl-de, birnäçesine eýe bolmalydyr. Biri bilen çäklenip oturmak, göwün gandyryjy kämillige eltmez” diýip, jogap beripdir.

Çeşme: Rahmet Gylyjow “Halallyk kyssalary”

Teswir ýaz

Scroll to Top