Hekaýa

Bambuk agajy

Hytaýlylaryň bambuk agajyny nädip ösdürip ýetişdirýändiklerini bilýärsiňizmi? Ilki, agajyň tohumyny ekýärler, suwarýarlar we dökünleýärler. Birinji ýyl tohumda hiç hili üýtgeşme bolmaýar. Soňra, tohum täzeden suwarylýar-da, ýene dökünlenýär. Bambuk agajy ikinji ýyl hem ýerden dömüp çykmaýar. Üçünji we dördünji ýyl diýlende, her ýylky iş gaýtalanyp, bambuk agajynyň tohumyna ýene suw hem dökün berilýär. Emma tohum şonda-da şinelemeýär. Hytaýlylar uly sabyr […]

Bambuk agajy Giňişleýin oka »

Menikli çagajyk

Helen E. Bakliniň eseriniň esasynda Bir gün bir kiçijik çaga okuwa başlapdyr. Özem ol çaga şeýle kiçijik eken. Mekdep bolsa ullakanmyş. Ýitije çagajyk öz synpyna howlynyň girelgesinden ýöräp baryp bolýanyny öwrenensoň, gaty begenipdir. Şondan soň mekdep onuň gözüne başdaky ýaly ullakan bolup görünmändir. Ine, bir gün irden sapak başlanda, mugallym okuwçylara ýüzlenip: «Bu gün biz

Menikli çagajyk Giňişleýin oka »

Sapargeldi Annasähet Iner ogly – Şeýtanyň hekaýasy

Giň howlyny dolduryp duran bu rejeli baglyk ýaşyl ýüpek lybasa beslenip, baharyň salkynjak öwüsginine birgeňsi ülpüldäp, gözüňi guwandyrýardy. Guşluk ýerine galan Günüň altyn şöhlesi üzümleriň hurmalarynda, çybyklaryň näzijek öserlerinde, täp-tämizje ýapraklaryň gyraňynda ýyldyrap oýun edýärdi. Egni ýektaýly, başy ýapaçly adamlaryň bagyň arasyndaky ýodalardan iki ýana gezim edişine baksaň, bu ýeriň keselhanadygyna düşünmek kyn däldi. Bir-birini

Sapargeldi Annasähet Iner ogly – Şeýtanyň hekaýasy Giňişleýin oka »

Bibihajar Sadykowa – Göreş

Bu dünýe göreşden ybarat diýýäler. Bu dogrudanam şeýle. Adamzat nesli owalda-ahyrda ar-namys, erkana ýaşaýyş ugrunda göreşmänmi eýsem?! Ýöne şeýle bir göreş bar welin, Adam ata döräli bäri şol dowam edip dur. Kyýamat magşara çenlem dowam eder. Onuň ne gutardymy bar, ne-de doýdumy. Ne belli-külli ýeňşi, ne-de ýeňildimi. Uly-kiçi, ýagşy-ýaman diýmän adamlary şo-ol holtumyna alyp gidip

Bibihajar Sadykowa – Göreş Giňişleýin oka »

Halit Refik Karaý – Gözýaş

(hekaýa) Hojaýyn täze gelen hyzmatkär aýala: – Diliň anadolylaryňka-ha meňzänok welin, Rum ilinden-ä dälsiň? – diýdi. – Erfiçäniň obalarynyň birinden. Maňlaýyma ýazylanydyr-da, bärlerik düşdüm. Oňa birmahallar gök gözli, saryýagyzdan görmegeý zenan bolupdy diýseň, kim ynanar?! Oýunjak dükanlarynda satylýan gurjaklaryňky ýaly ne gyla, ne-de ota meňzeýän, guraksy, solakdan tutuk saçy degseň şagyrdaberjek ýalydy. Gözleri çap-çaldy, şekere

Halit Refik Karaý – Gözýaş Giňişleýin oka »

Scroll to Top