ÝIGRIMINJI BAPDA

Ejemiň gün suratly nan bişirip, ellerine güller bitişi, menip ýedigeni tapjak bolup, Nataşanyň saçy bilen asmana çykyşym, Wellegiň boýur-boýur ýaş döküp, Annagyň “ak guwuň” yzynda arman çekişi.

 

Kolhozyň myhmanhanasynda bolýan adamlaryň nanyny ejem bişirýärdi.Men her gezek ejemiň ejemiň bişiren nanlaryny myhmanlara eltenimde olar “Seniň ejeňiň ,gör,nähili tagamly eli bar.Onuň nanyny iýip doýup bolanok,ellerine güller bitsin!”diýýärdiler.Bu sözler meniň göwnümi ganat bekleýärdi.Ylgap gelerdim-de,myhmanlaryň aýdanlaryny ejeme aýdardym.Ejem bolsa ”Guşgursak bugdaýyň bereketi egsilmesin!Nan bişirmek meniň bilen”diýip,açyk göwünden ýylgyrýardy.

Bu günem ejem nan bişirdi.Ol ullakan hamyrçanaga münderlenen Gün nurly tegelek-tegelek nanlary goltuklap gapydan girende,Annak ikimiz sapaklarymyza taýýarlanyp otyrdyk.Ejem tamdyryň howruna gyzaran ýüzüni ýeňligi bilen ýelpeşdirdi-de,bir nanyň arkasyny gazaşdyryp,Annak ikimize:

– Alyň,ogullarym,iýiň!-diýdi.Biz mele-myssyk nandan gyzgyndan ýaňa howur berip durandygyna garamazdan,üfleşdirip-üfleşdirip,kümşüldemäge oturdyk.Ejem nanlarynyň arkasyny gazaşdyryp bolansoň,olaryň iki sanysyny täzeje kelegaý ýaglyga düwdi:

– Myhmanhanada Aşgabtdan gelen bir okuwçy gyz ýaşaýar.Şuny şoňa eltip beriň,köşekler.

Men ýaglyga düwülgi nany goltugyma gysyp,Annaga “Ýör”diýdim.Annak ýaltalyk bilen ýerinden gopup,yzyma düşdi.Biz myhmanhana girip,aňrybaşky jaýyň ýarym açyk gapysyny kakdyk.Içerden “Da!”diýlen mylaýym ses çykdy.Men gapyny çekdim.Ikimizem boýnumyzy süýndüripiçerik äňetdik.Stoluň başynda keltejik mawy reňk jüm-jüme köýnekli,ýüpek ýaly sary saçlary sagrysyna seçelenip ýatan rus gyzy atanakly galam bilen ak kagyzyň ýüzüne nämedir bir zatlar çyzyşdyryp otyrdy.Biz bosagadan ätlämänkäk,ol bärsine bakdy.Biziň ikimizem birden “Ydrasdy”diýdik.Ol owadan mawy gözlerine gelşik berip duran ýaý şekilli inçejik mele gaşlaryny giňden gerip,enaýy ýylgyrdy.

– Salam,salam,geliň,giriberiň.-Biz onuň türkmençäni arassa gepleýşine aňk bolaýdyk.Ol biziň geňlänimizi aňyp-Meniň bilen arkaýyn türkmençe gepleşiberiň.Meniň çagalygym siziň ýaly gara gözleriň arasynda geçdi –diýdi.Ol çalasynlyk bilen stoluň üstündäki kagyzdyr galamlaryny aýryşdyrdy.-Hany, geçseňiz-le,alynmadyk myhman ýaly bolşup durmaň-da.

Biz çalasynlyk bilen stoluň gapdalyndaky oturgyçlarda oturdyk.Ol hem elektrik çäýneginde çaý oturdyp, biziň ýanymyza geçdi.Men ýaglygy düwülgi nany oňa uzatdym:

– Ejem size iberdi.

-Maňa?! – Nanyň daşyndaky ýaglygy aýranda,gyzyň ullakan owadan gözleri begenç nury bilen tegelendi.

– Örän ýakymly ysy bar-diýip,gyz nanyň birini eline alyp,ony gaýta-gaýta ysgaşdyrdy.Şoň şadyýan gözleri bilen maňa nazar saldy.-Sen myhmanhana üçin nahar bişirýän daýzaň oglumy?

– Hawa-diýip,men howum basylansoň,ysgynsyzja gepledim.

– Adyň näme?

– Onuň ad-a Meleje- diýip,Annak men agzymy açyp-açmankam,jogap berdi.

– A seniň adyň näme?-Gyz owadan mawy gözlerini Annaga aýlady.

– Meňmi?-diýip,Annak ýyrş etdi.-Meniň adym Annak.Kakam-a Annakgulam diýýär.

Gyz myssa ýylgyrdy-da:

– Geliň,onda tanyş bolalyň.Meniň adym Nataşa –diýip,ýerinden turdy.Ol ýumurtga ýaly akja elini Annaga uzatdy,soňam maňa.Men onuň elini gysanymda,aýamda birhili garynja ýörän ýaly boldy.Ziňkildäp gitdim.Nataşa bu ýagdaýy duýmadyk ýaly şol bir göwnaçyklygy bilen sorady.-Näçenji klasda okaýaňyz?

– Ikimizem ýedinjide okaýas-diýip,Annak Nataşanyň özüne sowal berdi.-Sen haýsy klasda okaýaň?

– Men mekdepde okamok,gidrotehnikumda okaýan.Özümem siziň kolhozyňyza praktika geçmäge geldim.

Men aşaklyk bilen Nataşany synladym.Onuň boýy bizden biraz uzynrak diýäýmeseň,ýaşy gaty bir ula meňzänokdy.Nataşa meniň synlaýanymy bildi-de ýylgyrdy.Men utanjymdan ýene ýüzümi aşak salladym.

Toga goýlan çaý lakyrdap gaýnady.Nataşa böwri gülli,ýumruk ýalyjak,gülli çäýnegi demläp,biziň öňümizde goýdy.Onuň gapdalynda hem içi süýjüli süýjüden goýdy.Men utanamsoň,süýjülere känbir batyrynybermedim.Annak bolsa kaýyrdadyp otyr,Nataşa meniň gultunyp oturanymy görüp:

– Al,iýiber,utanma-diýdi.Ol daşy owadan kagyzly şokolady maňa uzatdy.Men çekinjeňlik bilen aldym.-Ýeri, siz orta mekdebi gutaranyňyzdan soň haýsy okuwa gitjek?Kim bolmakçy?-diýip,Nataşa bize mähirli nazaryny aýlady,özi hem bir tegelek nanyň gyrasyndan el ýalyny döwüp alyp,işdämen iýmäge başlady.

– Meniň-ä üç okuwa dagy gidesim gelýär-diýip,Annak şokoladlaryň içinden şykyrdawuk kagyzlysyny saýlap aldy.Nataşa maňlaýyna düşen saçlaryny barmaklary bilen bir gapdala aýlap,hünji kimin dişlerini güjeňläp ýylgyrdy:

– Be,sen beýle köpden tutupsyň-la,Annak!Olar haýsylar?

Annak barmaklaryny büküşdirip,gitjek okuwlaryny sanaşdyrdy:

– Birinjiden,şopurçylyga,ikinjiden,mal dugtorçylyga ,üçünjiden bolsa magazinçilige.

– Baý-ba,öz-ä hersi bir ugur eken welin,ýöne,Annak ,sen, olaryň üçüsinem başararsyň.Men-ä ynanýan.

– E,Annak,sen dördünjini ýatdan çykardyň-diýip,men gürrüňe goşuldym.

– Dördünji haýsy bolýarmyş-aý?-diýip,Annak böwrüne diň salyp diňşirgendi.

– Bilmediksirän bolmasana,hany şahyram boljak diýeňokdyňmy?

– Häý,olmy?Aý, o hiç-laý-diýip,Annak süýjidanan täze alan şokoladynyň kagyzyny aýyryşdyrdy.-Şahyrçylygy okamak nämä gerek.Kelläňde şygyrdy bolsa,ony islän käriň gapdalyndan ýöretse bolýar,dost jan.

– Annak ,seň şahyrçylykdanam başyň çykýarmy?-diýip,Nataşa nan iýmesini goýup gyzyklandy.

– A kak že-diýip,Annak bälçiklige saldy.

– Onda-da Annak ýöne-möne şahyr bolman, “hakdan içen şahyr”.Duran ýerinde goşgy goşýar-diýip,az-owlaak ýaňsy bilen men onuň öwgüsini ýetirdim.

– Şeýle diýsene-diýip,Nataşa haýran galyp,Annagy gaýtadan boýdan-başa bir synlady.-Annak sen häzirem goşgy düzüp bilermiň?

– A kak že.

Bilesigeljilikden Nataşa owsunyp-owsunyp Annaga tarap süýşdi.

– Hany,onda,häzir bir goşgujyk düzsene,Annak!

– Düz diýseň,düzäýmeli bor-da,Nataşa-diýip,Annak ýerinden turup,yzyraga çekilip durdy.Gözlerini ýumup,barmagyny çekgesine çalaja dürtüp,dodaklaryny gymyldadyp,içinden pyşyr-pyşyr edip,birdenem gözlerini ýalpa açyp:

– “Gazanda”bişdi.Gulak sal,Nataşa!-diýdi.

Obamyza geldiň myhman,

Süýji seçdiň hiç gysganman,

Annak şahyr goşgy goşar,

Hiç ýaýdanman,hiç ýaýdanman.

– Baý-bow,sen-ä meniň tarypymy ýetirip bildiň.Sagja bol,Annak şahyr-diýip,Nataşa begenjine elini çarpdy,süýjüdandaky şokoladlaryň birini Annaga uzatdy-Ynha,häzirlikçe sylagyň.

Annak şokolady alyp:

– Minnetdar!diýdi.

– Hany,Meleje,senem haýsy okuwa gitjegiňi aýt-da!-diýip,Nataşa maňlaýyna düşen alyn saçlaryny yzyna gaýtaryp,meniň ýüzüme bakdy.

– Menmi?Aý…diýip,men iki egnimi gysdym.Bilmedim.

– Melejäniň özi bilmese-de,men onuň kim boljagyny bilýän,diýip Annak ýene”geçiniň öň aýagy”ýaly boldy.

– Ýer,ol kim boljakmyş?-diýip,Nataşa sorady.

– Ol hemişe Dürje enesiniň deýmurçysy bolar.-Men Annagyň böwrüne hymsyklap goýberdim.-Wäk-how,böwrümi ýarýaň-la.Eýsem näme ýalanmy?

– Melejäniň Dürje enesi kim?-diýip,Nataşa sorady.

– Aý,ol “Böwenjik”ertekidäki ýaly kempir-dä.Bu gün-erte ony özüňem tanarsyň,Nataşa!-diýip,Annak gülüşdirip,Dürje enemiz hakda köp zatlary aýdyp,onuň gulagyny şyňlatdy.Biz başga-da ondan-mundan gürrüň edişip,köp oturdyk.Gaýtjak bolanymyzda,Nataşa:”Hany,ýene bir sellemjik oturyň.Meniňem ýeke özümiň içim gysar”diýip,bizi goýbermejek boldy.Emma biz mundan artyk eglensek ideleris öýdüp,ýerimizden turduk.

Nataşa nan getiren ýaglygyma dürli süýjilersen salyp düwdi-de:

– Ejeňe iberen nanlary üçin ullakan sag bolsun aýt,Meleje!-diýip,ony maňa uzatdy.

Men “Süýjüleriň gerek däl.Özümizde-de kän”diýip,ýaglygy çözjek boldum.Nataşa goşarymdan şapba tutdy.Goşarym garynja ýörän ýaly jybyr-jybyr etdi,maňlaýym derçigen ýaly boldy.

– Äkitmeseň,gaty görerin,oglan.

Men süýjüli düwünçegi elimde sallap,Annaga-da garaşman,dazlap,daş çykdym.Garaňky gatlyşyp gidipdir.Salkynlan howa ýüzümi ýelpäp goýberdi.Myhmanhanadan daşlaşmankam,Annak haşlap yzymdan ýetdi.

Nataşa ertir karta çyzmaga gideliň diýdi.Gidermiň?Özem ertir dynç-alyş güni-Meniň iki gözüm goşarymda,onuň jabyr-jybyr gyjyklamasy ýüregime düşüp barýar,hut garynjalar goşarymyň daşynda aýlanyp ýören ýaly-da.

– Göreris-dä.

– Ertir biziň bilen gitjekmi,gitjek däl?-diýip,Annak öýleriniň gabadyna gelenimizde menden anyk jogaba garaşdy.

– Gidäýerin.

– Onda irden Nataşanyň ýanyna gelginiň.Menem bararyn.Bolýarmy?

– Bolýar.

Ejem daşarda ýerimi salyp goýupdyr.Çaý-çörek bilen kän serim bolmansoň ýerime girdim.Arkan düşüp ýatyryn.Ýyldyzlar owadan jähek ýaly ýylpyldaşyp dur.Men arkan ýatyşyma Ýedigeni tapjak bolýaryn.Ynha birdenem şol sanýetmez ýyldyzlaryň arasynda sary saçly,dolmuş ak alkymly Nataşa maňa tarap ýylgyryp seredýär.Men gözümi pugta ýumýaryn.Gulagymyň agzynda Nataşanyň mylaýym gülküsi eşidilmäge başlaýar.Men gulakalrymy barmaklarym bilen dykyp,kellämi ýassygymyň aşagyna sokýaryn.Indi bolsa goşarym garynja ýörän ýaly,jybyr-jybyr edýär.Men goşarymy gaýta-gaýta silkeleşdirip,elim bilen kakyşdyrdym.Beýle gapdalymda tirsekläp, çaý içip ýatan kakam hüňürdedi:

– Näme-ow, siňeklän güjük ýaly kakynyp ýatyrsyň?

– Aý,hiç-le…

Men eýläme öwrülip ýatdym.Hellewleşip oturan tallaryň aňyrsyndan ýalpyldap,Aý dogdy.Ol ejemiň bişirýän nany ýaly nuranady.Onuň kümüş şöhleleri meniň gözümi gamaşdyrdy.Gözümi ýumdum.Ýene gözümi açjak boldum.Emma uky bürüp,kirpiklerimi biri-birinden aýrasym gelmedi.Şeýdip,näçe wagt ýatanymy bilemok,bir ýerden-ä Nataşanyň mylaýym sesi gulagyma geldi.

– Meleje,aý Meleje!-Men töweregime seredişdirdim.Emma Nataşa gözüm düşmedi.-Men bärde,Meleje,bärde.-Ses dik depämden çykdy.Ýokaryma seretdim.Holha,Nataşa Aýyň üstünde ýylgyryp otyr.Onuň saçy şeýlebir uzalypdyr welin,ýere süýrelip ýatyr.Nataşa maňa:-Gel ,bärik Meleje!-diýip,elini bulady.Men:

– Nädip baraýyn?-diýdim,Nataşa:

– Saçymdan ýapyş-da,geliber-diýdi.Men Nataşanyň saçyndan tutup,ýokaryk çykmaga başladym.Ýüpek ýaly owadan saçlar töwerege ýalkym saçyp durdy.Men Nataşanyň ýanyna golaýladym.Oňa elimi uzatsam ýetjekdi.Emma saç elimiň içinden taýdy-da,güwläp aşak gaýtdym.”ÝA suw,ýa saman”diýip,sanap gelşime:

– Nataşa!-diýip,gygyrýan.-Nataşa!…

Nataşanyň mylaýym gülküsi gulagyma degen ýaly boldy.

– Men ýanyňda,Meleje tur.

– Pahaý, zalywat,düýş görüp ýatan oguşýa.

Bu Annagyň sesidi.Ýalpa gözümi açdym.Gapdalymda Nataşa bilen Annak gülşüp otyrlar.Gün bolsa al-asmana galyp gidipdir.Men ýorganmy üstümden serpip dikeldim.

– Köp ýatýaň weli,düýn gaty ýadaýypsyň öýdýän,Meleje – diýip,Nataşa maňlaýyyna düşen zülplerini yzyna gaýtardy.-Biz saňa myhmanhanada köp garaşdyk,soňam öýüňizde.Oňat ukyňy al diýibem,ejeň bilen birsellem hümürdeşip oturdyk.

– Gyş ukysyna giden aýy ýaly,ýatyp-ýatyp,Nataşanam işinden gijä galdyrdyň-diýip,Annak hoňňul-hoňňul etdi.Men gapyda duran kündükden çalak-çulak ýüzümi suwup,içerdäki saçakdan el ýaly nany alyp,jübüme saldym.

– Men-ä taýyn.

– Sen näme,ertirlik edinjek dälmi?-diýip,Nataşa sorady.-Biz saňa garaşýarys.

– Ýok,gideliň-le.Şu wagt işdäm hiç zat alanok.

– Gel,oglan,gaýmaklyja süýt goýdum.Iç-de gidäý-diýip,ejem çagyrdy.

– Juk,häzir işdäm ýok.

– Bolýar-da,mende iýer-içer ýaly zat köp.Baryp garbanar-da-diýip,Nataşa tamyň gapdalyndaky ýer ölçeýän gurallaryny göterdi.Annak ikimizem şol gurallardan aldyk.

Biz obadan çykyp,ilerligine tutdurdyk.Eýýämden yssy düşüpdi.Guşluga galan Gün depäňi jokradýardy.Nataşa kellesine ullakan sypal şlýapasyny geýdi,gözüne-de gara äýnegini dakyndy:

– Bilýäňizmi,näme oglanlar!Maňa ýeriň gurluşyny çyzmaklygy tabşyrdylar.Bu meniň praktika işim.Eliňiz boş wagty maňa kömekleşip bilermisiňiz?

– Kömekleşeris-diýip,biz begençli seslendik

Biz bir ýany beýik alaň bolup ýatan,bir ýanam çerkez-çetiler bilen örtülen giň seleň meýdana çykdyk.Nataşa töweregine ser salyp:

– Ynha,şu ýerde işläris-diýdi.Ol kiçijik garaja çemedanyndan dürbüli apparatyny çykardy.Ony uzyn agaç aýajyklara mündürip,dürbi bilen töwerege syn etdi.Annak:

– Nataşa,biziňem işimiz dürbi bilen görmekmi?-diýip,sorady.

– Ýok,siziň işiňiz,hol ýatan uzyn agaç metrlikleri diýen ýerimde tutup durmak.Meniň siziň tutan metrlikleriňize dürbi bilen seredip,aralyklary ölçärin-diýip,Nataşa Annaga ýüzlendi-Annak şahyr,sen hol, depejigi görýärmiň?

– Görýän.

– Görýän bolsaň,sen metrlikleriň birini al-da,şol depäniň üstünde maňa garaşyp dur.Elimi salgap nirä süýş diýsem,süýşersiň.

– Ojagaz işiň meniň ýanymda daşdyr,Nataşa.Annak nomerlenen metrliklerden birini alyp,salgy berlen depejigine ugardy.Nataşa maňa:

– Meleje,senem hol köne haraba jaýy görýärmiň?-diýdi.Onuň haraba jaý diýýäni hol günorta tarapda çala salgym bolup görünýärdi.Men:

– Görýän-diýdim.

– Görýän bolsaň,senem metrligi şol jaýyň bäri düýbünde maňa tarap tutup durarsyň.Hoşmy?

– Hoş.

Men metrligi alyp,diýlen ýere ugrajak boldum.Nataşa meni saklady:

– Sen garbak-gurbak edin.Onsoň gidiber.Onýança men Annaga çenli aralygy ölçärin.

– Men ajygamog-a.

– Ajykýanyňy-ajykmaýanyňy gowy bilýän.Hany,gel,otur.

Ol brezent haltasyndan iýer-içer ýaly dürli-dümen zat çykardy.Meniň agzym suwaryp gitdi. Utanjaňlygymy ýatdan çykaryp,saçak başynda işdämen oturdym.Ara uzak bolansoň,Annak henizem gidip barýardy.Ol depejigiň üstüne baryp duransoň,Nataşa oňa dürbüsini tutdy.Depderçesini açyp,birzatlar belleşdirmäge başlady.

Men mazaly naharlanamsoň, saçagy ýygnaşdyryp,ýerimden turdum.Nataşa öz işine gümra bolup durşuna:

– Meleje,hany ertir irden gören düýşüňi aýdyp bersene.Meniň adymy tutubam-a gygyrdyň-diýdi.Meniň ýüzüm çapady ýaly gyzardy.

– Ýer,ýeri utanmasana,aýdyp beräýsene.

Men gören düýşümi bolşy-bolşy ýaly Nataşa gürrüň berdim.Ol ýylgyryp,owadan mawy gözlerini mneiň ýüzüme birhili synlaýjylyk nazar bilen dikdi:

– Oňat düýş görüpsiň,Meleje.Ýöne seniň meniň ýanyma ýetibilmän, eliň typyp gaýdybermegiň birtüýsliräk.Zeleli ýok,wagty gelende ýetersiň-dä.

Men:

– Onuň wagty haçan?-diýenimi duýman galdym.Nataşa mylaýym sesi bilen enaýy güldi:

– Haçanda men Aýa çykanymda.

Men onuň çyny bilen aýdanynam,ýöne oýun edip aýdanynam bilmän,agaç metrligi alyp,haraba jaýa tarap ýöredim.

Şol günden başlap,Annak ikimiz okuwy gutaryp,öý işlerimizden elimiz sypyndygy Nataşanyň ýanynda häzir bolýardyk.Onuň işlerine kömekleşýärdik.

Dura-bara men hem Nataşa bilen öwrenişdim.Indi men hem Annak ýaly arkaýyn onuň bilen degşip-gülüşýärdim.Gyzyň açykgöwünliligi,alçaklygy meniň hoşuma gelýärdi.Ýöne Wellek meniň böwrümde sanjak bolup döredi.Näme üçindigini anyk aýdyp biljek däl,men Wellekden nataşany gabanýardym. Bardy-geldi onuň ýeke özüni dagy Nataşaň ýanynda dagy, görsem ölüp-öçüp barýardym.Nataşa bolsa meniň kalbymda turýan harasady aňanokdy.Onuň Wellege-de bolşy,bize bolşy ýalydy.Bir gezek Wellek öýlerinde palaw etdirip,Annak ikimizden gizlin Nataşa eltip beripdir.Muny Nataşa Annak ikimize gürrüň berende,men bir erbet boldum.Meniň Wellekden kem galasym gelmedi.Şol günüň ertesi ejeme “Nataşa palaw iýesim gelýär.Gaýrat edip palaw bişirip bersin diýýär”diýdim-de,ýörite palaw taýýarlatdym.Ejem ony biçak tagamly bişiripdir.Men palawy Nataşa eltip berenim-de,ol güldi-de:

– Be,Wellek ikiňiziň bolşuňyz nähil-ä.Meni,näme,palawdan aşa saljak bolýaňyzmy?Asla siz meniň üçin zady alada etmäň.Meniň iýere-içere zadym ýeterlik.

Bir gün Annak meýdana kakasyna ýandak çapyşmaga gitdi-de,Wellek bize kömekleşmeli boldy.Men “Seniň işiň ýok.Nataşa ýeke özüm hem kömek edip bilýärin”diýip,ony ýanymyz bilen näçe alyp gitmejek bolsam-da,Nataşa”Wellegiň hem bize zyýany degmez”diýip,ony goýmady.

Şol gün güýz aýydygyna garamazdan,howa otly tamdyra öwrüldi.Agzymyz kepäp duransoň,zol suw içdik durduk.Günortana golaý gaty suwsadyk.Dodaklaarymyz gatan kendirige döndi.Içäýeli diýsek,çadyrymyzyň içindäki suwymyz gyzgyn epgege gan ýaly ýylapdyr.Nataşa bize:

– Oglanlar,ýörüň,bileje,ýaba suwa gireliň-le-diýdi.Ýap bu ýerden uzakdy.Emma men häzir sowujak suw üçin nirä gitmelem bolsam taýyndym.

– Gideliň,Nataşa!-diýip,suw gaby elime aldym.

Ýaba ýetýänçäk,suwsuzlykdan ýaňa halys surnukdyk.Towlanyp akyp ýatan suwa gözümiz düşensoň,ýabyň gyrasyna ylgap bardyk-da,teşnelik bilen eňegimizi basdyk.

– Bessir,garnyňyz çişer az-azdan içiň –diýip,Nataşa bize duýduryş berdi.Ýogsam Wellek ikimiz entegem eňegimizi suwdan aýyrjak däldik.Elimizi,ýüzümizi,aýagymyzy ýuwduk.Ýadawlygymyz aýrylan ýaly bolaýdy.Nataşa ýerinden turup,keýik kimin gerindi,owadan gözlerini suwdan aýyrman.-Suwa çümüp çykalyň-la – diýdi.

Meniň näme üçindir ýüregim gürsüldäp gitdi.

– Aý,gaýdalyň-la-diýenimde,sesim sandyrawuk çykdy.

Wellek welin:

– Eý,geliň,şeýdeliň-le-diýip,hasyr-husyr köýnek-balagyny sypyryp,taşlady-da,suwly ýaba özüni urdy.

– Sen näme dursuň?Suwa düşseň, hezil edinersiň.Hany bol,eşikleriňi çykar, oglan!-Nataşa köýnegini ýokary çekip,çykarynmaga başlady.Meniň tutuş endam-janym lapylap gyzyp gitdi,gulagym şyňlady,ýüreklerimiň gürsüldisi öňküden hem beter artdy.Nataşany görmejek bolup,aňryma öwrüldim.Ol egnindäki ýukajyk köýnegini çykaryp,meniň ýanyma geldi.Men saňňyldap başladym.Nataşa seretmejek bolup,ýüzümi aşak saldym-da pugta gözlerimi ýumdum – Bolsana,oglan,akaryn öýdýärmiň. Gorksaň, gyrasyna  düşäý.Ýanyňda Wellek ikimiz bar ahyryn.

Ol köýnegime ýapyşdy.Men bir gapdala böküp düşdüm-de,yzymdan ýagy kowalaýan ýaly bolup, ylgamaga başladym.

– Sen nirä,Meleje?Düşesiň gelmese, gel,ýanymyzda duruber – diýip,Nataşa yzymdan gygyrdy.Men ylgawymy ýazdyrman göni çadyrymyza geldim.Ortarada göni süýnüp ýatdym.Ýüregim gürs-gürs edip, agzymdan çykaýjak bolýar.”Men näme üçin gaýtdymkam?”Utandym.”Indi Nataşa näme jogap bererkäm?”.Meniň çatmada oturyp-turup kararym ýetmedi.Bir daş çykdym,bir içeri girdim.Nataşa dagy bolsa,geler ýerde gelenokdy.Meniň barha dünýäm daralýardy.Wellege bolan gaharym,ýigrenjim içime ot berýärdi.Ahyry serimsiz bolup durşuma ýola düşdüm.Ýoly ýarpylaberenimde,Nataşa bilen Wellek öňümden çykdy.Gaçyp gaýdanym üçin,Nataşa maňa gaharlanar öýtdüm.Emma onuň bolşy hemişekisi ýalydy:şadyýandy,mylakatlydy.

– Näme,oglana,gaçyp gaýtdyň-a?

Dilime gelen hem şu boldy:

– Ajykdym.

– Sen-ä gaty ajygan wagtyň göni saçak başyna ylgap gaýdaýýan ekeniň-ow.

Nataşa güldi.Hikir-hikir edip,Wellek hem onuň gülküsine goşuldy.

– Eý,Meleje,sen Nataşa ikimize zat goýman,saçagy göle ýapan ýaly eden bolaýma?

Men ýumrugymy düwüp,Wellege alaryldym.Emma Nataşadan ejap edemsoň oňa agramly söz diýipdurmadym,dilimi dişledim.

Çatmamyza gelenimizden soňra,kiçijik klýonka-saçagymyzy orta ýazdyk-da,onuň üstüne odur-budur çykaryşdyryp,garbanmaga oturdyk.Aňrym ýalmanyp dursa-da,”Ýaňy siziň ýanyňyzdan gaýdanymda iýdim”diýen sözümi subut etmek üçin,men saçakdan zatlara kän bir batyrynyp bilmedim.Çaýa güýmenen bolup oturdym.

Nataşanyň keltejik köýnekleri,onuň ap-akja aýaklaryny zol bize güjeňleýän ýalydy.Öň näme üçin şol enaýy aýaklary synlamadymkam.Şu gün welin,ýüzümi her näçe eýläk-beýläk sowan bolsam-da,şolara birdenkä gözümi aýlanymy duýman galýardym.Gyzyň her bir hereketinde etegi ýokarrak çekilip,dyzlaryndan aňyrsyny-da görkezýärdi.Wellek bolsa,aşaklyk bilen ap-akja,dyp-dykyzja, şol owadan aýaklardan nazaryny kän bir aýryp bilenokdy.Etek dyzdan ýokaryk çekilende,onuň gözleri has hem ýitelýärdi.

Nataşa aýaklaryna Wellegiň teşnewi tiňkesini dikýänini aňdy-da,gyzardy,çalaja ýylgyrdy,soňra aýaklarynyň üstüne gazet ýapyp oturdy.

Dem-dynç alyp,çatmadan çykanymzda Wellek meni çete çekdi.Pessaý ses bilen:

– Meleje,sen bir Nataşaň endamyny görsediň.Agzyňy açardyň.Akja ýumurtgaň bardar-aý.Häli suwa düşenimiz-de,ony synlap, hezil edindim – diýip,ýuwnuksyz güldi – Eý,men-ä her gün gaýdyp,onuň bilen bile suwa düşjek.Senem şu günkiň ýaly etme.Bileje suwa düşüp,Nataşanyň akja endamyna tomaşa edeli.Şeýle gerek?

Wellek ýene kilçik gülküsini etdi.Onuň çatmadaky ýaňky bolup oturyşy-da meniň ganymy gyzdyrypdy.Bu bolgusyz gepi bilen ýuwnuksyz gülküsi meniň gaharyma gaýtadan beleň berdi:

– Samsyk!…Utançsyz!…Hany,şu günden şeýläk Nataşaň golaýyna bir bar.Dişiňi owradaýyn.

– Näme gomparylan bolýaň-aý.Nataşa bir özüňkidir öýdýäňmi – diýip,Wellek uruşjak horaz ýaly gabaryldy.

– Samsyk,Nataşa meniňki diýýän barmy saňa.Ýöne sen indi gaýdyp,Nataşaň ýanynda garaňy  görkezmersiň.

– Görkezerin.

– Görkezseň,almytyňy alarsyň.Onsoňam…- Men Wellegiň alkymyna dykylyp bardym-da,dogry onuň bäbeneklerine çiňerildim – eşitmedim diýme,indi Nataşanyň töwereginde kebelekleseň,oňa şol pomidor ogurlanyňy aýdyp,masgara ederin.

– Şeýlemi?

– Şeýle.

Wellegiň ýüzüne kölege çaýyldy.Gabaklary aşak sallandy.

– Sen durmuşda ýalňyşman öýdýäňmi!…Şugul…

Ol başyny galdyrman ýanymdan gitdi.

Meniň Wellek bilen şol tersleşigim onuň öňüne böwet boldy.Şol günden soň.ol gaýdyp Nataşanyň ýanynda gara bermedi.Okuwda-da,ýolda-yzda gabat gelişsek-de  Wellek menden ýüzüni sowdy ýördi . Meniň welin derim giňedi.Çünki men indi Nataşa üçin Wellek tarpyndan arkaýyndym.Ýöne kalbymda dörän bir höwes meni erkime goýanokdy.Wellegiň Nataşa hakda aýdan şol sözleri meniň hiç gulagymdan gidenokdy.Nataşany ýarym-ýalaňaç halda görüp,onuň täsin bedenini synlasym gelýärdi.Emma Nataşa meniň bu niýetimi bilen ýaly ýaba-da gitmedi,suwa-da düşmedi.Hatda dyp-dykyzja aýaklaryna üýtgeşik nazar bilen seredýänimi bilip,jinsi balak geýdi.

Bir gezek men ýüregime daş bagladym-da:

– Nataşa şu gün howa gaty yssy.Men-ä halys  bişdim.Ýörüň,ýaba suwa düşmäge gideliň-le – diýdim. Nataşa geň halda syrly ýylgyrdy-da:

– Ýok – diýip,başyny ýaýkady.Annak bolsa gülüp:

– Meleje,seniň gyzgynyň daşyna depýändir.Şu gün-ä howa diýseň salkyn – diýdi.

Hakykatdan-da,bugün howa öňkülerine garaňda salkyndy.Sözümiň ýerine düşmänine men gynandym.

Höwesim,hyjuwym meni nähilidir bir ýol bilen maksadyma barha iterýärdi.Myhmanhananyň töweregi gür baglykdy.Men ýatar wagtyň öňünçäsi şoňa siňdim-de,Nataşanyň bolýan otagynyň  penjiresiniň gabadynda,alma agajyna bukulyp durdum.Nataşa penjiräniň öňündäki stoluň başynda bir zatlar ýazyp otyrdy.Ol aram-aram durup,baglyga tarap az salym nazar salyp oturýardy-da,ýene ýazmasyny dowam etdirýärdi.Ol haty bilen başagaý bolup kän oturdy.Durup-durup men ýadap gitdim.Ahyry ol ýerinden turdy.Pallady.Gerindi.Altyn saçlaryny barmaklary bilen darady.Penjiräni açdy.Iki goluny döşüne gowşuryp,birsellem güýz gijesini synlap durdy.Nataşa göräýer öýdüp,men aşak oturdym.

Gije gözelliginden lezzet alyp bolansoň,Nataşa penjiräni ýapdy.Birdenem…Men syçyrap ýerimden turdum.Ýüregim böküp-böküp gitdi,onuň sesi gulagyma aýdyň eşidildi.Nähilidir bir güýç meni penjirä tarap çekdi.Iki-üç ädim gadam urdym.Çelpege dönen gözlerim bolsa Nataşany “surata alýardy”.Nataşa bärsine bakyp durşuna,haladynyň bagjygyny çözdi-de,ony egninden sypyryp,krowatyň egnine oklap goýberdi.Onuň simap kimin endamy elektrik çyrasynyň ýagtysyna ajap bir ýagdaýda nurlanyp,otagyň içine täsin bir şöhle çaýan ýaly etdi.Soňra…Nataşa ak goluny arkasyna aýlap,göwüsbendiniň bagjygyny ýazdyrdy.Şol pursat hem göwüsbent aşak sallandy-da,gyzyň ak ter mämeleri ýumarylyp göründi.

Men durşum bilen ojar oduna tutulan ýaly boldum,bütin süňňim lowlap gitdi.Penjirä golaý barmagy ýüregime düwdüm.Şol wagt otagyň çyrasy öçdi.Kimdoir biriniň eli egnime şapylady.

– Nirä?

Ýeňsämde duran Wellek eken.Onuň haçan gelenini duýmandyryn.

– Näme işleýäň bu ýerde?- diýip,azm bilen sorady.

– Hiç…

– Masgara…utançsyz…

– Özüň näme?

Men şu ýerden geçip barýarkam,seni görüp saklandym.

– Çypdyrma.

– Kimiň çypdyrýanyny ertir klasda göreris.Seniň bu masgaraçylygyňy goý,Töremyrat mugallymam, klasdaşlarymyzam bilsin.

Kellämde howsalaly pikirler et salyp başlady.”Munyň baryp hemmelere şaplatjagynyň uj iki däl.Onsoň men näderkäm?Töremyrat mugallymyň,klasdaşlarymyň,esasanam,Nataşanyň gözüne nähili bolup görünerkäm?”

Men eýýäm özümden daşlaşyp barýan Wellegiň yzyndan ýetdim.

– Wellek,dost,beýtmesene.Hol günki üçinem bagyşla.

– Bilmen.

– Birden göresim geldi-de…

Wellek jykyrdap güldi:

– Neressejik… – Wellek saklandy.Eli bilen döşümden itekledi – Gal,yzymdan sümsük it ýaly bolup gelme-de.”Eliň bilen etdiňmi,egniň bilen hem çek”,düşündiň gerek.Bar ýat-da ertirki masgaraçylygyňa taýýarlyk gör.

Wellek ýüregime otlar salyp gitdi.Men hem dehedem-dessemläp öýümize bardym.Emma uzakly gije gözümize uky gelmedi.Ýaňy irkilýärdim welin,penjiräniň aňyrsynda duran ajap sypatly  Nataşa göz öňümde janlanyp,tisginip oýanýardym,birdenem  başymdan injek ertirki gopgun ýadyma düşüp,laňňa ýerimden galýardym.

Ertesi keýpsiz mekdebe bardym.Annak halymdan habar sorady:

– Näme-ow,ýüzüňi bazardan gaýdan öküziň ýüzi ýaly edip otyrsyň?

– Ýaramajak bolýan.

– Ýaramasaň öýüňize gaýt.Töremyrat mugallymdan rugsat alyp bereýinmi?

– Azar bermesene,Annak.Töremyrat mugallymdan rugsat sensizem alaryn.

– Aý,otur onda “derdiňi”çek-de.

Okuw başlandy,bir sagat geçdi,iki sagat geçdi,üç,dört,bäş,sagatlaram tamam boldy,ine soňky sapaga-da, başladyk. Emma Wellek öten agşamky bolan waka hakda dil ýaranokdy.Diňe maňa ýaňsyly ýylgyryp seretmek bilen oňaýýardy.Jaň kakylyp,biz güsürdeşip,klasdan çykyp ugranymyzda,Wellek meni bir çete çykaryp,ýolumdan saklady:

– Ajymy,süýji?

– Ajy.

– Ajy bolsa indiden beýläk iliň aýybyny gözläp ýörme.Irde-giçde seniň özüňdenem aýp tapsa bolar.Öten agşamky hakda menden hiç wagt gep çykmaz.Men namart däldirin.

Mneiň üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldy.Göwrümim giňäp gitdi.Begenjimden Wellegi bagryma basasym geldi.Emma ol derrew okuwçylaryň hümerine girip gitdi.

Annak ikimiz myhmanhananyň duşuna baranymyzda,onuň gapysynda üýşüp duran adamlara gözümiz düşdi.Olaryň ortasynda bolsa Nataşa durdy.Nataşa bizi görüp,bärligine ýüzlendi.Onuň egninde owadan gözleri bilen reňkdeş,dyzyndanam geçibräk duran uzyn mawy köýnegi bardy.Ýöne ýakasy giňdi.Ýaýbaň ýakadan iki göwsüniň arasyndaky joýajygyň ýokary çeti çalaja görnüp durdy.Häzir Nataşany bir görseň-ä, öňki şadyýanlygydy,bir seretseňem onuň ýüz-gözünde gussa duýulýardy.

– Men size garaşyp durdum,oňat geläýdiňiz.Sag boluň,men gidýän.

Meniň üstümden sowuk suw guýlan ýaly boldy.Gagşap gitdim.

– O näme üçin gitjek?

Nataşa inçemik gaşlaryny giň gerip,ýylgyrdy:

– Praktikamy gutardym.Indi okuwa barmaly.

Annak jübüsinden kiçijik aýnasyny çykaryp,onda ýüzüni,saçyny synlady-da:

– Näme üçin gitjegiňi düýn-öňňin aýtmadyň? – diýdi.

– Aý,sizi öňünden gynandyryp durmaýyn diýdim,Annak şahyr.

Töremyrat mugallymyň “Bozdumany”ýanymyza gelip saklandy(Annak ikimiz ony itip ýörmekden dynypdyk.Töremyrat mugallym maşynyny ökde ussalara bejerdipdi,indi “Bozduman”bir kemsiz ýöreýärdi)Nataşa beýlämizdde üýşürilgi duran goş-golamlaryna ýapyşdy.Emma adamlar zatlaryny onuň eline ýetirmän maşyna saldylar.Nataşa hoşlaşmak üçin Annak ikimiziň ýanymyza geldi.

– Bolýar , oglanlar,beren kömekleriňiz üçin sagboluň.Ýüregiňizde besleýän arzuwlaryňyza ýetiň.

Annaga elini uzatdy.Annak onuň elini silkeläp:

– Häk,Nataşa ,men sen hakda poema ýazaýjakdym welin,arman gidäýýäň-dä – diýdi.

Nataşa enaýy sesi bilen assaja güldi:

– Poemany indiki gelenimde ýazaýarsyň,Annak şahyr.

Annagyň ýüzünde şatlyk uçgunlary oýnaklady:

– Sen ýene geljekmi,Nataşa?

Dürje enemiz Nataşadan öňürdip dillendi:

– Seniň soragyň dagy nähil-ä,Annak inerçäm.”At bir basman diýen ýerine müň basar”diýipdirler. Geler,enşalla,geler.Şeýle dälmi,gyzym?

– Gelerin,Dürje ene,hökman gelerin.Siziň “Duzlujaňyz”maňa biçak ýarady – diýip,baş atdy-da,meniň bilen ýüzbe-ýüz boldy.Onuň howurly demi ýüzüme,boýnuma urdy.Men gyzyň uçganaklap duran mawy gözleriniň öňünde nazarymy egläp bilmedim,aşak sowdum.Şonda onuň göwüsleriniň arasyndaky enaýy joýajyga gözüm düşdi.Endamym dyglap gitdi.Nataşa agzyny gulagymyň golaýjygyna getirip ýuwaşja pyşyrdady:

– Men sen hiç wagt unutmaryn,Meleje.Senem meni ýatdan  çykarmagyn,hoşmy?

Ol birden-kä ýaňagymdan çalaja öpdi-de,hyrra yzyna öwrüldi.Çalt-çalt ýöräp,maşynyň ýanyna bardy.Men äme-säme bolup durşuma Nataşanyň öpenn ýaňagyny elim bilen sypaladym.

Maşyn ýola düşdi.Nataşa maşynyň açyk aýnasyndan guwuň ganaty kimin ak goluny bize tarap bulady. Meniň gursagymdan göýä bir zat sogrulyp,maşyn bilen giden ýaly boldy. Maşyn daşlaşdygyça,gursagymdan çykan zat meni özüne dartyp alyp barýardy.Meniň maşynyň yzyndan eňesim geldi.Şol wagt Wellek eli gül desseli bir ýerden ylgap geldi.

– Nataşa eýýäm gitdimi?Men ýaňyja ejemden eşitdim.

– Gynansagam gitdi – diýip,Annak uludan demini aldy-da,ýol bilen tozan turzup barýan “Bozdumana” garap elini salgady – Holha barýar.Wah,arman,praktikasynyň eýýäm gutarşyny diýsene.

Annak aşaky dodagyny dişläp,başyny ýaýkady.Wellek boýurganyp ýola seretdi.Onuň eginleri sallandy . Kem-kemden  gysymy biygtyýar açylyp,dessäniň çomagy bozuldy-da,güller ýekeden-ikiden ýere gaçdy.Birdenem Wellek iki eli bilen ýüzüni tutup,sojamaga başlady.

– Wah-eý,Wellek inerçämiň ýüregi ýuka-da.Goý,aglaama.Nataşa jan,ýene geler.Gynanma,inerçäm – diýip, Dürje enemiziň özü-de gyňajynyň ujuny gözüne ýetirdi.

Men Wellegiň aýaklarynyň golaýjygynda,ýerde dagaşyp ýatan gülleri ýeke-ýekeden çöpläp,ýokary göterdim,ykjamlap olardan öňküsi ýaly desse bogdum.Güller Nataşaň dodagy ýaly gyrmyzydy.Olardan hoşnut ys töwerege  burk urýardy.Men dessäni burnuma tutdum.Gülleriň näzijek ýapraklaryna dodagym degende,çalaja tisgindim.Olaryň ýakymly ysy çökgün göwnümi galkyndyryp goýberdi.

Teswir ýaz

Scroll to Top